Işaýa Chapter 41

For English

Read Işaýa Chapter 41 Online

Read Işaýa Chapter 41 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 41

Bap 41

1. «Eý, adalar, Meniň huzurymda dymyň, halklar täzeden güýç toplasynlar, olar ýakyna gelip, geplesinler; höküm üçin bile toplanalyň.

2. Gündogardan dogry adamy aýaga galdyran kim? Ony hyzmatyna çagyran kim? Milletleri onuň eline berýär, patyşalary aýak astynda ezýär, olary gylyjy bilen tozana, sowrulan samana öwürýär ýaýy bilen.

3. Kowalaýar olary, sag-aman geçýär aýak basmadyk ýodasyndan.

4. Başdan nesilleri çagyryp, bulary eden, tamamlan kim? Men—Reb ilkinjidirin, ahyrda-da Men bolaryn.

5. Adalar muny görüp, gorkýarlar, ýeriň aňry uçlary titreşýärler, olar ýakynlaşyp gelýärler.

6. Hersi beýlekisine kömek edýär, biri-birine: „Batyr bol!" diýýär.

7. Hünärment zergäri, çekiç bilen tekizleýän sandala urýany ruhlandyrýar. Kebşirleýiş hakda: „Bu gowy boldy" diýýär; gozganmaz ýaly çüý bilen berkidýär.

8. Emma seni, eý, bendäm Ysraýyl, Öz saýlanym Ýakup, dostum Ybraýymyň nesilleri,

9. ýeriň aňry ujundan topladym, uzak ýerlerden çagyryp: „Siz Meniň bendämsiňiz, Men sizi saýladym, terk etmedim" diýdim.

10. Gorkmaň, siziň bilendirin Men, heder etmäň, Hudaýyňyzdyryn Men, size güýç bererin, ýardam ederin, sadyk sag golum bilen söýget bererin size.

11. Size garşy gazaplanýanlaryň ählisi utandyrylar, ile ryswa ediler. Hiç zat dek ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

12. Duşmanlaryňyzy tapyp bilmersiňiz agtararsyňyz-da, hiç zatça bolman ýogalyp giderler size garşy çykýanlar.

13. Hudaýyňyz Men—Reb sag eliňizden tutaryn, size: „Gorkmaň, ýardam ederin" diýýän Mendirin.

14. Eý, ýer gurçugy Ýakup, eý, Ysraýyl adamlary, gorkmaň! Size kömek ederin» diýýär Reb, Ysraýylyň Mukaddesi, Penakäriňiz.

15. «Ine, Men sizi ýiti, täze, dişli döwek guraly etdim; siz daglary döwersiňiz, owradarsyňyz, baýyrlary saman kimin edersiňiz.

16. Siz olary sowrarsyňyz, şemal olary uçuryp äkider, harasat olary pytradar. Onsoň siz Rebde şatlanarsyňyz, Ysraýylyň Mukaddesinde şöhratlanarsyňyz.

17. Garyplar, mätäçler suw agtarýarlar, ýöne suw ýok; teşnelikden kepeýär agyzlary, Men—Reb olara jogap bererin, Ysraýylyň Hudaýy Men olary terk etmerin.

18. Men açyk depelerden derýalar, dereleriň ortasyndan bulaklar akdyraryn; çöli köle, gury ýeri suwly çeşmelere öwrerin.

19. Çölde kedr, akasiýa, mirt, zeýtun agaçlaryny oturdaryn, serwini, çynary, arçany sährada bile dikerin.

20. Onsoň hemmeler muny Rebbiň eliniň edendigini, Ysraýylyň Mukaddesiniň ýaradandygyny görerler, bilerler, akyl ýetirerler, düşünerler». Reb butlara garşy

21. Reb: «Dawaňyzy aýdyň» diýýär, Ýakubyň Patyşasy: «Subutnamaňyzy getiriň» diýýär.

22. «Butlaryňyzy getiriň, goý, olar näme boljagyny aýtsynlar, oýlanyp, soňuny bilerimiz ýaly geçmişde bolanlary aýan etsinler, ýa-da boljak zatlary bize habar bersinler.

23. Siziň hudaýlardygyňyzy bilerimiz ýaly, bize mundan soň boljak zatlary bildiriň; gorkup, heder ederimiz ýaly, ýa ýagşylyk, ýa-da ýamanlyk ediň.

24. Emma siz hiç zatsyňyz, işleriňiz-de biderek; sizi saýlan ýigrenjidir.

25. Men demirgazykdan birini öjükdirdim, ol gelýär, gündogardan adymy tutup çagyrýan biri. Ol küýzegäriň toýny depeleýşi kimin hökümdarlary palçyk kimin depelär.

26. Biz biler ýaly, kim muny başlangyçdan yglan etdi? „Ol mamla" diýerimiz ýaly, kim öňünden habar berdi? Hiç kim habar bermedi, hiç kim jar etmedi, hiç kim sözleriňizi eşitmedi.

27. Ilki Siýona: „Ine, olar!" diýip aýan etdim, Iýerusalime habarçy ýolladym.

28. Seretdim, ýöne hiç kim ýok, aralarynda maslahatçy ýok, soragyma jogap berjek ýok.

29. Ine, olaryň hemmesi galp, işleri hiç zatdyr, butlary boş ýeldir».

About Işaýa Chapter 41

Read Işaýa Chapter 41 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 41
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 41 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 41?

Işaýa Chapter 41 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 41 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 1
  2. Isaya Chapter 2
  3. Isaya Chapter 6
  4. Isaya Chapter 3
  5. Isaya Chapter 14
  6. Isaya Chapter 7
  7. Isaya Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. 2 patyşalar Chapter 16
  2. Işaýa Chapter 52
  3. Ezekiýel Chapter 47
  4. 2 patyşalar Chapter 10
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 15
  6. Zebur Chapter 60
  7. Ýermeýa Chapter 42

Related Chapters & Readings

  1. Eýýup Chapter 41
  2. Gelip çykyş Chapter 34
  3. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 20
  4. Çölde Chapter 30
  5. Resullaryň Işleri Chapter 10
  6. Müsürden çykyş Chapter 36
  7. Çölde Chapter 28
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *