Zebur Chapter 33

For English

Read Zebur Chapter 33 Online

Read Zebur Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 33

Bap 33

1. Eý, dogry adamlar, şatlanyň Rebde, dogruçyla alkyş aýtmak gelişýär.

2. Rebbe alkyş aýdyň barbatda, Oňa mukam çalyň on kirişli arfada.

3. Aýdyň Oňa täze nagmany, şadyýan gygyryşyp, ussatlarça çalyň öz sazyňyzy.

4. Çünki Rebbiň sözi dogry, wepalydyr Onuň ähli işleri.

5. Ol dogrulygy, adalaty söýýändir; ýer ýüzi Rebbiň wepaly söýgüsinden doludyr.

6. Ýaradyldy gökler Reb sözi bilen, bar asman jisimleri – agzynyň nepesi bilen.

7. Ol deňiz suwlaryny üýşmek kimin ýygnady, düýpsüz suwlary howdanlara sygdyrdy.

8. Bütin ýer ýüzi, goý, Rebden gorksun; dünýäde ýaşaýanlaryň bary Ondan eýmensin.

9. Çünki Ol aýtdy – aýdany boldy; Ol buýurdy – buýrany hem berk durdy.

10. Reb milletleriň maslahatyny hiç edýär, halklaryň niýetlerini puja çykarýar.

11. Emma ebedidir Reb maslahaty, Onuň ýürek pikirleri – nesillerboýy.

12. Hudaýy Reb bolan millet bagtlydyr; Öz genji hökmünde saýlan halky bagtlydyr.

13. Reb göklerden nazar aýlaýar, Ol adamzadyň baryny görýär.

14. Tagtynda oturan ýerinden ýeriň ähli ilatyna nazar aýlaýar:

15. Oldur her biriniň ýüregini ýaradan, olaryň ähli işlerine düşünýän.

16. Patyşany halas etmez uly goşuny, uly güýji halas etmez edermeni.

17. Güýçli bedew ýeňşi kepillendirmez, uly güýji bilen hiç kimi ol halas etmez.

18. Ynha, Rebbiň nazary Ondan gorkýanlarda, wepaly söýgüsine umyt baglaýanlarda,

19. Ölümden olaryň janyny Ol halas eder, açlyk döwründe-de aman galdyrar.

20. Rebbi pena edinýär biziň janymyz, Ol–kömegimiz we galkanymyz.

21. Onda şatlanýar ýüreklerimiz, çünki mukaddes adyna bil baglaýandyrys.

22. Ýa Reb, biz Saňa umyt baglaýandyrys, Seniň wepaly söýgiň bize ýar bolsun!

About Zebur Chapter 33

Read Zebur Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 33
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 33 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 33?

Zebur Chapter 33 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 33 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 4
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 26
  6. Zebur Chapter 28
  7. Zebur Chapter 3

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 3
  2. Zebur Chapter 14
  3. Zebur Chapter 58
  4. Zebur Chapter 106
  5. Zebur Chapter 121
  6. Zebur Chapter 15
  7. Zebur Chapter 95

Related Chapters & Readings

  1. Amos Chapter 4
  2. Müsürden çykyş Chapter 37
  3. Zebur Chapter 142
  4. Titusa haty Chapter 1
  5. Zebur Chapter 105
  6. Zakarýa Chapter 13
  7. Ýeşuwa Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *