2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 30

Bap 30

1. Hizkiýa Ysraýyl Hudaýy Rebbe Pesah baýramyny bellemek üçin Rebbiň Iýerusalimdäki öýüne gelsinler diýip, bütin ysraýyl, ýahuda halklaryna habar ýollap, efraýymlara we manaşelere hem hatlar ýazdy.

2. Patyşa hem onuň baştutanlary we bütin halk Pesah baýramyny ikinji aýda bellemek barada maslahat geçiripdiler.

3. Çünki ruhanylaryň özlerini ýeterlik möçberde inlerini tämizlemändigi we halkyň Iýerusalime ýygnanmandygy sebäpli Pesahy bellenen wagtda edip bilmediler.

4. Bu niýet patyşanyň we halkyň gözüne dogry göründi.

5. Şeýdip, halk Iýerusalime gelip, Ysraýyl Hudaýy Reb üçin Pesah baýramyny bellesinler diýip, Beýerşebadan Dana çenli tutuş Ysraýylda yglan etmeli diýen karara geldiler, çünki halkyň köp bölegi Pesah baýramyny aýdylyşy ýaly ýerine ýetirmändiler.

6. Şeýdip, çaparlar patyşanyň we onuň baştutanlarynyň hatlary bilen tutuş Ysraýyla we Ýahuda aýlanyp, patyşanyň tabşyrygy boýunça şeýle diýdiler: «Eý, ysraýyllar! Ybraýymyň, Yshagyň we Ysraýyl Hudaýy Rebbe tarap öwrüliň! Reb Aşur patyşasynyň elinden gutulyp, aman galanlara tarap öwrüler!

7. Atalaryňyz we doganlaryňyz ýaly atalaryňyzyň Hudaýy Rebbe biwepalyk etmäň. Görşüňiz ýaly, Reb olary elhenç zada öwürdi.

8. Atalaryňyz ýaly boýnuýogyn bolmaň. Rebbe tabyn boluň, Onuň ebedilik mukaddes eden öýüne gelip, Hudaýyňyz Rebbe hyzmat ediň. Onsoň Onuň gazaby sizden sowlar.

9. Rebbe dolansaňyz, siziň garyndaşlaryňyz we çagalaryňyz özlerini ýesir alanlaryň alnynda rehim-şepagat tapyp, öz mekanlaryna dolanyp gelerler. Çünki Hudaýyňyz Reb merhemetlidir we rehimdardyr. Rebbe dolansaňyz, Ol sizden ýüz öwürmez».

10. Şeýdip, çaparlar Efraýym hem Manaşe ýurtlarynyň üsti bilen Zebuluna çenli şäherme-şäher aýlandylar, ýöne olar çaparlaryň üstünden gülüp, olary masgaraladylar.

11. Diňe Aşerden, Manaşeden we Zebulundan käbir adamlar özlerini kiçeldip, Iýerusalime geldiler.

12. Rebbiň sözüne görä patyşanyň we baştutanlaryň beren tabşyryklaryny ýerine ýetirmekde, olara agzybirlik beren Hudaýyň eli Ýahudanyň üstündedi.

13. Ikinji aýda Petir baýramyny bellemek üçin Iýerusalime köp halk, uly märeke ýygnandy.

14. Olar işe girişip, Iýerusalimdäki gurbanlyk sypalary we ähli ýakymly ysly tütetgi ýakylýan sypalary aýryp, Kidron çaýyna taşladylar.

15. Olar ikinji aýyň on dördüne Pesah gurbanlyk guzusyny soýdular. Ruhanylar we lewiler utanyp, inlerini tämizläp, ýakma gurbanlyklaryny Rebbiň öýüne getirdiler.

16. Olar Hudaýyň adamy Musanyň kanuny boýunça, öz adaty ýerlerinde durdular. Ruhanylar lewilerden alan gurbanlyk ganlaryny serpdiler.

17. Halkyň arasynda inini tämizlemedik köp adam bardy. Şonuň üçinem lewiler tämiz bolmadyk her adam üçin Pesah gurbanlyk guzusyny soýup, gurbanlygy Rebbe bagyş etdiler.

18. Efraýym, manaşe, ysakar we zebulun tirelerinden bolan köp adamlar özlerini tämizlemezden, Pesah gurbanlygyndan iýdiler. Olar iýip, düzgüni bozdular. Emma Hizkiýa olar üçin dileg etdi. Hizkiýa:

19. «Eý, merhemetli Reb, mukaddes ýeriň düzgünine görä tämiz bolmazdan ata-babalarynyň Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwen her kesi bagyşla» diýdi.

20. Reb Hizkiýanyň dilegini eşidip, halky bagyşlady.

21. Iýerusalimde bolan ysraýyl halky uly şatlyk bilen ýedi günläp Petir baýramyny belledi. Lewiler hem ruhanylar belent sesli saz gurallary bilen her gün Rebbe öwgi aýtdylar.

22. Hizkiýa Rebbiň hyzmatynda ussatlyk görkezen lewileri ruhlandyrdy. Şeýdip, olar salamatlyk gurbanlygyny berip, atalarynyň Hudaýy Rebbe şükürler aýdyp, ýedi günläp baýramçylyk iýmitlerini iýdiler.

23. Onsoň bütin halk ýene-de ýedi günläp baýram etmegi karar etdi. Şeýdip, olar ýene ýedi günläp şady-horramlykda baýram etdiler.

24. Ýahuda patyşasy Hizkiýa halka gurbanlyk üçin müň öküz, ýedi müň goýun berdi, baştutanlar hem halka müň öküz, on müň goýun berdiler. Köp sanly ruhanylar inlerini tämizlediler.

25. Bütin ýahuda halky, ruhanylar, lewiler we Ysraýyldan gelen tutuş halk, Ysraýyldan gelen keseki halklar hem-de Ýahudada mesgen tutan keseki halklar şatlandylar.

26. Iýerusalimde uly şatlyk boldy, çünki Ysraýyl patyşasy Dawudyň ogly Süleýmanyň döwründen bäri Iýerusalimde beýle baýram bolmandy.

27. Onsoň ruhanylardyr lewiler ýerlerinden turup, halka ak pata berdiler. Olaryň sesleri eşidilip, dilegleri gökdäki Hudaýyň mukaddes mesgenine ýetdi.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 30
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 30 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21

Explore More from Köne Äht

  1. 2 patyşalar Chapter 9
  2. Lewiler kitaby Chapter 22
  3. Zakarýa Chapter 14
  4. Işaýa Chapter 1
  5. Hagaý Chapter 2
  6. Gelip çykyş Chapter 33
  7. Zebur Chapter 59

Related Chapters & Readings

  1. Ýewreýlere haty Chapter 2
  2. Eýýup Chapter 7
  3. Eýýup Chapter 23
  4. Ýermeýa Chapter 21
  5. Eýýup Chapter 19
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 6
  7. Işaýa Chapter 35
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *