Işaýa Chapter 57

For English

Read Işaýa Chapter 57 Online

Read Işaýa Chapter 57 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 57

Bap 57

1. Dogry adamlar ölüp gidýärler, hiç kim muňa üns bermeýär. Takwa adamlar ýogalýarlar, muňa hiç kim düşünýmeýär, dogrylar betbagtçylykdan gutarylýar.

2. Olar rahatlyga gowuşýarlar; öz ýerlerinde dynç alýarlar, dogrulykda gezýänler.

3. Emma siz, eý, jadygöýiň çagalary, zynagäriň, kemçiniň zürýatlary, golaýrak geliň!

4. Kimiň üstünden gülýärsiňiz? Kime garşy agyz açyp, diliňizi çykarýarsyňyz? Siz ýazykly çagalar dälmisiňiz? Ýalançy nesiller dälmisiňiz?

5. Dub agaçlarynyň arasynda, her gür agajyň astynda butlar bilen zyna gyzyşyp, derelerde, gaýalaryň köweklerinde çagalaryňyzy gurban edýän siz dälmi eýsem?

6. Derýanyň ýylçyr daşlarynyň arasyndadyr paýyňyz, nesibäňiz şolardyr siziň; olara sadaka hökmünde şerap dökýärsiňiz, galla sadakasyny hödürlediňiz, bulardan soň sizi jezasyz galdyrarynmy?

7. Beýik, uly dagyň üstünde ýerleşdirdiňiz düşegiňizi, gurbanlyk hödür etmäge çykdyňyz ol ýere.

8. Gapylaryňyzyň, söýeleriňiziň arka tarapynda butparazçylykly heýkeller goýduňyz. Meni terk edip, ýalaňaçlanyp, düşegiňize geçdiňiz. Ony giňeltdiňiz; äht edişdiňiz olar bilen, olaryň düşegini söýdüňiz, olaryň ýalaňaç bedenine seretdiňiz.

9. Hoşboý ysly ýag bilen Molek hudaýyň ýanyna gitdiňiz, atyrlaryňyzy köpeltdiňiz; uzak ýerlere ýolladyňyz ilçileriňizi, hatda ölüler dünýäsine inderdiňiz.

10. Uzak ýollar sizi ýadatdy, Emma: «Bu biderek» diýmediňiz siz. Güýjüňizi gaýtadan dikeltdiňiz, şoňa görä siz tapdan düşmediňiz.

11. Meni aldap, ýatlamazyňyz ýaly, ýüregiňizde Maňa ýer bermeziňiz ýaly, kimden eýmendiňiz, kimden gorkduňyz? Uzak wagtlap dymandygym sebäpli Menden gorkmaýarsyňyzmy siz?

12. Dogrulygyňyzy, işleriňizi aýan ederin, nepi degmez bularyň size.

13. Perýat edeniňizde, toplan butlaryňyz sizi halas etsin, olary ýel süpürip äkider, şemal uçuryp äkider olary. Ýöne Meni pena tutunýan ýurdy mülk ediner, Meniň mukaddes dagymy miras alar. Pesgöwünlilere teselli

14. Ol diýer: «Topragy tekizläp, ýol taýynlaň, halkymyň ýolundaky päsgelçilikleri aýryň».

15. Beýik hem belent Bolan, ebedi Ýaşaýan, ady Mukaddes Bolan şeýle diýýär: «Men beýik, mukaddes ýerde ýaşaýaryn, pesgöwünlileriň ruhuny janlandyrmak üçin, ezilenleriň ýüreklerini janlandyrmak üçin, ezilenler we kiçigöwünliler bilen biledirin.

16. Men hemişe aýyplap, elmydama gaharlanmaryn; ýogsam ýaradan ynsanymyň ruhy, jany tapdan düşer.

17. Nähak gazanç etmişleri üçin gaharlanyp, olary jezalandyrdym, gaharlandym, ýüz öwürdim; emma olar öz islän ýollaryndan gitdiler.

18. Olaryň ýollaryny gördüm, ýöne şonda-da olara şypa bererin, olara we ýas tutýanlara ýol görkezip, teselli bererin.

19. Dillerinde öwgini Men ýaratdym, Uzakdakylara-da, ýakyndakylara-da rahatlyk, uly rahatlyk bererin, olara şypa bererin».

20. «Emma pisler tolkun atýan deňiz ýalydyr, olar asuda bolup bilmeýärler, tolkunlary laý we hapa çykarýar.

21. Pisler üçin rahatlyk ýokdur» diýýär Hudaýym Reb.

About Işaýa Chapter 57

Read Işaýa Chapter 57 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 57
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 57 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 57?

Işaýa Chapter 57 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 57 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 28
  2. Isaya Chapter 27
  3. Isaya Chapter 13
  4. Isaya Chapter 26
  5. Isaya Chapter 25
  6. Isaya Chapter 34
  7. Isaya Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. Hoşeýa Chapter 7
  2. Müsürden çykyş Chapter 19
  3. Ýermeýa Chapter 50
  4. Rut Chapter 4
  5. Ýermeýa Chapter 27
  6. Işaýa Chapter 40
  7. Lewiler kitaby Chapter 19

Related Chapters & Readings

  1. 2 patyşalar Chapter 3
  2. Gelip çykyş Chapter 10
  3. Ýermeýanyň agysy Chapter 3
  4. Zebur Chapter 80
  5. Hoşeýa Chapter 9
  6. Resullaryň Işleri Chapter 14
  7. 2 Korintoslylara haty Chapter 12
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *