2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 8

Bap 8

1. Süleýman Rebbiň öýi bilen öz köşgüni ýigrimi ýylda gurup gutardy.

2. Süleýman Huramyň özüne beren şäherlerini täzeden gurdy. Ysraýyllar şol şäherlerde ornaşdylar.

3. Süleýman Hamatzoba gidip, ony eýeledi.

4. Süleýman çölde Tadmory, Hamatda ammar şäherlerini gurdy.

5. Şeýle hem ol ýokarky we aşaky Beýthorony, berkidilen diwarly, derwezeli we kiltli galalary gurdy.

6. Şeýle hem Süleýman Bagalaty, özüniň ammar galalaryny, söweş arabalarynyň we söweş arabaly goşunyň saklanýan galalaryny, özüniň Iýerusalimde, Liwanda hem-de öz golastyndaky ýerleriň ählisinde gurmaga meýil eden zatlarynyň baryny gurdy.

7. Ysraýyl halkyndan bolmadyk hetler, amorlar, perizler, hiwiler hem-de ýabuslar entek hem şol ýurtda ýaşaýardylar.

8. Olar ysraýyllaryň bütinleý ýok etmedik halklarynyň nesilleridir. Süleýman olary gula öwürdi. Bu şu güne çenli hem şeýledir.

9. Emma Süleýman ysraýyl halkyny gul etmedi. Olar Süleýmanyň esgerleri, harby baştutanlary, onuň söweş arabaly goşunynyň serkerdeleridiler.

10. Olar Süleýman patyşanyň baş serkerdeleridi. Olaryň sany iki ýüz elli bolup, olar halka gözegçilik etdiler.

11. Süleýman Müsür patyşasy fyrownyň gyzyny Dawut galasyndan onuň üçin guran köşgüne getirdi. Süleýman: «Aýalym Ysraýylyň patyşasy Dawudyň köşgünde ýaşamasyn, çünki Rebbiň sandygynyň bolan ýerleri mukaddesdir» diýdi.

12. Süleýman eýwanyň öňünde Reb üçin guran gurbanlyk sypasynda Rebbe ýakma gurbanlyklaryny hödürledi.

13. Ol ýakma gurbanlyklaryny Musanyň tabşyrygy boýunça gündelik borja görä, Sabat günlerinde, Täze Aý baýramlarynda, ýylda üç gezek bolýan petir, Gyzyl kerwen baýramy we Çatma baýramlarynda hödür etdi.

14. Kakasy Dawudyň düzgüni boýunça Süleýman ruhany toparlaryny öz hyzmatlaryna belledi. Lewileri gündelik borjuň talabyna laýyklykda ruhanylar bilen hyzmat etmäge we alkyş aýtmaga belledi. Derwezebanlary toparlaryna görä her derwezä belledi. Çünki Hudaýyň adamy Dawut şeýle tabşyrypdy.

15. Olar ähli işde, hazyna babatda-da patyşanyň ruhanylara we lewilere beren tabşyryklaryndan çykmadylar.

16. Şeýdip, Rebbiň öýüniň düýbi tutulan gününden tä öýüň tamamlanan gününe çenli Süleýmanyň ähli işleri doly gurlup gutaryldy.

17. Soňra Süleýman Esýongebere we Edomyň deňiz ýakasynda bolan Elota gitdi.

18. Huram oňa öz nökerlerinden gämilere we deňze belet nökerler iberdi. Olar Opyra gidip, ol ýerden ýedi ýüz on batman altyn alyp, Süleýman patyşa getirip berdiler.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 8
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 7
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6

Explore More from Köne Äht

  1. Lewiler kitaby Chapter 26
  2. Ýermeýa Chapter 41
  3. Zebur Chapter 97
  4. Zebur Chapter 17
  5. Zebur Chapter 41
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  7. Ýermeýa Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 12
  2. Pawlusyň Rimlilere haty Chapter 16
  3. Ýakubyň haty Chapter 3
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 31
  5. Zebur Chapter 119
  6. Lukanyň Hoş Habary Chapter 5
  7. Zebur Chapter 39
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *