Ysraýyl serdarlary Chapter 12

For English

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 12 Online

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ysraýyl serdarlary and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ysraýyl serdarlary 12

Bap 12

1. Efraýymlar uruşmak üçin bir ýere ýygnandylar we Iordan derýasyndan geçip, Safona geldiler. Olar Ýeftaha: «Sen näme üçin ammonlar bilen uruşmaga gideniňde bizi çagyryp, özüň bilen alyp gitmediň? Biz seniň özüň bilen bilelikde öýüňi otlarys» diýdiler.

2. Ýeftah olara şeýle diýdi: «Meniň we meniň adamlarymyň ammonlar bilen bir uly dawamyz bardy. Men sizi kömege çagyrdym, emma siz gelip, meni olaryň elinden gutarmadyňyz.

3. Siziň meni halas etmejegiňize gözüm ýetende, men janymy howp astynda goýup, ammonlaryň üstüne gitdim. Reb olary meniň elime berdi. Indi näme bu gün siz meniň bilen uruşmaga geldiňizmi?»

4. Ýeftah Gylgadyň ähli erkeklerini çagyrdy-da, efraýymlar bilen uruşdy. Gilgatlylar efraýymlary gyrdylar, sebäbi efraýymlar olara: «Eý, efraýym we manaşe halklarynyň arasynda ýaşaýan gilgatlylar! Siz Efraýymdan gaçan dönüklersiňiz!» diýipdiler.

5. Gilgatlylar efraýymlaryň elinden Iordan derýasynyň güzerini aldylar. Diri galan efraýymlardan biri: «Iordan derýasyndan geçmäge rugsat edäýiň» diýse, Gylgadyň adamlary: «Sen efraýymly dälmi?» diýip sorardylar. Eger ol «Ýok» diýip jogap berse,

6. olar oňa: «Hany, „şibbolet“ diýip aýt» diýerdiler. Şonda ol «sibbolet» diýäýse, onda ony Iordan derýasynyň güzerinde öldürerdiler. Çünki efraýymlar «ş» sesini aýdyp bilmeýändikleri üçin, oňa derek «s» sesini aýdýardylar. Şeýdip, gilgatlylaryň elinden kyrk iki müň efraýymly öldi.

7. Ýeftah Ysraýylda alty ýyllap serdar boldy. Ol ölende, ony öz Gilgat galasynda jaýladylar.

8. Ýeftah ölenden soň, beýtullahamly Ybsan Ysraýylda serdar boldy.

9. Onuň otuz ogly we otuz gyzy bolup, gyzlaryny başga tirelere durmuşa çykaryp, ogullaryny-da başga tirelerden öýerdi. Ol ýedi ýyl Ysraýylyň serdary boldy.

10. Ybsan aradan çykanda, ony Beýtullahamda jaýladylar.

11. Ondan soň zebulunly Elon Ysraýyla serdar bolup, ony on ýyllap dolandyrdy.

12. Elon ölende, ony Zebulundaky Aýalonda jaýladylar.

13. Ondan soň piratonly Hilleliň ogly Abdon Ysraýyla serdar boldy.

14. Onuň kyrk ogly we otuz agtygy bolup, olaryň hersi bir eşek mündi. Ol Ysraýyla sekiz ýyllap serdar boldy.

15. Hilleliň ogly Abdon ölende, ony Efraýymdaky amalekleriň ýaşaýan daglygynda, Piraton diýen ýerde jaýladylar.

About Ysraýyl serdarlary Chapter 12

Read Ysraýyl serdarlary Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ysraýyl serdarlary
Chapter: 12
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ysraýyl serdarlary. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ysraýyl serdarlary Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ysraýyl serdarlary Chapter 12?

Ysraýyl serdarlary Chapter 12 is part of the Book of Ysraýyl serdarlary in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ysraýyl serdarlary Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 6
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 3
  5. Zebur Chapter 4
  6. Zebur Chapter 2
  7. Zebur Chapter 26

Explore More from ysraýyl-serdarlary

  1. Ysraýyl serdarlary Chapter 8
  2. Ysraýyl serdarlary Chapter 17
  3. Ysraýyl serdarlary Chapter 11
  4. Ysraýyl serdarlary Chapter 20
  5. Ysraýyl serdarlary Chapter 6
  6. Ysraýyl serdarlary Chapter 9
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. Resullaryň Işleri Chapter 25
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 3
  3. 1 patyşalar Chapter 9
  4. 1 Timoteosa haty Chapter 4
  5. Zebur Chapter 71
  6. Zebur Chapter 69
  7. Resullaryň Işleri Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *