Müsürden çykyş Chapter 8

For English

Read Müsürden çykyş Chapter 8 Online

Read Müsürden çykyş Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Müsürden çykyş and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Müsürden çykyş 8

Bap 8

1. Soňra Reb Musa şeýle diýdi: «Fyrownyň ýanyna bar-da, oňa şeýle diý: „Reb saňa şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber, olar gidip, Maňa ybadat etsinler.

2. Sen olary goýbermekden ýüz öwürseň, onda Men gurbagalar çozduryp, tutuş ýurduňa betbagtlyk getirerin.

3. Nil derýasy gurbaga sürüsinden dolup, olar seniň öýüňe, köşgüňe we ýatýan düşegiňe çenli gelerler. Gurbagalar seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň öýlerine dolar, hatda olar tamdyrlaryňyzyň içine we hamyr ýugrulýan jamyňyza çenli girerler.

4. Gurbagalar seniň üstüňe, seniň halkyňyň we ähli emeldarlaryňyň üstüne çykarlar’“».

5. Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol elindäki hasasyny uzadyp, derýalara, ýaplaryna we suw howdanlaryna urup gurbagalar çykarsyn. Müsüriň ýerini gurbagalar gaplap alar“» diýdi.

6. Şeýlelikde, Harun hasasy bilen Müsürdäki suwlara urup çykdy we gurbagalar peýda boldy. Tutuş Müsüriň ýeri gurbagalar bilen örtüldi.

7. Emma jadygöýler hem özleriniň gizlin usullary bilen şeýle etdiler, olar hem Müsürde gurbagalar çykardylar.

8. Soňra fyrown Musa bilen Haruny çagyryp, olara: «Menden we halkymdan gurbagalaryň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg ediň. Men bolsa halkyňyzy Rebbe sadaka bermäge goýbererin» diýdi.

9. Musa fyrowna: «Seniň üçin, emeldarlaryň we halkyň üçin haçan dileg etmelidigini maňa özüň aýdaý, şonda gurbagalar sizden we siziň öýleriňizden ýok bolup giderler, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.

10. Fyrown hem oňa: «Ertir dileg edäý» diýdi. Musa oňa: «Goý, seniň aýdyşyň ýaly bolsun! Çünki sen biziň Hudaýymyz Reb ýaly başga hiç kimiň ýokdugyny bilersiň.

11. Gurbagalar senden, siziň öýleriňizden, emeldarlaryňdan we halkyňdan aýrylyp, olar diňe Nil derýasynda galar» diýdi.

12. Şeýlelikde, Musa bilen Harun fyrownyň ýanyndan gaýtdylar. Musa fyrownyň üstüne çozduran gurbagalaryny ýok etmegini sorap, Rebbe dileg etdi.

13. Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Öýlerdäki, howlulardaky we meýdanlardaky gurbagalar öldüler.

14. Müsürliler ölen gurbagalary uly üýşmekler edip ýygnadylar, ýerden porsy ys haplap urdy.

15. Fyrown bu zatlary görüp, göwni aram tapdy. Soň ýene-de özüniň doňýürekligini etdi. Rebbiň aýdyşy ýaly, ol Musa bilen Haruna gulak asmady.

16. Soňra Reb Musa: «Haruna aýt: „Goý, ol hasasyny alsyn-da, ýeriň tozuna urup çyksyn, şonda tutuş Müsüriň içinde çirkeýler peýda bolar“» diýdi.

17. Olar şeýle hem etdiler. Harun eline hasasyny alyp, ýeriň tozuna urup çykdy welin, adamlaryň we haýwanlaryň üstüne çirkeýler çozdy. Tutuş Müsüriň ähli tozy çirkeýe öwrüldi.

18. Jadygöýler hem öz gizlin usullary bilen çirkeý döretmäge synanyşdylar, emma olar muny başarmadylar. Şeýlelikde, çirkeýler adamlaryň we haýwanlaryň üstünde gezişip ýördüler.

19. Jadygöýler fyrowna: «Bu Hudaýyň işi» diýdiler. Emma fyrownyň ýüregi doňdy we ol Rebbiň aýdyşy ýaly, olara gulak asmady.

