Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 Online
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 2
Bap 2
1. Süleýman Rebbe ybadat öýüni we özüne köşk gurmak kararyna geldi.
2. Ol dagda ýetmiş müň sany hammaly, segsen müň sany daş ýonujyny we olaryň üstünden gözegçilik eder ýaly üç müň alty ýüz sany adamy toplady.
3. Süleýman Sur patyşasy Hurama çapar iberip şeýle diýdi: «Özüne ýaşar ýaly köşk gurunsyn diýip, kakam Dawuda iberen kedr agaçlaryňdan maňa-da ibermegiňi towakga edýärin.
4. Ine, men Hudaýym Rebbe öý gurup, ol öýi Oňa bagyş etmekçi bolýaryn. Ol öýde Rebbiň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakylar, adaty hödür çöregi hödürlener, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda we beýleki baýramlarda ertirlik we agşamlyk ýakma gurbanlyklary hödürlener. Bular Ysraýyl üçin ebedi parzdyr.
5. Biziň Hudaýymyzyň beýleki ähli hudaýlardan beýik bolşy ýaly, meniň gurjak öýüm hem beýik bolar.
6. Emma Oňa öý gurmaga kimiň güýji ýeter? Gögüň, hatda gökleriň gögüniňem Ony sygdyryp bilmeýän halatynda Oňa öý gurar ýaly men kimmişim? Men bu öýi Onuň huzurynda ýakymly ysly tütetgi ýakmak üçin gurýaryn.
7. Ýahudada we Iýerusalimde öz ýanymdaky kakam Dawudyň taýýarlan ökde ussalary bilen işlär ýaly maňa altyn, kümüş, bürünç, demir işlerine, goýy badam, gyrmyzy we gök ýüplük boýaglaryna, şeýle hem oýma işlerine ussat hünärment ibermegiňi towakga edýärin.
8. Maňa ýene Liwandan kedr, serwi we sandal agaçlaryny iber. Men seniň işçileriňiň Liwanda agaç kesmäge ussatdyklaryny bilýärin. Maňa bol agaç taýýarlamak üçin meniň işçilerim seniň işçileriň bilen bile işlärler.
9. Meniň gurjak öýüm juda uly we gözel bolar.
10. Ine, men seniň agaç kesen işçileriňe elli müň çuwal üwelen bugdaý, elli müň çuwal arpa, ýedi ýüz hum şerap we ýedi ýüz hum zeýtun ýagyny bererin».
11. Onsoň Sur patyşasy Huram Süleýmana hat üsti bilen jogap gaýtardy: «Reb Öz halkyny söýensoň, seni olaryň üstünden patyşa goýdy».
12. Huram sözüni şeýle dowam etdi: «Gögi we ýeri ýaradan Ysraýyl Hudaýy Rebbe alkyş bolsun! Reb Dawut patyşa pähim-paýhasdan we düşünjeden doly akylly ogul berdi. Şol ogul Rebbe öý we özüne köşk gurar.
13. Men saňa bir ussat we düşünjeli hünärment Huramabi ýollaýaryn.
14. Onuň ejesi danlardan bolup, kakasy hem surludy. Huramabi altyn, kümüş, bürünç, demir, daş, agaç işlerine, badam, gök we gyrmyzy ýüplük we keteni boýaglaryna, oýma işlerine we özüne berlen islendik nusga bilen işlemäge ussatdyr. Ol seniň hünärmentleriň we jenabym – kakaň Dawudyň hünärmentleri bilen işlär.
15. Indi, goý, jenabym wada beren bugdaýyny, arpasyny, zeýtun ýagyny we şerabyny öz gullaryna ibersin.
16. Biz saňa Liwandan näçe agaç gerek bolsa kesip, ony sallara ýükläp, Ýafo deňziniň üsti bilen akdyryp getireris; sen-de ony Iýerusalime äkidersiň».
17. Onsoň Süleýman kakasy Dawudyň hasaba alşy ýaly, Ysraýylda ýaşaýan gelmişekleriň baryny hasaba aldy. Gelmişekleriň sany bir ýüz elli üç müň alty ýüz boldy.
18. Süleýman olardan ýetmiş müň adamy ýük daşamaga, segsen müň adamy dagda daş ýonmaga, üç müň alty ýüz adamy-da işgärlere gözegçilige belledi.
About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 2
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2?
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
Explore More from Köne Äht
- Ýermeýa Chapter 34
- 1 Şamuwel Chapter 10
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
- 1 patyşalar Chapter 5
- Zebur Chapter 7
- Ezekiýel Chapter 36
- Ester Chapter 7