Resullaryň Işleri Chapter 11

For English

Read Resullaryň Işleri Chapter 11 Online

Read Resullaryň Işleri Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Resullaryň Işleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Resullaryň Işleri 11

Bap 11

1. Ýahudada bolýan resullar, doganlar başga milletleriň-de Hudaýyň sözüni kabul edenini eşitdiler.

2. Petrus Iýerusalime gelende, sünnetliler onuň bilen dawalaşyp:

3. «Sen sünnetsiz adamlaryň ýanyna barypsyň, olar bilen nahar iýipsiň» diýdiler.

4. Petrus hem söze başlap, bolan wakany olara birin-birin aýdyp berdi:

5. «Ýafa şäherinde doga edip otyrkam, özümi ýitiren ýagdaýymda bir görnüş gördüm. Uly saçaga meňzeş bir zat dört burçundan Gökden Ýere sallanyp, meniň ýanyma çenli inip geldi.

6. Onuň içine bakyp synlanymda, Ýeriň dört aýakly haýwanlaryny, ýabany hem süýreniji haýwanlaryny, Gögüň guşlaryny gördüm.

7. Onsoň bir ses eşitdim, ol maňa: „Petrus, tur, damaklaryny çal-da, iý!" diýdi.

8. Men: „Ýok, ýa Reb! Hapa, haram zat meniň agzyma asla giren däldir" diýdim.

9. Emma ses Gökden ikinji gezek maňa: „Hudaýyň tämiz eden zatlaryna hapa diýme!" diýdi.

10. Bu üç gezek gaýtalanyp, hemmesi ýene ýokaryk Göge çekildi.

11. Ine, şol pursatda üç adam meniň bolýan öýümiň öňüne gelip durdular. Olar meniň ýanyma Kaýsariýadan ýollanan eken.

12. Onsoň Ruh maňa hiç ikirjiňlenmän, olar bilen bile rowana bolmalydygymy aýtdy. Bu alty dogan hem meniň bilen bile gitdi, biz ol adamyň öýüne bardyk.

13. Ol hem bize perişdäni görendigini, onuň öýünde durup: „Ýafa adam ýolla-da, Petrus lakamly Simuny getirt.

14. Ol saňa birnäçe söz aýdar. Şol sözler arkaly sen tutuş içeriň bilen gutularsyň" diýenini aýtdy.

15. Men söze başlanymda, ozal biziň üstümize inişi ýaly, olaryň üstüne hem Mukaddes Ruh indi.

16. Şonda Rebbiň: „Ýahýa suw bilen çokundyrypdy, ýöne siz Mukaddes Ruh bilen çokundyrylarsyňyz" diýip aýdan sözi ýadyma düşdi.

17. Şeýlelikde, Reb Isa Mesihe iman edenlerinden soň, Hudaý bize berşi ýaly, olara-da şol sylagy beren bolsa, Hudaýa garşy durup biler ýaly, men kim bolupdyryn?»

18. Olar muny eşidenlerinde köşeşdiler, Hudaýy şöhratlandyryp: «Onda, Hudaý ýaşaýyş getirýän tobany özge milletlere-de beripdir» diýişdiler.

19. Stefanus bilen baglanyşykly bolan yzarlamalar netijesinde dargadylanlar Finikiýa, Kipr we Antakiýa çenli aýlandylar. Olar sözi ýehudylardan başga hiç kime wagyz etmeýärdiler.

20. Olaryň arasynda birnäçe kiprli we kireneli adamlar bardy. Olar Antakiýa gelenlerinde, Reb Isanyň Hoş Habaryny wagyz edip, greklere-de aýtdylar.

21. Rebbiň eli olar bilendi. Şeýlelikde, köp adamlar iman getirip, Rebbe tarap öwrüldiler.

22. Bu hakdaky habarlar Iýerusalimdäki ýygnanyşyga gelip ýetdi. Olar Barnabasy Antakiýa ýolladylar.

23. Ol gelende, Hudaýyň merhemetini görüp şat boldy, gaýduwsyz ýürek bilen Rebbe ýapyşar ýaly, hemmelere öwüt-nesihat etdi.

24. Çünki ol oňat adamdy, Mukaddes Ruhdan, imandan doludy. Şeýlelikde, köp adamlar Rebbe goşuldylar.

25. Onsoň Barnabas Sauly idäp, Tarsusa gitdi.

26. Ony tapyp, Antakiýa getirdi. Olar bütin bir ýyllap ýygnakda toplanyp, köp adamlara sapak berdiler. Şägirtleriň mesihi adyny almagy ilki bilen Antakiýada ýüze çykdy.

27. Şol günlerde Antakiýa Iýerusalimden birnäçe pygamber geldi.

28. Bulardan Agabus atly biri galyp, bütin dünýäniň başyna uly açlyk gelmelidigini Ruh arkaly habar berdi. (Bu kaýsar Klaudiusyň zamanynda boldy.)

29. Şonda Ýahudada ýaşaýan doganlara goldaw üçin, şägirtleriň her biri gurbunyň çatdygyndan olara pul ýollamagy karar etdiler.

30. Puly Barnabas we Sauluň eli bilen ýygnak ýolbaşçylaryna ibermek bilen, bu karary ýerine ýetirdiler.

About Resullaryň Işleri Chapter 11

Read Resullaryň Işleri Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Resullaryň Işleri in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Resullaryň Işleri
Chapter: 11
Testament: New Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Resullaryň Işleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Resullaryň Işleri Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Resullaryň Işleri Chapter 11?

Resullaryň Işleri Chapter 11 is part of the Book of Resullaryň Işleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Resullaryň Işleri Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from resullaryň-işleri

  1. Resullaryň Işleri Chapter 18
  2. Resullaryň Işleri Chapter 17
  3. Resullaryň Işleri Chapter 26
  4. Resullaryň Işleri Chapter 20
  5. Resullaryň Işleri Chapter 14
  6. Resullaryň Işleri Chapter 13
  7. Resullaryň Işleri Chapter 10

Explore More from Täze Äht

  1. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 8
  3. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 13
  4. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 10
  5. Resullaryň Işleri Chapter 7
  6. Resullaryň Işleri Chapter 23
  7. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 5

Related Chapters & Readings

  1. Ester Chapter 7
  2. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 12
  3. Zebur Chapter 21
  4. Sepanýa Chapter 2
  5. Nagmalar nagmasy Chapter 3
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
  7. Gelip çykyş Chapter 43
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *