Lewiler kitaby Chapter 9

For English

Read Lewiler kitaby Chapter 9 Online

Read Lewiler kitaby Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Lewiler kitaby 9

Bap 9

1. Sekizlenji gün Musa Haruny, onuň ogullaryny we Ysraýyl ýaşulularyny çagyrdy.

2. Ol Haruna şeýle diýdi: «Özüňe günä gurbanlygy üçin bir şikessiz göläni, ýakma gurbanlygy üçin hem bir şikessiz goçy alyp, olary Rebbe hödür et.

3. Ysraýyl halkyna-da aýt, goý, olar hem günä gurbanlygy üçin bir erkeji, ýakma gurbanlygy üçin hem şikessiz birýaşar göläni we guzyny Rebbiň huzurynda gurbanlyk edip bererleri ýaly, salamatlyk gurbanlygy üçin bir öküzçäni, bir goçy we zeýtun ýagyna garylan galla sadakasyny getirsinler, çünki bu gün Reb size görner».

5. Olar Musanyň buýran zatlaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňüne getirdiler we bütin halk golaýa gelip, Rebbiň huzurynda durdy.

6. Musa olara: «Rebbiň şöhratynyň size görneri ýaly, Rebbiň size beren tabşyrygy şudur» diýdi.

7. Onsoň Musa Haruna şeýle diýdi: «Gurbanlyk sypasyna golaý bar-da, öz günä gurbanlygyňy we ýakma gurbanlygyňy ber, özüňi we halkyňy günälerinden sapla. Rebbiň buýruşy ýaly, halky beren gurbanlygy bilen günälerinden sapla».

8. Harun gurbanlyk sypasynyň ýanyna baryp, özi üçin berilýän günä gurbanlyk gölesiniň damagyny çaldy.

9. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny ruhana getirip berdiler. Harun barmagyny gana batyryp, gurbanlyk sypasynyň şahlaryna çaldy we galan gany bolsa, ol gurbanlyk sypasynyň düýbüne dökdi.

10. Emma Harun günä gurbanlyk malynyň ýagyny – iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini gurbanlyk sypasynda ýakyp, Rebbiň Musa tabşyryşy ýaly etdi.

11. Malyň galanyny ol deri bilen bile düşelgäniň daşynda ýakdy.

12. Soňra ol ýakma gurbanlyk malynyň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gurbanlygyň ganyny onuň ýanyna getirdiler, Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.

13. Harunyň ogullary ýakma gurbanlyk malyny böleklere bölüp, ony kellesi bilen bile Haruna getirip berdiler. Harun olary tutuşlygyna gurbanlyk sypasynda ýakdy.

14. Harun garyn-içegeleri we aýaklary ýuwup, olary ýakma gurbanlygy bilen bilelikde gurbanlyk sypasynda ýakdy.

15. Soňra Harun halkyň gurbanlygyny hödürledi. Ol halkyň günäleri üçin gurban ediljek erkeji getirip, onuň damagyny çaldy-da, öňki gurbanlyk ýaly, muny hem günä gurbanlygy hökmünde hödürledi.

16. Harun ýakma gurbanlygyny-da hödürläp, ony höküm boýunça hödür etdi.

17. Onsoň ol galla sadakasyny hödürläp, ondan goşawujyny dolduryp aldy-da, ony gurbanlyk sypasynda ýakdy. Bu galla sadakasy ertirlerine berilýän ýakma gurbanlyklaryndan daşarydy.

18. Harun halk üçin salamatlyk gurbanlygy hökmünde berilýän öküziň we goçuň damagyny çaldy. Harunyň ogullary gany onuň ýanyna getirdiler. Harun gany gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpdi.

19. Şeýle hem, Harunyň ogullary öküziň we goçuň ýaglaryny – guýruk ýaglaryny, garyn-içegeleriň daşyndaky ýaglary, iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini Haruna getirip berdiler.

20. Harun ilki ýagy döşleriň üstünde goýdy.

21. Soňra Musanyň tabşyryşy ýaly edip, Harun döşleri we sag budy Rebbe göterme sadakasy hökmünde ýokary galdyrdy.

22. Harun günä gurbanlygyny, ýakma gurbanlygyny, salamatlyk gurbanlygyny berenden soň, ellerini halka tarap uzadyp, olara ak pata berdi we gurbanlyk sypasyndan aşak düşdi.

23. Musa bilen Harun Rebbe ýüz tutulýan çadyra girdiler, soňra daşary çykyp, halka ak pata berdiler. Şol wagt Rebbiň şöhraty bütin halka göründi.

24. Rebbiň huzuryndan ot geldi, ot gurbanlyk sypasynyň üstündäki günä gurbanlygyny we ýagy ýakyp, olary küle öwürdi. Bu ahwalaty gören bütin halk gygyryşyp ýüzin ýykyldy. ‎

About Lewiler kitaby Chapter 9

Read Lewiler kitaby Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Lewiler kitaby
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Lewiler kitaby Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Lewiler kitaby Chapter 9?

Lewiler kitaby Chapter 9 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 6
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 3
  5. Zebur Chapter 4
  6. Zebur Chapter 2
  7. Zebur Chapter 11

Explore More from lewiler-kitaby

  1. Lewiler kitaby Chapter 22
  2. Lewiler kitaby Chapter 19
  3. Lewiler kitaby Chapter 18
  4. Lewiler kitaby Chapter 15
  5. Lewiler kitaby Chapter 20
  6. Lewiler kitaby Chapter 11
  7. Lewiler kitaby Chapter 8

Related Chapters & Readings

  1. Gelip çykyş Chapter 19
  2. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  3. Gelip çykyş Chapter 50
  4. Ezekiýel Chapter 28
  5. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  7. Müsürden çykyş Chapter 29
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *