Eýýup Chapter 9

For English

Read Eýýup Chapter 9 Online

Read Eýýup Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Eýýup 9

Bap 9

1. Eýýup şeýle jogap berdi:

2. «Dogrusy, munuň şeýledigini men bilýän, Ýöne Hudaýyň öňünde ynsan neneň dogry bolup biler?

3. Hudaý bilen jedelleşmek islän, Onuň müňde bir sowalyna-da jogap berip bilmez.

4. Hudaý paýhaslydyr, gudratlydyr, Onuň garşysyna gidip, Ondan üstün çykan barmydyr?

5. Ol daglary ýerinden süýşürýär, ýöne muny bilmeýärler, Gazabyna daglary ters düňderýär.

6. Ol ýeri sarsdyryp, Onuň sütünlerini titredýär.

7. Ol Güne buýruk berýär – gün dogmaýar, Ýyldyzlary möhürläp, gadagan edýär.

8. Onuň ýeke Özi gögi ýaratdy, Ol deňiz tolkunlarynyň üstünde gezýär.

9. Uly Ýedigeni, Oriony, Ülkeri we günorta ýyldyzlaryny ýaradan Oldur.

10. Akyla sygmajak beýik işleri, Sansyz täsin işleri edýän-de Oldur.

11. Ine, Hudaý gapdalymdan geçýär, emma Ony görmeýärin, Geçip gidýär, ýöne Oňa gözüm düşmeýär.

12. Ol tutup äkidýär – ony saklap biljek barmy? „Edýäniň näme?“ diýip biljek barmy Oňa?

13. Hudaý gazabyndan dönmez, Rahabyň kömekçileri Onuň aýak astyna düşýär.

14. Onsoň men Oňa nädip jogap berip bileýin, Jedelleşmäge sözleri nireden tapaýyn?

15. Bigünä bolsam-da, Oňa jogap berip bilmerin, Hökümdaryma rehim et diýip ýalbararyn.

16. Çagyranymda, maňa jogap berenem bolsa, Onuň meni diňlejekdigine ynam etmeýän.

17. Ol başyma harasat inderýär, Nähak ýere ýaralarymy artdyrýar Ol.

18. Maňa dem almaga salym bermeýär, Ol kalbymy hasratdan doldurýar.

19. Güýç synalsa, elbetde, Ol güýçli çykar! Sorag adalatlylyk hakda bolsa, kim Hudaýa höküm edip biler?

20. Bigünä bolsam-da, öz dilim maňa höküm eder, Akýürekli bolsam-da, ol meni nähak çykarar.

21. Men akýürekli, ýöne parhy ýok maňa, Men öz durmuşymy ýigrenýärin.

22. Barybir, şonuň üçinem „Ol akýüreklini-de, pisi-de ýok edýär“ diýýän.

23. Betbagtçylyk duýdansyz ölüm getirende, Ol bigünäleriň başyndan inen bela gülýär.

24. Dünýä pisleriň eline berlendir, Dünýä häkimleriniň gözlerini baglaýan Oldur. Eger Ol bolmasa, onda kim?

25. Günlerim çapardan çalasyndyr, Ýagşylyk görmezden çalt geçip barýar.

26. Gyzyl gaýygy deýin, Awuna okdurylýan bürgüt deý gaýyp barýar.

27. „Arzymy unudaýyn, Ýüzümi ýagtyldyp, şat bolaýyn“ diýsem,

28. Ähli muşakgatlyklarymdan eýmenýän, Çünki Seniň meni bigünä saýmajagyňy bilýän.

29. Barybir höküm edilerin, Näme üçin ýöne ýere jan edýän?

30. Gar suwuna ýuwnup, Ellerimi aşgar bilen tämizlesem-de,

31. Sen meni laý çukura taşlarsyň, Hatda öz eşiklerime ýigrenji görnerin.

32. Çünki Oňa jogap bererim ýaly, Kaza bile giderimiz ýaly, Ol ynsan däl ahyryn!

33. Wah, ikimizi-de diňläp, Elini üstümize goýar ýaly, Aramyzda bir araçy bolsady!

34. Hasasyny depämden aýyrsady Hudaý, Üstümden howp abandyrmasady!

35. Şonda men gorkman geplärdim, Bu halda welin, hiç zat edip bilmeýärin».

About Eýýup Chapter 9

Read Eýýup Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Eýýup
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Eýýup Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Eýýup Chapter 9?

Eýýup Chapter 9 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Eýýup

  1. Eýýup Chapter 5
  2. Eýýup Chapter 4
  3. Eýýup Chapter 15
  4. Eýýup Chapter 10
  5. Eýýup Chapter 22
  6. Eýýup Chapter 13
  7. Eýýup Chapter 1

Explore More from Köne Äht

  1. Eýýup Chapter 42
  2. Zebur Chapter 32
  3. Ester Chapter 1
  4. Sepanýa Chapter 1
  5. 1 Şamuwel Chapter 9
  6. Işaýa Chapter 44
  7. Hoşeýa Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 7
  2. Müsürden çykyş Chapter 3
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 14
  4. Ýeşuwa Chapter 13
  5. Ýewreýlere haty Chapter 5
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 5
  7. Ýahýa gelen ylham Chapter 3
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *