Read 2 Şamuwel Chapter 8 Online
Read 2 Şamuwel Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Şamuwel and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Şamuwel 8
Bap 8
1. Birnäçe wagtdan soň Dawut piliştlilere zarba urup, olary özüne tabyn etdi. Ol Metekamma galasyny piliştlileriň elinden aldy.
2. Ol mowaplylary-da ýeňdi. Olary ýerde hatara ýatyryp, ölçeg ýüpi bilen ölçäp, böleklere böldi. Her üç bölegiň birini diri galdyryp, iki bölegini öldürip çykdy. Şeýdip diri galan mowaplylar Dawuda gul bolup, salgyt tölediler.
3. Soňra Dawut Perat derýasynyň töweregindäki agalygyny täzeden dikeltmek üçin giden Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezeri boýun egdirdi.
4. Dawut onuň bir müň ýedi ýüz sany söweş arabasyny hem-de ýigrimi müň esgerli pyýada goşunyny ýesir aldy. Ol atlaryň ýüz araba ýeter ýalysyny goýup, galanlaryny maýyp etdi.
5. Damaskda ýaşaýan aramlylar Soba patyşasy Hadadgezere kömege gelende, Dawut aramlylaryň ýigrimi iki müňüsini öldürdi.
6. Dawut Damaskda ýaşaýan aramlylaryň arasynda goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Aramlylar Dawuda tabyn bolup, oňa salgyt tölediler. Dawudyň baran ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
7. Dawut Hadadgezeriň gullarynyň göterýän altyn galkanlaryny alyp, Iýerusalime getirdi.
8. Dawut patyşa Hadadgezeriň Beta hem-de Berotaý galalaryndan juda köp bürünç aldy.
9. Hamat şasy Togy Dawudyň Hadadgezeriň ähli goşunyny derbi-dagyn edendigini eşitdi.
10. Hadadgezer bilen urşup, ondan üstün çykmagy mynasybetli Dawut patyşany gutlamak hem-de hal-ahwal soraşmak üçin, Togy öz ogly Ýoramy Dawudyň ýanyna iberdi. Sebäbi Hadadgezer Togy bilen ýygy-ýygydan uruşýardy. Ýoram özi bilen kümüş, altyn hem bürünç sowgatlar äkitdi.
11. Dawut bu sowgatlary-da öz boýun egdiren ähli halklaryndan: edomlardan, mowaplardan, ammonlardan, piliştlilerden, amaleklerden hem-de Soba patyşasy Rehobyň ogly Hadadgezerden alan altyndyr kümüşleri bilen birlikde Rebbe bagyş etdi.
13. Duz jülgesinde on sekiz müň edomlyny öldürenden soň, Dawudyň meşhurlygy has artdy.
14. Ol Edomyň ähli ýerinde goşun bölümlerini ýerleşdirdi. Ähli edomlylar Dawuda tabyn boldular. Dawudyň giden ýerinde Reb oňa ýeňiş getirýärdi.
15. Şeýdip, Dawut tutuş Ysraýyla patyşalyk edýärdi. Ol tutuş halkyny adyllyk hem hakykat bilen dolandyrýardy.
16. Seruýanyň ogly Ýowap onuň goşunbaşysydy; Ahyludyň ogly Ýehoşapat – ýyl ýazgyçydy,
17. Ahytubyň ogly Sadok bilen Abýataryň ogly Ahymelek – ruhanydylar, Seraýa – kätipdi,
18. Ýehoýadanyň ogly Benaýa – keretler bilen peletleriň baştutanydy, Dawudyň ogullary bolsa ruhanydylar.
About 2 Şamuwel Chapter 8
Read 2 Şamuwel Chapter 8 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Şamuwel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Şamuwel
Chapter: 8
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Şamuwel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Şamuwel Chapter 8 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Şamuwel Chapter 8?
2 Şamuwel Chapter 8 is part of the Book of 2 Şamuwel in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Şamuwel Chapter 8 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2-şamuwel
- 2 Şamuwel Chapter 19
- 2 Şamuwel Chapter 15
- 2 Şamuwel Chapter 4
- 2 Şamuwel Chapter 23
- 2 Şamuwel Chapter 16
- 2 Şamuwel Chapter 14
- 2 Şamuwel Chapter 17
Explore More from Köne Äht
- Çölde Chapter 20
- Ýermeýa Chapter 7
- Lewiler kitaby Chapter 23
- Zebur Chapter 42
- Çölde Chapter 29
- 2 patyşalar Chapter 17
- Müsürden çykyş Chapter 34