Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 Online
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 12
Bap 12
1. Patyşalygy pugtalanyp, özi kuwwatlanandan soň, Rehabgam tutuş ysraýyl halky bilen birlikde Rebbiň kanunyny terk etdi.
2. Rehabgamyň patyşalygynyň bäşinji ýylynda Ysraýylyň Rebbe biwepalyk edendigi zerarly, Müsür patyşasy Şişak bir müň iki ýüz söweş arabasy we altmyş müň söweş arabaly esgerleri bilen Iýerusalimiň üstüne çozdy. Şişak bilen Müsürden gelenler – liwiýalylar, sukkiler we efiopiýalylar san-sajaksyzdy.
4. Şişak Ýahudanyň berkidilen galalaryny basyp alyp, Iýerusalime çenli geldi.
5. Şemaýa pygamber Şişak zerarly Iýerusalime ýygnanan Rehabgamyň we Ýahuda baştutanlarynyň ýanyna gelip, olara şeýle diýdi: «Reb şeýle diýýär: „Siz Meni terk etdiňiz, Men hem sizi terk edip, Şişagyň eline berdim“».
6. Onsoň Ysraýylyň baştutanlary we patyşa özlerini kiçeldip: «Reb adyldyr!» diýdiler.
7. Reb olaryň özlerini kiçeldenini görende, Şemaýa Rebbiň şu sözi geldi: «Olaryň özlerini kiçeldendigi üçin Men olary ýok etmerin. Emma Men olara biraz gutulyş bererin. Meniň gazabym Şişagyň eli bilen Iýerusalimiň üstüne dökülmez.
8. Muňa garamazdan, olar Şişagyň gullary bolarlar. Şonda olar Maňa hyzmat etmek bilen beýleki ýurtlaryň patyşalaryna hyzmat etmegiň parhyny bilerler».
9. Şeýdip, Müsür patyşasy Şişak Iýerusalime hüjüm etdi. Ol Rebbiň öýündäki hazynalaryň, patyşanyň köşgündäki hazynalaryň baryny talady. Ol Süleýmanyň altyndan ýasadan ähli galkanlaryny hem alyp gitdi.
10. Rehabgam patyşa bolsa olaryň deregine bürünçden galkanlar ýasadyp, olary patyşanyň köşgüniň gapysyny saklaýan garawullaryň baştutanlarynyň eline berdi.
11. Patyşa her sapar Rebbiň öýüne gidende, garawullar olary getirip, soňra ýene yzyna garawulhana äkidýärdiler.
12. Rehabgamyň özüni kiçeldendigi sebäpli, Rebbiň gazaby ondan sowlup, ony bütinleý ýok etmedi. Ýahudada-da ýagdaýlar gowudy.
13. Şeýdip, Rehabgam patyşa kuwwatlanyp, Iýerusalimde şalyk sürdi. Rehabgam patyşa bolanda kyrk bir ýaşyndady. Ol Rebbiň Özüne ybadat etmegi üçin Ysraýylyň ähli tireleriniň arasyndan saýlan şäheri bolan Iýerusalimde on ýedi ýyl şalyk sürdi. Onuň ejesiniň ady ammonly Nagamady.
14. Rehabgam pis işleri etdi. Ol Rebbi agtarmagy ýüregine düwmedi.
15. Rehabgamyň başdan-aýak eden işleri Şemaýa pygamberiň we Ydo görgüriň taryh kitaplarynda nesil daragtyna görä ýazylandyr. Rehabgam bilen Ýarobgamyň arasynda hemişe uruş boldy.
16. Rehabgam ata-babalaryna gowuşdy. Ol ata-babalarynyň ýanynda Dawut galasynda jaýlandy. Rehabgamyň ýerine ogly Abyýa patyşa boldy.
About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 12
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12?
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 12 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- Müsürden çykyş Chapter 2
- 1 Şamuwel Chapter 21
- Kanun taglymaty Chapter 17
- Işaýa Chapter 52
- 2 patyşalar Chapter 8
- Işaýa Chapter 35
- 2 patyşalar Chapter 23