Müsürden çykyş Chapter 1

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 1 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 1

Bap 1

1. Ine, Ýakubyň Müsüre öz tutuş hojalyklary bilen gelen ogullarynyň atlary:

2. Ruben, Şimgon, Lewi, Ýahuda

3. Ysakar, Zebulun, Benýamin

4. Dan, Naftaly, Gat, Aşer.

5. Ýakubyň ähli nesilleriniň sany jemi ýetmişdi. Ýusup eýýäm Müsürdedi.

6. Wagtyň geçmegi bilen Ýusup we onuň ähli erkek doganlary, şeýle hem, şol döwrüň adamlary dünýäden ötdi.

7. Emma ysraýyl ogullarynyň nesilleriniň tohum-tiji ýaýrap köpeldiler we olaryň sany juda artdy, şoňa görä hem tutuş Müsür olardan doludy.

8. Indi bolsa Müsür tagtyna Ýusup hakynda hiç zat bilmeýän başga bir täze patyşa çykdy.

9. Ol patyşa öz halkyna ýüzlenip: «Serediň, bize görä ysraýyllaryň sany köp we güýçli. Bu biziň üçin howply.

10. Olar mundan artyk köpelmez ýaly, geliň, mekirlik bilen olaryň soňuna çykalyň. Ýogsam, uruş turaýsa, olar duşmanymyzyň tarapyna goşulyp, bize garşy söweşmekleri we biziň ýurdumyzdan çykyp gitmekleri mümkin» diýdi.

11. Şeýlelikde, müsürliler ysraýyllary mejbury işledip, olary ezmek üçin, olaryň üstünden hojaýynlar bellediler. Ysraýyllar fyrown üçin Pitom we Ragmeses diýen galla saklanýan galalary gurdular.

12. Emma müsürliler ysraýyllara näçe zulum etseler-de, olar öňküsinden-de has köpeldiler we olaryň sany juda artdy. Müsürlileriň ysraýyllardan sussy basyldy.

13. Şeýdip, olar ysraýyllary zalymlyk bilen ezip, olary laý we kerpiç ýaly agyr işlerde, her hili meýdan işlerinde işledip, olaryň durmuşyny ajy ýaşaýşa öwürdiler. Ähli agyr işlerde olara rehimsizlik bilen sütem etdiler.

15. Soňra biriniň adyna Şipra, beýlekisiniň adyna Puga diýilýän iki sany ýewreý göbek enelerine Müsür patyşasy şeýle diýdi:

16. «Siz ýewreý aýallaryna göbek enesi bolup hyzmat edýän wagtyňyz, serediň, eger ogul dogursalar, ol bäbegi öldüriň, eger gyz dogursalar, goý, onda ol ýaşabersin».

17. Emma bu göbek eneler Hudaýdan gorkýan aýallar eken, olar Müsür patyşasynyň buýruşy ýaly etmän, gaýtam, erkek doglan çagalary-da diri galdyrypdyrlar.

18. Şonuň üçin hem, Müsür patyşasy şol göbek eneleri ýanyna çagyryp, olardan: «Näme üçin siz beýle etdiňiz, erkek doglan çagalary hem diri galdyrdyňyz?» diýip sorady.

19. Göbek eneler fyrowna: «Sebäbi ýewreý aýallary Müsür aýallary ýaly däl, olar dogumly, olaryň ýanyna göbek ene gelip ýetýänçä, olaryň özleri dograýýarlar» diýdiler.

20. Hudaý hem bu göbek enelere garaşyk etdi, şeýdip, ysraýyl halky has köpeldi, has hem güýçlendi.

21. Göbek eneleriň Hudaýdan gorkýandygy sebäpli, Hudaý olara-da uly maşgala berdi.

22. Soňra fyrown ähli müsürlilere: «Ýewreýlerden doglan her bir ogul bäbegi alyp, Nil derýasyna taşlaň, emma gyz bäbek bolsa, goý, ol ýaşabersin» diýip buýruk berdi. ‎

About Müsürden çykyş Chapter 1

Read Müsürden çykyş Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 1?

Müsürden çykyş Chapter 1 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 22
  2. Müsürden çykyş Chapter 14
  3. Müsürden çykyş Chapter 21
  4. Müsürden çykyş Chapter 40
  5. Müsürden çykyş Chapter 6
  6. Müsürden çykyş Chapter 35
  7. Müsürden çykyş Chapter 27

Related Chapters & Readings

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11
  2. Ýermeýa Chapter 37
  3. Danyýel Chapter 6
  4. 2 Şamuwel Chapter 20
  5. Işaýa Chapter 20
  6. Zebur Chapter 134
  7. Ezekiýel Chapter 34
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *