Read Işaýa Chapter 52 Online
Read Işaýa Chapter 52 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 52
Bap 52
1. Oýan, eý, Siýon, oýan! Gudratyňa beslen! Eý, Iýerusalim, mukaddes şäher, gözel lybasa gir! Sünnetsizler, murdar adamlar içeri girmezler asla.
2. Üstüňdäki tozany kak-da, gal, eý, Iýerusalim, tagtda otur. Boýnuňdaky zynjyry üz, eý, Siýon, ýesir gyz!
3. Reb şeýle diýýär: «Siz mugt satyldyňyz, yzyňyza pul tölenmän alnarsyňyz».
4. Hökmürowan Reb şeýle diýýär: «Halkym mesgen tutjak bolup, owal Müsüre gidipdi; soňra aşurlar olara nähak sütem etdiler».
5. Reb: «Indi bu ýerde nämäm bar?» diýýär. «Halkym biderek ýere äkidildi, hökümdarlary perýat edýärler. Adym uzakly gün harlanýar» diýýär Reb.
6. «Munuň üçin halkym Meniň adymy biler; şonuň üçin gepleýäniň Mendigimi şol gün bilerler. Ine, bu Mendiri».
7. Dagdan aşyp, parahatlygy yglan edýän habarçynyň gelşi ne gözeldir! Ol: «Reb Halasgärdir» diýip jar edip, Siýona: «Hudaýyň höküm sürýär» diýip, hoş habar getirýär.
8. Diňläň! Garawullaryň seslerini gataldýar, birlikde şatlykdan aýdym aýdýarlar; Rebbiň Siýona gaýdyp gelşini öz gözleri bilen görerler olar.
9. Eý, Iýerusalimiň harabalary, şatlyk bilen aýdyma gygyryň! Reb Öz halkyna teselli berdi, Iýerusalimi azat etdi.
10. Bütin milletleriň gözleriniň alnynda Reb mukaddes bilegini çermedi; ýeriň aňry ujy Hudaýymyzyň halas edýändigini görer.
11. Baryň, gidiň, ol ýerden çykyň! Haram zatlara el degirmäň; ol ýerden çykyp, tämizleniň, eý, Rebbiň gap-gaçlaryny göterýänler!
12. Emma siz gyssagly çykmarsyňyz, gaçyp gitmersiňiz; çünki Reb siziň öňüňizden gider, Ysraýylyň Hudaýy yzyňyzda gorag bolar. Rebbiň gulunyň ejir çekmesi we beýgeldilişi
13. Ine, gulum rowaçlanar, ol beýgeldiler, ýokary galdyrylar, gaty belende çykarylar.
14. Köpler oňa haýran galdy. Onuň keşbi ähli ynsanyňkydan betnyşandy, syraty ynsan oglunyňka meňzemeýärdi.
15. Ol köp milletleri geň galdyrar; patyşalar onuň ýanynda agzyny ýumarlar; çünki olar öň aýdylmadyk zady görüp, eşitmedik zatlaryna düşünerler.
About Işaýa Chapter 52
Read Işaýa Chapter 52 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 52
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 52 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 52?
Işaýa Chapter 52 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 52 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 1
- Isaya Chapter 2
- Isaya Chapter 6
- Isaya Chapter 3
- Isaya Chapter 7
- Isaya Chapter 5
- Isaya Chapter 14
Explore More from Köne Äht
- Kanun taglymaty Chapter 31
- Nehemýa Chapter 9
- Ezekiýel Chapter 33
- Ysraýyl serdarlary Chapter 8
- Gelip çykyş Chapter 40
- Çölde Chapter 5
- Zebur Chapter 27