Read Müsürden çykyş Chapter 24 Online
Read Müsürden çykyş Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Müsürden çykyş 24
Bap 24
1. Soňra Reb Musa: «Sen, Harun, Nadap, Abyhu we Ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy Meniň ýanyma gelip, Maňa uzakdan sežde ediň.
2. Musa, seniň ýeke özüň Meniň golaýyma gel, beýlekiler ýakynlaşmasynlar, hatda halk daga-da aýak basmasyn» diýdi.
3. Musa gelip, Rebbiň ähli sözlerini we ähli hökümlerini halka mälim etdi. Tutuş halk bir agyzdan oňa: «Biz Rebbiň aýdan ähli sözlerini ýerine ýetireris» diýip jogap berdi.
4. Musa Rebbiň ähli sözlerini ýazdy. Ol daň bilen turup, dagyň eteginde gurbanlyk sypasyny ýasady. Ol Ysraýylyň on iki tiresine laýyklykda on iki sany uly daş dikdi.
5. Soňra Musa Rebbe ýakma gurbanlyklar beren we öküzler soýup, salamatlyk gurbanlyklaryny beren ysraýyllaryň ýaş ýigitlerini ugratdy.
6. Musa gurbanlyk ganynyň ýarysyny alyp, legenlere guýdy, ýarysyny bolsa gurbanlyk sypasyna tarap serpdi.
7. Soňra Musa Äht kitabyny eline alyp, ony halka eşitdirip okap berdi. Olar: «Rebbiň aýdanlarynyň ählisini ýerine ýetireris we oňa boýun bolarys» diýdiler.
8. Musa gany alyp, halkyň üstüne serpdi we olara: «Ine, ähli şu sözleriň esasynda, bu Rebbiň siziň bilen eden äht ganydyr» diýdi.
9. Soňra Musa, Harun, Nadap, Abyhu we ysraýylyň ýetmiş sany ýaşulusy daga çykdy.
10. Olar Ysraýylyň Hudaýyny gördüler. Onuň aýaklarynyň astynda edil ýakut daşyndan edilen ýaly meýdança bardy. Ol asman ýaly dup-durudy.
11. Hudaý ysraýyllaryň baştutanlaryna el degirmedi. Olar hem Hudaýy gördüler we iýip-içdiler.
12. Reb Musa: «Meniň ýanyma daga çykyp, ol ýerde garaş. Halka öwretmek üçin, Men saňa ýüzüne kanun we tabşyryklarym ýazylan iki sany ýasy daş bölegini berjek».
13. Şeýlelikde, Musa kömekçisi Ýeşuwa bilen ornundan turdy. Musa Hudaýyň dagyna çykmaga başlady.
14. Ol ýaşululara şeýle diýdi: «Yzymyza gaýdyp gelýänçäk, bize şu ýerde garaşyň. Harun bilen Hur siziň bilen galýar. Kimiň näme işi bolsa, şolara ýüz tutup bilersiňiz».
15. Soňra Musa daga çykdy. Bulut dagy gaplady.
16. Rebbiň şöhraty Sinaý dagyna ornaşdy. Bulut dagy alty günläp örtdi. Ýedinji gün Reb Musany buludyň içinden çagyrdy.
17. Indi Rebbiň şöhratynyň görnüşi ysraýyllaryň gözüne dagyň depesinde lowlap ýanýan ot ýaly bolup göründi.
18. Musa buludyň içine girip, daga çykdy. Musa dagda kyrk gije-gündiz boldy.
About Müsürden çykyş Chapter 24
Read Müsürden çykyş Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Müsürden çykyş
Chapter: 24
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Müsürden çykyş Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Müsürden çykyş Chapter 24?
Müsürden çykyş Chapter 24 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 4
- Zebur Chapter 8
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 26
- Zebur Chapter 3
- Zebur Chapter 28
Explore More from müsürden çykyş
- Müsürden çykyş Chapter 17
- Müsürden çykyş Chapter 8
- Müsürden çykyş Chapter 16
- Müsürden çykyş Chapter 7
- Müsürden çykyş Chapter 35
- Müsürden çykyş Chapter 33
- Müsürden çykyş Chapter 38