Read 2 Şamuwel Chapter 21 Online
Read 2 Şamuwel Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Şamuwel 21
Bap 21
1. Dawudyň döwründe üç ýyla çeken açlyk boldy. Dawut Rebbe ýüzlendi. Reb oňa: «Şawulyň gan dökmegi onuň özüniň we nesliniň boýnunadyr, sebäbi ol gibgonlylary gyrgynçylyga berdi» diýdi.
2. Patyşa gibgonlylary çagyryp, olar bilen gepleşdi. (Gibgonlylar ysraýyllardan däldirler, olar amorlaryň galyndylarydy. Ysraýyllar olara degmejekdiklerine ant içipdiler, ýöne Ysraýyl bilen Ýahuda bolan yhlasy sebäpli, Şawul olary ýok etjek bolýardy).
3. Dawut gibgonlylara: «Men siziň üçin näme edeýin? Rebbiň saýlan halkyna pata bermegiňiz üçin, bu günäden nädip saplanarkam?» diýdi.
4. Olar: «Bize Şawuldan we onuň neslinden altyn ýa kümüş almak ýeterlik däl. Ysraýyldan kimdir birini biziň öldürmäge hakymyz ýok» diýdiler. Dawut olara: «Siz näme isleseňiz, şony-da etjek» diýdi.
5. Olar: «Bizi tutuş Ysraýyldan çykarmak islän we dyr-pytrak eden adamyň neslinden bolan ýedi adamy biziň elimize ber. Biz olary Reb tarapyndan saýlanan Şawulyň Gibga galasynda Rebbiň huzurynda öldürip, Günüň astynda serjek» diýdiler.
6. Patyşa olara: «Bolýar, men olary size bereýin» diýdi.
7. Ýöne Dawut patyşa özüniň Ýonatan bilen Rebbiň öňünde äht edişendigi sebäpli onuň ogly Mepiboşede rehim etdi.
8. Dawut Aýanyň gyzy Rispanyň Şawula dogrup beren iki ogluny: Armony bilen Mepiboşedi, şeýle hem Şawulyň gyzy Merabyň meholaly Barzyllaýyň ogly Adryýele dogrup beren bäş ogluny alyp,
9. olary gibgonlylaryň eline berdi. Gibgonlylar olary dagda Rebbiň huzurynda öldürip, ýeriň ýüzüne serdiler, olaryň ýedisem bilelikde öldi. Bu waka baharda, arpa oragynyň ilkinji günlerinde bolupdy.
10. Aýanyň gyzy Rispa şol ýerdäki gaýanyň ýüzünde bir köne haltany düşendi-de, arpa oragynyň başyndan tä jesetleriň üstüne ýagyş ýagyp başlaýança, ol ýerde oturdy; ol jesetleri gündizine guşlardan, gijesine wagşy haýwanlardan gorady.
11. Aýanyň gyzy, Şawulyň gyrnagy Rispanyň bu eden işini Dawuda habar berdiler.
12. Dawut baryp, Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňküni Gilgatdaky ýabeşlilerden aldy. Piliştliler olary Gilbogada öldürip, Beýtşan meýdançasynda asypdylar. Gilgatdaky ýabeşliler bolsa olary Beýtşan meýdançasyndan ogurlapdylar.
13. Dawut Şawul bilen onuň ogly Ýonatanyň süňklerini ol ýerden getirtdi. Öldürilip, ýeriň ýüzüne serlenleriň hem süňklerini topladylar.
14. Dawudyň adamlary Şawul bilen Ýonatanyň süňklerini Benýamin topragynda – Selada, Şawulyň kakasy Kişiň gubry goýlan gümmezde jaýladylar. Olar patyşanyň ähli tabşyrygyny ýerine ýetirdiler. Şondan soň Hudaý ýurt üçin edilýän dilegleri kabul etdi.
15. Piliştliler Ysraýylyň garşysyna ýene urşa başladylar. Dawut öz esgerleri bilen urşa çykyp, piliştliler bilen uruşdy we halys ysgyndan gaçdy.
16. Piliştlileriň iri nesillerinden Ýişbibenop diýen bir adam bolup, ol agramy sekiz ýüz mysgal bolan bürünç naýza, biline täze gylyç dakynandy. Ol Dawudy öldürmegi ýüregine düwdi.
17. Emma Seruýanyň ogly Abyşaý oňa kömege ýetişdi we piliştli bilen urşup, ony öldürdi. Şondan soň Dawudyň adamlary: «Indi sen biziň bilen bile söweşe çykma, goý, Ysraýylyň çyrasy sönmesin» diýip, oňa kasam etdiler.
18. Şundan soň ysraýyllar bilen piliştliler Gopda söweşe başladylar. Şonda huşaly Sibekaý iri adamlaryň neslinden bolan Sap diýen birini öldürdi.
19. Soňra olar piliştliler bilen Gopda ýene çaknyşdylar. Şonda beýtullahamly Ýagyryň ogly Elhanan gatly Jaludy öldürdi. Jaludyň naýzasynyň sapy pürs ýalydy.
20. Gat galasynda ýene uruş boldy. Ol ýerde ýene piliştlileriň iri neslinden, elleri we aýaklary alty-altydan ýigrimi dört barmakly şilliň uzyn biri bardy.
21. Ysraýyla sögendigi üçin Dawudyň dogany Şimganyň ogly Ýonatan ony öldürdi.
22. Bularyň dördüsi-de Gat galasynyň iri nesillerindendiler. Olar Dawudyň hem-de onuň esgerleriniň elinden öldüler.
About 2 Şamuwel Chapter 21
Read 2 Şamuwel Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Şamuwel
Chapter: 21
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Şamuwel Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Şamuwel Chapter 21?
2 Şamuwel Chapter 21 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-şamuwel
- 2 Şamuwel Chapter 19
- 2 Şamuwel Chapter 15
- 2 Şamuwel Chapter 4
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 2 Şamuwel Chapter 16
- 2 Şamuwel Chapter 14
- 2 Şamuwel Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
- Ester Chapter 5
- 1 Şamuwel Chapter 26
- Gelip çykyş Chapter 43
- Zebur Chapter 82
- Çölde Chapter 7
- Işaýa Chapter 10