Read Eýýup Chapter 33 Online
Read Eýýup Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Eýýup and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Eýýup 33
Bap 33
1. «Indi maňa gulak goý, eý, Eýýup, Diýjek sözlerimi diňle.
2. Ine, agzymy açýan, Sözlerim dilimiň ujunda.
3. Sözlerim päk ýürekden çykýar, Her diýjek sözüm hakykatdyr.
4. Hudaýyň ruhy meni ýaratdy, Gudratygüýçliniň demi maňa ýaşaýyş berýär.
5. Başarsaň, maňa jogap ber, Jedelleşige taýynlan-da, öňümde dik dur!
6. Hudaýyň huzurynda menem edil seniň ýalydyryn, Menem toprakdan ýaradyldym.
7. Menden gorkmak gerek däl, Hüjümim agyr bolmaz.
8. Gepleriňi öz gulagym bilen eşitdim, Sözleriň gulagymda ýaňlanyp dur.
9. Sen: „Men päk, ýazyksyz, Tämiz, mende etmiş ýokdur.
10. Şonda-da Hudaý maňa garşy bahana tapýar, Meni Özüne duşman saýýar,
11. Aýaklaryma künde salýar, Bütin ýollarymy synlaýar“ diýýärsiň.
12. Emma men saňa diýýän: Sen bu babatda nähak, Çünki Hudaý ynsandan beýikdir.
13. „Ynsanyň hiç bir sözüne jogap bermeýär“ diýip, Näme üçin Onuň bilen jedelleşýärsiň?
14. Çünki Hudaý ynsana bir ýola, Düşünmese ikinji ýola-da gepleýär.
15. Düýş, gijeki görnüş arkaly, Ynsanlary agyr uky basanda, Düşeklerinde ýatyrkalar,
16. Ynsanlaryň gulaklaryna gepläp, Olary duýduryşlar bilen gorkuzýar.
17. Ol muny ynsanlary pis işlerden, Tekepbirlikden saklamak üçin,
18. Olaryň janyny gabyrdan, Ömrüni ölümden gutarmak üçin edýär.
19. Düşeginde agyrylar bilen, Süýekleriniň dynuwsyz syzlamasy bilen olary jezalaýar.
20. Şonda näsagyň işdäsi kesilip, Ol lezzetli nahary-da ýigrenýär.
21. Teni gurap, göze ilmeýär, Görünmedik süňkleri indi çykyşyp dur.
22. Bir aýagy gabyrdadyr olaryň, Bärsinden aňyrsy ýakyndyr.
23. Ýöne müňlerden bir perişde araçy bolup, Ynsana dogruçyllygy aýan etmäge gelse,
24. Oňa rehimi inip: „Gabyrdan halas et, Men onuň üçin töleg tapdym“ diýse,
25. Goý, onuň teni çaganyňky kimin täzelensin, Ol ýaşlyk döwrüne dolanyp barsyn.
26. Ynsan Hudaýdan dileg edýär, Hudaý ony kabul edýär, Ol şatlyk bilen Hudaýyň huzuryna gelýär, Hudaý onuň dogruçyllygyny dikeldýär.
27. Ol halkyň öňünde aýdym aýdyp: „Günä etdim, dogry ýoldan çykdym, Emma Hudaý maňa jeza bermedi.
28. Ol janymy gabyrdan gutardy, Indi durmuşyň hözirini görerin“ diýýär.
29. Ynsanyň janyny gabyrdan gutarjak bolup, Olara şatlykly durmuş berjek bolup, Hudaý bu zatlary Öwran-öwran gaýtalaýar.
31. Üns ber, Eýýup, maňa gulak goý, Ümsüm bol, men gepläýin.
32. Eger aýtjak zadyň bolsa aýt, Geple, çünki men seni aklamak isleýän.
33. Ýogsa-da maňa gulak goý, Ümsüm bol, men saňa paýhaslylyk öwredeýin».
About Eýýup Chapter 33
Read Eýýup Chapter 33 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Eýýup in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Eýýup
Chapter: 33
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Eýýup. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Eýýup Chapter 33 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Eýýup Chapter 33?
Eýýup Chapter 33 is part of the Book of Eýýup in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Eýýup Chapter 33 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Eýýup
- Eýýup Chapter 5
- Eýýup Chapter 20
- Eýýup Chapter 15
- Eýýup Chapter 37
- Eýýup Chapter 25
- Eýýup Chapter 22
- Eýýup Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Çölde Chapter 2
- Habakuk Chapter 3
- Zakarýa Chapter 8
- Mika Chapter 3
- Zebur Chapter 40
- Wagyz kitaby Chapter 4
- Ysraýyl serdarlary Chapter 16