Read Lewiler kitaby Chapter 3 Online
Read Lewiler kitaby Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Lewiler kitaby 3
Bap 3
1. Berýän sadakaňyz salamatlyk gurbanlygy bolup, siz uly mal öldürmekçi bolsaňyz, onuň öküz ýa sygyrdygynyň parhy ýok, ol şikessiz mal bolmalydyr.
2. Malyň eýesi gurbanlyk malynyň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzynda onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary – ruhanylar gurbanlygyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
3. Siz salamatlyk gurbanlygyndan bar içýaglary hem-de garyn içegeleriň daşyndaky bar ýagy, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür ediň.
5. Onsoň Harunyň ogullary bulary gurbanlyk sypasynyň üstünde ýanyp duran otdaky ýakma gurbanlygy bilen bile ýaksynlar. Rebbe ot üsti bilen berilýän bu gurbanlygyň ysy, Oňa ýakymlydyr.
6. Eger salamatlyk gurbanlygy hökmünde Rebbe dowar süriňizden gurbanlyk hödür etmekçi bolsaňyz, onda ol goçmy, goýunmy, tekemi, geçimi parhy ýok, ol şikessiz dowar bolmalydyr.
7. Eger siz goýun gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, onda ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.
8. Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň kellesine elini goýup, onuň damagyny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde çalsyn. Harunyň ogullary onuň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
9. Malyň eýesi salamatlyk gurbanlygy üçin hödür edilen janlynyň ähli ýaglaryny: goýnuň türresiniň düýbünden kesilip alnan guýruk ýagynyňdyr içýaglarynyň baryny we garyn içegeleriň daşyndaky ýaglaryň baryny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen, bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin.
11. Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn.
12. Eger geçi gurbanlyk bermekçi bolsaňyz, siz ony Rebbiň huzuryna getirmelisiňiz.
13. Malyň eýesi onuň kellesine elini goýup, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň öňünde onuň damagyny çalsyn. Harunyň ogullary gurbanlyk janlysynyň ganyny gurbanlyk sypasynyň çar tarapyna serpsinler.
14. Malyň eýesi gurbanlyk janlysynyň bar içýaglaryny hem-de garyn içegeleriniň daşyndaky ähli ýagyny, bildäki iki böwregi daşynyň ýagy bilen we bagryň ýüzündäki ýag perdesini böwrekler bilen bile alyp, olary Rebbe ot üsti bilen berilýän gurbanlyk paýy hökmünde hödür etsin.
16. Onsoň ruhany bulary alyp, Rebbe ot üsti bilen berilýän iýmit sadakasy hökmünde gurbanlyk sypasynda ýaksyn. Onuň ysy Rebbe ýakymlydyr. Gurbanlygyň ähli ýagy Rebbe hödür edilsin.
17. Siz nirede ýaşasaňyz-da, etiň ýagyny we ganyny iýmäň. Bu siziň bütin nesilleriňiz üçin ebedi parz bolsun».
About Lewiler kitaby Chapter 3
Read Lewiler kitaby Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Lewiler kitaby
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Lewiler kitaby Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Lewiler kitaby Chapter 3?
Lewiler kitaby Chapter 3 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 9
- Gelip çykyş Chapter 18
Explore More from lewiler-kitaby
- Lewiler kitaby Chapter 11
- Lewiler kitaby Chapter 4
- Lewiler kitaby Chapter 10
- Lewiler kitaby Chapter 14
- Lewiler kitaby Chapter 6
- Lewiler kitaby Chapter 17
- Lewiler kitaby Chapter 12