Read Zakarýa Chapter 7 Online
Read Zakarýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zakarýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zakarýa 7
Bap 7
1. Darýuşyň şalygynyň dördünji ýylynyň dokuzynjy aýynyň, ýagny Kislew aýynyň dördüne Zakarýa Rebbiň sözi gelipdi.
2. Beýteliň halky bolsa Rebbe ýalbarmak üçin, Sareseri we Regemmelegi adamlary bilen bile iberipdi.
3. Şeýle hem olar Hökmürowan Rebbiň ybadathanasyndaky ruhanylarydyr pygamberlerinden: «Ýyllar boýy edişimiz ýaly, bäşinji aýda agyz bekläp aglalymy?» diýip soramalydylar.
4. Şonda Hökmürowan Reb maňa şeýle diýdi:
5. «Ýurduň ähli halkyna hem-de ruhanylaryna aýt: „Ýetmiş ýyllap bäşinji hem ýedinji aýlarda ýas tutup, agyz bekläniňizde, siz muny Meniň üçin edipmidiňiz?
6. Iýip-içeniňizde, diňe özüňiz üçin iýip-içmeýärsiňizmi?
7. Rebbiň öňki pygamberleriň üsti bilen aýdan sözleri-de şular dälmidi? Şol zamanlar Iýerusalim we onuň daş-töweregindäki galalar heniz ilatlydy, parahatdy. Negep çöli bilen günbatar baýyrlyk-da ilatlydy“».
8. Zakarýa Rebbiň şu sözi geldi:
9. «Hökmürowan Reb şeýle diýdi: „Adalatly höküm çykaryň, biri-biriňizi söýüň we rehim-şepagatly boluň;
10. dul aýala, ýetime, gelmişege ýa-da garyp-gasara sütem etmäň; biri-biriňize garşy pislik etmäň.
11. Ýöne Meniň halkym boýnuýogynlyk edip, bu sözlere gulak asmadylar, eşitmejek bolup gulaklaryny dykdylar.
12. Hökmürowan Rebbiň Öz ruhy arkaly öňki pygamberleriň üsti bilen iberen kanundyr nesihatlaryny eşitmez ýaly, olar doňýürek boldular. Şol sebäpden Hökmürowan Rebbiň olara gaty gahary geldi.
13. Şeýlelikde, Men çagyranymda, olar gulak asmadylar, olar çagyranda Men hem olara jogap bermedim. Muny Hökmürowan Reb diýýär.
14. Şeýdip, Men olary tanamaýan-bilmeýän halklarynyň arasyna harasat bilen dargatdym. Olaryň taşlap giden ýurduny harabaçylyga öwürdim. Ol ýerde janly-jemende galmady; ne gözel ýurt tozap galdy“».
About Zakarýa Chapter 7
Read Zakarýa Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zakarýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zakarýa
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zakarýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zakarýa Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zakarýa Chapter 7?
Zakarýa Chapter 7 is part of the Book of Zakarýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zakarýa Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from zakarýa
- Zakarýa Chapter 6
- Zakarýa Chapter 2
- Zakarýa Chapter 14
- Zakarýa Chapter 12
- Zakarýa Chapter 5
- Zakarýa Chapter 3
- Zakarýa Chapter 9