20. Soňra Reb Musa: «Irden tur-da, fyrownyň suwa düşmäge çykýan wagty oňa garaş we oňa şeýle diý: „Reb şeýle diýýär: ‘Meniň halkymy goýber. Olar gidip, Maňa ybadat etsinler.

21. Eger sen Meniň halkymy ýene-de goýbermeseň, onda Men seniň üstüňe, seniň emeldarlaryňyň we halkyňyň üstüne we seniň öýüňe siňek sürüsini ibererin. Müsürlileriň öýleri siňek sürüsinden dolar, şeýle hem, olaryň ýaşaýan ýerleri siňek bilen gurşalar.

22. Emma şol gün Men Öz halkymyň ýaşaýan ýeri bolan Goşen topragyny aýry goýjak. Ol ýerde hiç hili siňek sürüsi bolmaz, şonda sen Meniň bu ýurduň Rebbidigimi bilersiň.

23. Men Öz halkymy seniň halkyňdan tapawutlandyraryn. Bu gudratly alamat ertir bolar’“».

24. Reb şeýle hem etdi. Fyrownyň öýi we onuň emeldarlarynyň öýleri güýçli siňek sürüsi bilen doldy. Siňeklerden ýaňa tutuş Müsür ýurdy weýran boldy.

25. Soňra fyrown Musa bilen Haruny ýanyna çagyrdyp, olara: «Baryň, gidiň-de, şu ýurtda Hudaýyňyza sadaka beriň» diýdi.

26. Emma Musa: «Beýle etsek dogry bolmaz. Hudaýymyz Rebbe berýän sadakamyzy müsürliler nejislik hasaplarlar. Eger biz müsürlilere nejislik edip, mal sadakamyzy olaryň gözüniň alnynda bersek, onda olar bizi daşlap öldürmezlermi?

27. Hudaýymyz Rebbe berjek sadakamyzy biz Onuň Özüniň buýruşy ýaly, üç günlük çöle gidip bermeli» diýdi.

28. Fyrown oňa: «Men size çöle gidip, Hudaýyňyz Rebbe sadaka bermäge rugsat edýärin, ýöne siz gaty uzaga gitmeli dälsiňiz. Meniň üçin Rebbe dileg edäý» diýdi.

29. Soňra Musa: «Ine, men häzir gidip, fyrowndan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan siňek sürüsiniň aýrylyp gitmegini sorap, Rebbe dileg etjek. Ýöne fyrown ýene-de ýalan sözläp, halky Rebbe sadaka bermäge goýbermekden saklamawersin» diýdi.

30. Şeýlelikde, Musa fyrownyň ýanyndan gaýdyp, Rebbe dileg etdi.

31. Reb hem Musanyň dilegini ýerine ýetirdi. Siňek sürüsi fyrowndan, onuň emeldarlaryndan we halkyndan aýrylyp ýok bolup gitdi, ýekeje siňek hem galmady.

32. Emma fyrown bu gezek hem doňýürekligine galdy we ysraýyllara gitmäge rugsat etmedi. ‎

About Müsürden çykyş Chapter 8

Read Müsürden çykyş Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Müsürden çykyş in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Müsürden çykyş
Chapter: 8
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Müsürden çykyş. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Müsürden çykyş Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Müsürden çykyş Chapter 8?

Müsürden çykyş Chapter 8 is part of the Book of Müsürden çykyş in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Müsürden çykyş Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from müsürden çykyş

  1. Müsürden çykyş Chapter 31
  2. Müsürden çykyş Chapter 25
  3. Müsürden çykyş Chapter 13
  4. Müsürden çykyş Chapter 11
  5. Müsürden çykyş Chapter 18
  6. Müsürden çykyş Chapter 33
  7. Müsürden çykyş Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Koloselilere haty Chapter 1
  2. Ýewreýlere haty Chapter 3
  3. Gelip çykyş Chapter 28
  4. Işaýa Chapter 26
  5. Zebur Chapter 69
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 3
  7. Ezekiýel Chapter 33
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *