Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 Online
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 14
Bap 14
1. Abyýa ata-babalaryna gowuşdy. Ol Dawut galasynda jaýlandy. Ogly Asa onuň ýerine patyşa boldy. Onuň döwründe ýurt on ýyl asudalykda ýaşady.
2. Asa öz Hudaýy Rebbiň nazarynda oňat we dogry işleri etdi.
3. Asa keseki gurbanlyk sypalaryny we sežde edilýän ýerleri aýryp, dikme daşlaryny ýykdy, Aşera butlaryny kesdi.
4. Ol ýahuda halkyna atalarynyň Hudaýy Rebbi agtaryp, Onuň kanunyny we tabşyryklaryny berjaý etmegi buýurdy.
5. Şeýle hem, Asa Ýahudanyň ähli galalaryndaky sežde edilýän ýerleri we ýakymly ysly tütetgi berilýän sypalaryny aýyrdy. Onuň şalyk süren döwründe ýurt asudalykda ýaşady.
6. Ol Ýahuda asudalykdaka galalary gurdy. Şol ýyllarda ol hiç kim bilen uruş etmedi. Reb oňa parahatçylyk beripdi.
7. Asa ýahuda halkyna: «Geliň, bu galalary gurup, olaryň daşyna diwarlar, diňler, derwezeler we kiltler edeliň. Ýurt entek hem biziňkidir, çünki biz Hudaýymyz Rebbi agtardyk. Biz Ony agtardyk, Ol bize her tarapdan asudalyk berdi». Şeýdip, olaryň gurluşyk işleri rowaçlandy.
8. Asanyň Ýahudadan uly galkanlardyr naýzalar bilen ýaraglanan üç ýüz müň adamdan, Benýaminden galkan göterip, ýaý atýan iki ýüz segsen müň adamdan ybarat goşuny bardy. Olaryň bary batyr ýigitlerdi.
9. Efiopiýaly Zera müňlerçe esgeri we üç ýüz söweş arabasy bilen Asa garşy çykyp, Mareşa çenli geldi.
10. Asa Zeranyň öňünden çykdy. Olar Mareşadaky Zefata deresinde söweş üçin nyzama düzüldiler.
11. Asa Hudaýy Rebbi çagyryp, şeýle diýdi: «Ýa Reb, güýçlä ýa-da güýçsüze ýardam bermelidiginiň Seniň üçin parhy ýok. Ýa Beýik Hudaýymyz, bize ýardam et, çünki biz Saňa bil baglaýarys. Seniň adyň bilen biz bu ummasyz goşunyň garşysyna çykdyk».
12. Şeýdip, Reb efiopiýalylary Asanyň we ýahuda halkynyň öňünde ýeňlişe sezewar etdi. Olar gaçdylar.
13. Asa bilen onuň goşuny efiopiýalylary Gerare çenli kowdular. Efiopiýalylaryň bary gyrlyp, ýekejesi hem diri galmady. Olar Rebbiň we Onuň goşunynyň öňünde ýeňlişe sezewar boldular. Ýahuda halky gaty köp olja alyp gaýtdy.
14. Ýahudalar Geraryň töweregindäki ähli galalara zarba urdular, çünki ýerli halka Rebbiň gorkusy aralaşypdy. Ýahudalar ähli galalara talaň saldylar, sebäbi şol galalarda olja köpdi.
15. Ýahudalar çarwalaryň çadyrlaryna hem hüjüm edip, ummasyz goýundyr geçiler we düýeler alyp, Iýerusalime gaýdyp geldiler.
About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 14
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14?
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 35
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 34
Explore More from Köne Äht
- Gelip çykyş Chapter 19
- Ýermeýa Chapter 13
- Işaýa Chapter 44
- Işaýa Chapter 38
- Müsürden çykyş Chapter 25
- Ysraýyl serdarlary Chapter 13
- Eýýup Chapter 16