Read Müsürden çykyş Chapter 7 Online
Read Müsürden çykyş Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Müsürden çykyş 7
Bap 7
1. Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrownyň öňünde Men seni Hudaý ýaly edýärin we doganyň Harun bolsa seniň pygamberiň ýaly bolar.
2. Meniň saňa buýurýan tabşyryklarymyň ählisini sen aýtmalysyň, doganyň Harun bolsa fyrowndan ysraýyllary öz ýurdundan goýbermegini sorar.
3. Emma Men fyrowny doňýürek adam ederin. Hatda Men Müsürde alamatlarymyň we gudratlarymyň sanyny köpeltsem-de,
4. fyrown sizi diňlemez. Şundan soň Men Müsüre göz görkezip, olara agyr jezalar berip, Öz halkym bolan ysraýyllary topar-topar edip, Müsürden alyp çykaryn.
5. Men golumyň güýjüni görkezip, Müsürden ysraýyllary alyp çykanymda, müsürliler Meniň Rebdigime göz ýetirerler».
6. Musa bilen Harun Rebbiň hut özlerine buýruşy ýaly etdiler.
7. Fyrown bilen gepleşen wagtlary Musa segsen, Harun bolsa segsen üç ýaşyndady.
8. Reb Musa bilen Haruna ýüzlenip:
9. «Eger fyrown size „Gudrat görkeziň“ diýse, Musa sen Haruna: „Taýagyňy al-da, fyrownyň öňünde ony ýere taşla“ diý, şonda hasa ýylana öwrüler» diýdi.
10. Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyna bardylar we Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny ýere taşlady, ol ýylana öwrüldi.
11. Fyrown hem öz akyldarlaryny, jadygöýlerini ýygnady. Olar hem özleriniň gizlin syrlary bilen hut şeýle gudraty ýerine ýetirdiler.
12. Olaryň hersi öz hasalaryny ýere taşladylar welin, olar hem ýylana öwrüldiler. Emma Harunyň hasasy olaryň hasalaryny ýuwutdy.
13. Fyrownyň ýüreginiň doňy entek hem çözülenokdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol heniz hem bulara gulak gabartmaýardy.
14. Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrown doňýürek adam, ol halky goýbermekden ýüz öwürýär.
15. Fyrownyň irden derýa suwa düşmäge çykýan wagty, sen onuň ýanyna bar. Oňa duşmak üçin, Nil derýasynyň ýanynda garaş, eliňe ýylana öwrülen hasany hem al.
16. Soňra oňa şeýle diý: „Ýewreýleriň Hudaýy Reb ine şulary aýtmak üçin meni seniň ýanyňa iberdi. Ol saňa: ‘Meniň halkymy goýber, goý, olar çölde Maňa ybadat etsinler’ diýdi. Ine sen bolsa, entek hem muňa boýun bolmadyň.
17. Reb şeýle diýýär: ‘Şu etjek işimi görüp, sen Meniň Rebdigimi bilersiň: Görýäňmi, men şu elimdäki hasa bilen Nil derýasynyň suwuna uran badyma, suw gana öwrüler.
18. Nildäki balyklar öler we derýa porsar. Müsürliler Niliň suwundan içip bilmezler’“».
19. Reb Musa: «Haruna aýt: „Taýagyny alsyn-da, Müsüriň ähli suwlaryna olaryň derýalaryna, ýaplaryna, howuzlaryna we ähli suw howdanlaryna hasasy bilen urup çyksyn. Müsüriň ähli suwy, hatda çelekdäki we daş küýzelerdäki suwlar hem gana öwrüler“» diýdi.
20. Musa bilen Harun Rebbiň buýruşy ýaly etdiler. Harun fyrownyň we onuň emeldarlarynyň öňünde hasasyny uzadyp, Nil derýasynyň suwuna urdy, Nil derýasynyň tutuş suwy gana öwrüldi.
21. Nildäki balyklar öldi, Nil derýasy porsady. Şeýlelikde, müsürliler Nil derýasyndan suw içip bilmediler, Müsüriň ähli suwy gana boýalypdy.
22. Emma Müsür jadygöýleri hem özleriniň gizlin usullary bilen edil şu gudraty ýerine ýetirdiler. Şeýdip, fyrownyň ýüregi doňlugyna galdy. Rebbiň aýdyşy ýaly, fyrown olary diňlemedi.
23. Fyrown yzyna öwrüldi-de, öz jaýyna girip gitdi, muny ol hatda piňine-de almady.
24. Niliň suwundan içip bilmeýändikleri üçin, ähli müsürliler agyz suw gözläp, Nil derýasynyň boýuny gazdylar.
25. Rebbiň Nil derýasyny şeýle edeninden soň ýedi gün geçipdi.
About Müsürden çykyş Chapter 7
Read Müsürden çykyş Chapter 7 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Müsürden çykyş
Chapter: 7
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Müsürden çykyş Chapter 7 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Müsürden çykyş Chapter 7?
Müsürden çykyş Chapter 7 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 7 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 26
- Zebur Chapter 29
- Zebur Chapter 14
- Zebur Chapter 43
Explore More from müsürden çykyş
- Müsürden çykyş Chapter 26
- Müsürden çykyş Chapter 39
- Müsürden çykyş Chapter 18
- Müsürden çykyş Chapter 21
- Müsürden çykyş Chapter 15
- Müsürden çykyş Chapter 27
- Müsürden çykyş Chapter 12