Read Müsürden çykyş Chapter 38 Online
Read Müsürden çykyş Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Müsürden çykyş 38
Bap 38
1. Besalel akasiýa agajyndan ýakma gurbanlyk sypasyny ýasady. Onuň uzynlygy-da, ini-de bäş tirsek bolup, ol dörtburçdy we onuň beýikligi hem üç tirsek boldy.
2. Gurbanlyk sypasynyň dört burçy-da ýokary çykyp durandy. Besalel olary gurbanlyk sypasy bilen bir bitewi edip, ony tutuşlygyna bürünje gaplady.
3. Ol gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny: kül gaplary, kül atarlary, legenleri, çarşaklary we maňňallary ýasady. Olaryň hemmesini bürünçden ýasady.
4. Gurbanlyk sypasy üçin bürünçden torly gözenek ýasady. Ony gurbanlyk sypasynyň aşaky gurşawynda ýerleşdirdi.
5. Torly gözenegiň dört burçunyň hersine syryklary saklar ýaly halka ýasady.
6. Ol syryklary akasiýa agajyndan ýasap, olary bürünç bilen gaplady.
7. Gurbanlyk sypasyny iki tarapyndan göterip äkider ýaly, syryklary halkalardan geçirdi. Onuň daşyny tagtalardan ýasap, gutusynyň içini boş goýdy.
8. Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesinde hyzmat edýän aýallaryň ýüz görülýän aýnasyndan Besalel bürünçden legen ýasady we onuň durýan aýagyny hem bürünçden etdi.
9. Besalel mukaddes çadyryň haýatyny gurdy. Haýatyň günorta tarapynda ýüz tirsek uzynlykda nepis zygyr matadan perdeler asdy.
10. Perdeler üçin ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak bejerdi. Olary tutuş bürünçden ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden etdi.
11. Demirgazyk tarapy üçin hem şeýle etdi. Onuň boýuna ýüz tirsek uzynlykda perdeler tutdy. Perdeler üçin bürünçden ýigrimi sany sütün we ýigrimi sany aýak ýasady, emma onuň ildirgiçlerini we jäheklerini kümüşden ýasady.
12. Haýatyň günbatar tarapy üçin elli tirsek uzynlykda perdeler tutdy we perdeler üçin on sany sütün we on sany aýak ýasady. Sütünleriň ildirgiçleri we jähekleri kümüşden edilendi.
13. Haýatyň öň tarapy bolan gündogar tarapynyň giňligi elli tirsek boldy.
14. Onuň bir tarapyna uzynlygy on bäş tirsek bolan perdeler tutdy. Olaryň hem üç sütüni we üç aýagy bardy.
15. Beýleki tarapyna hem on bäş tirsek uzynlykda perdeler tutdy, onuň-da üç sütüni we üç aýagy bardy.
16. Haýatyň daş-töweregindäki ähli perdeler nepis zygyr matadan edilendi.
17. Sütünler üçin aýaklar bürünçden edilendi, emma onuň ildirgiçleri we jähekleri kümüşdendi, onuň ýokarsynyň örtükleri hem kümüşdendi. Haýatyň ähli sütünleri kümüş bilen jäheklenendi.
18. Haýatyň girelgesi üçin gök, badam, gyrmyzy ýüplükden we nepis zygyr matadan keşde bilen nagyşlanan ýapynja tikdiler. Onuň uzynlygy ýigrimi tirsek, beýikligi bäş tirsek bolup, ini hem edil haýatyň tutulary ýalydy.
19. Ýapynjanyň bürünçden dört sany sütüni bilen dört sany aýagy bardy. Onuň ildirgiçleri, ýokarsynyň örtükleri we halkalary kümüşdendi.
20. Mukaddes çadyryň we onuň haýatynyň ähli gazyklary bürünçdendi.
21. Ynha, mukaddes çadyryň, ýagny mukaddes äht çadyrynyň gurluşynyň beýany: Bu Musanyň buýrugy esasynda işlenip, ruhany Harunyň ogly Ytamaryň görkezmesi boýunça lewileriň ýerine ýetiren işidi.
22. Rebbiň Musa buýran ähli zatlaryny ýahuda tiresinden Huruň ogly, Urynyň agtygy Besalel ýasady.
23. Onuň ýanynda dan tiresinden Ahysamagyň ogly Oholyýap hem bardy. Ol zergärdi we ussady, gök, badam, gyrmyzy ýüplükden edilen mata we nepis zygyr mata keşde çekýänçidi.
24. Mukaddes öýüň ähli gurluşyk işine ulanmak üçin, sadaka edip getirilen altynyň jemi kyrk dokuz batman we ýarym put boldy. Ol mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
25. Ilat sanawynda hasaba alnan halkdan ýygnalan kümşüň möçberi ýüz ýetmiş batman we ýarym çuwal boldy. Ol hem mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen ölçeldi.
26. Ilat sanawyna alnan her bir adama, ýigrimi we ondan ýokary ýaşly adamlardan başyna mukaddes öýüň resmi ölçegi bilen bir mysgaldan düşýärdi. Ol ýerde jemi alty ýüz müň bäş ýüz elli erkek adam bardy.
27. Mukaddes öýüň sütüni üçin we tutynyň sütüni üçin ýüz ýetmiş batman kümüş ulanyldy. Ýüz sütün üçin ýüz ýetmiş batman kümüş, bir sütün üçin bir ýarym batman kümüş ulanyldy.
28. Besalel sütünleriň ildirgiçleri üçin, onuň ýokarky örtükleri we jähekleri üçin bir batman ulandy.
29. Sadaka üçin getirilen bürünjiň möçberi jemi ýüz ýigrimi batman boldy.
30. Mundan ol Rebbe ýüz tutulýan çadyryň girelgesi üçin aýaklar ýasady, bürünç gurbanlyk sypasyny we onuň üçin bürünçden gözenek, gurbanlyk sypasynyň ähli enjamlaryny,
31. şeýle hem, haýatyň ähli sütünlerini, onuň derwezesiniň sütünlerini, mukaddes çadyryň we haýatyň ähli gazyklaryny ýasady.
About Müsürden çykyş Chapter 38
Read Müsürden çykyş Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Müsürden çykyş
Chapter: 38
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Müsürden çykyş Chapter 38 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Müsürden çykyş Chapter 38?
Müsürden çykyş Chapter 38 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 38 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from müsürden çykyş
- Müsürden çykyş Chapter 25
- Müsürden çykyş Chapter 36
- Müsürden çykyş Chapter 11
- Müsürden çykyş Chapter 13
- Müsürden çykyş Chapter 5
- Müsürden çykyş Chapter 2
- Müsürden çykyş Chapter 28