Read Petrusyň birinji haty Chapter 4 Online
Read Petrusyň birinji haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Petrusyň birinji haty and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Petrusyň birinji haty 4
Bap 4
1. Mesihiň biziň hatyramyza tende görgi görşi ýaly, siz hem şol pikir bilen ýaraglanyň, çünki kim tende görgi görýän bolsa,
2. ol tende galan wagtyny adam höwesine görä däl-de, Hudaý islegine görä ýaşamak üçin günäden el çekendir.
3. Çünki ahlaksyzlykda, erbet höweslerde, serhoşlukda, aýşy-eşretde, içgi meýlislerinde we ýigrenji butparazlykda gezip, geçen wagtda milletleriň halaýan zatlaryny ýerine ýetireniňiz size ýeterlikdir.
4. Olar özleri bilen birlikde şol çendenaşa ahlaksyzlygyň yzynda däldigiňizi geň görüp, size sögýärler.
5. Olar dirileriň hem ölüleriň üstünden höküm çykarmaga taýýar duran Hudaýa hasabat bererler.
6. Çünki tende ynsanlara görä üstlerinden höküm çykarylmagy, ýöne ruhda Hudaýa görä ýaşamaklary üçin, Hoş Habar ölülere-de yglan edildi.
7. Ähli zatlaryň soňy ýakynlady. Munuň üçin sagdyn düşünjeli bolup, hüşgärlik bilen doga ediň.
8. Her zatdan öň birek-birege bolan söýgiňiz joşgunly bolsun, sebäbi, söýgi köp günäleri basyrýandyr.
9. Birek-birege hüňürdisiz myhmansöýer boluň.
10. Hudaýyň dürli merhemetleriniň oňat dolandyryjysy kimin her kes öz alan sylagyna görä biri-birine hyzmat etsin.
11. Biri geplese, Hudaýyň sözlerini aýdyp geplesin; biri hyzmat etse, Hudaýyň beren güýç-kuwwatyna görä hyzmat etsin. Şeýdip, Isa Mesih arkaly Hudaý hemme zatda şöhratlansyn. Şöhrat we gudrat ebedilik Onuňkydyr. Omyn.
12. Eý, söýgüli doganlar, sizi synamak üçin araňyzda ýüze çykýan ot azaryny, geň zada sataşan ýaly, geň görmän,
13. eýsem, Mesihiň şöhraty görnende, uly begenç bilen şatlanar ýaly, Onuň görgülerine şärikdeş bolan derejede şatlanyň.
14. Mesihiň ady sebäpli masgaralanýan bolsaňyz, bagtyýarsyňyz, çünki Hudaýyň şöhratly Ruhy siziň üstüňizde bolýandyr. Olar Oňa dil ýetirýär, siz bolsa Ony şöhratlandyrýarsyňyz.
15. Ýöne sizden hiç kim ganhor ýa ogry, jenaýatçy ýa şugul bolup görgi görmesin.
16. Kim mesihi bolup görgi görýän bolsa utanmasyn. Ol bu at bilen Hudaýy şöhratlandyrsyn.
17. Çünki hökümiň Hudaýyň içersinden başlanmaly wagty gelip ýetdi. Höküm öňürti bizden başlansa, onda Hudaýyň Hoş Habaryna boýun bolmaýanlaryň soňy näme bolar?
18. Dogry adam zordan gutulýan bolsa, Onda hudaýsyza, günäkäre näme bolar?
19. Munuň üçin Hudaýyň islegi bilen görgi görýänler hem ýagşylyk edip, janlaryny dogruçyl Ýaradana tabşyrmalydyr.
About Petrusyň birinji haty Chapter 4
Read Petrusyň birinji haty Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the New Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Petrusyň birinji haty
Chapter: 4
Testament: New Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Petrusyň birinji haty. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Petrusyň birinji haty Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Petrusyň birinji haty Chapter 4?
Petrusyň birinji haty Chapter 4 is part of the Book of Petrusyň birinji haty in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Petrusyň birinji haty Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 1-petrusyn-birinji-haty
- Petrusyň birinji haty Chapter 3
- Petrusyň birinji haty Chapter 1
- Petrusyň birinji haty Chapter 2
- Petrusyň birinji haty Chapter 5
Explore More from Täze Äht
- Lukanyň Hoş Habary Chapter 12
- Resullaryň Işleri Chapter 15
- Resullaryň Işleri Chapter 25
- 2 Korintoslylara haty Chapter 8
- 1 Timoteosa haty Chapter 4
- 1 Korintoslylara haty Chapter 12
- Mattanyň Hoş Habary Chapter 3