Read Nehemýa Chapter 3 Online
Read Nehemýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Nehemýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Nehemýa 3
Bap 3
1. Onsoň baş ruhany Elýaşyp we onuň ruhany doganlary Goýun derwezesini täzeden gurup, onuň gapylaryny oturtdylar. Onsoň olar diwary Ýüzler diňine we Hananel diňine çenli bagyş etdiler.
2. Elýaşyň gapdalynda Ýerihonyň halky gurýardy. Olaryň gapdalynda bolsa Imriniň ogly Zakur gurdy.
3. Hasenanyň ogullary Balyk derwezesini bina etdiler. Olar onuň pürslerini goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
4. Olaryň gapdalyndaky diwar bölümini Hakosyň agtygy, Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Meşezabeliň agtygy, Berekýanyň ogly Meşullam dikeltdi. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini bolsa Bagananyň ogly Sadok dikeltdi.
5. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini tekowalylar dikeltdiler. Ýöne olaryň begleri baştutanlary tarapyndan bellenen işi etmekden ýüz öwürdiler.
6. Paseýanyň ogly Ýoýada bilen Besodýanyň ogly Meşullam Köne derwezäni dikeltdi. Olar pürsleri goýup, derwezäniň gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar.
7. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini gibgonly Melatýa bilen meronotly Ýadon Perat derýasynyň günbataryndaky welaýatyň hökümdarynyň golastyndaky Gibgonyň we Mispanyň ýaşaýjylary bilen bile dikeltdiler.
8. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini zergärlerden Harhaýanyň ogly Uzyýel dikeltdi. Onuň gapdalynda bolsa atyr ýasaýjylardan bolan Hananýa diwary dikeltdi. Olar Iýerusalimi tä Giň diwara çenli berkitdiler.
9. Olaryň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalimiň etrabynyň ýarysynyň häkimi Huruň ogly Repaýa dikeltdi.
10. Olaryň gapdalynda Harumapyň ogly Ýedaýa öz öýüniň garşysyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Haşabneýanyň ogly Hatuş dikeltdi.
11. Harymyň ogly Malkyýa bilen Pahatmowabyň ogly Haşup diwaryň başga bir bölegini we Tamdyrlar diňini dikeltdiler.
12. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini Iýerusalim etrabynyň galan ýarysynyň häkimi Halloheşiň ogly Şallum we onuň gyzlary dikeltdiler.
13. Hanun we zanowalylar Dere derwezesini dikeldip, onuň gapylaryny oturdyp, nurbatlaryny we kiltlerini dakdylar. Olar Dökün derwezesine çenli diwaryň müň tirsek aralygyny dikeltdiler.
14. Beýthakerem etrabynyň häkimi Rekawyň ogly Malkyýa Dökün derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň gapylaryny oturtdy we nurbatlaryny, kiltlerini dakdy.
15. Mispa etrabynyň häkimi Kolhozeniň ogly Şallum Bulak derwezesini dikeltdi. Ol derwezäni täzeden bina edip, onuň üstüni basyrdy, gapylaryny ýerine oturdyp, onuň nurbatlaryny we kiltlerini dakdy. Şeýle hem ol patyşa bagynyň ýanyndaky Şela howzunyň diwaryny tä Dawut şäherinden aşak inýän basgançaklara barýança gurdy.
16. Şallumdan soň Beýtsur etrabynyň ýarysynyň häkimi Azbugyň ogly Nehemýa Dawut gonamçylygynyň garşysyndan tä emeli howza we edermen urşujylaryň öýüne çenli bolan diwary dikeltdi.
17. Onuň gapdalyndaky diwar bölegini lewiler dikeltdiler: Banynyň ogly Rehum onuň gapdalyndaky diwary dikeltdi; Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Haşabýa öz etraby üçin bir diwar bölegini dikeltdi.
18. Onuň gapdalynda olaryň garyndaşlary, Kegila etrabynyň ýarysynyň häkimi Henadadyň ogly Bawaý beýleki diwar bölegini dikeltdi.
19. Bawaýyň gapdalynda diwaryň öwrülýän ýerinden gorhana uçudynyň gabadynda bolan diwaryň binýat diregini Mispanyň häkimi Ýeşuwanyň ogly Ezer dikeltdi.
20. Ezerden soň diwaryň öwrülýän ýerinden, baş ruhany Elýaşybyň öýüniň gapysyna çenli diwary Zakaýyň ogly Baruk dikeltdi.
21. Barukdan soň Elýaşybyň öýüniň gapysyndan tä öýüň gutarýan ýerine çenli aralykdaky diwary Hakosyň agtygy Uryýanyň ogly Meremot dikeltdi.
22. Meremotdan soň Iýerusalimiň töwerek-daşyndaky ýerlerden gelen ruhanylar diwaryň bir bölegini dikeltdiler.
23. Olaryň gapdalynda Benýamin bilen Haşup öz öýleriniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Ananýanyň agtygy, Magaseýanyň ogly Azarýa öz öýüniň ýanyndaky diwar bölegini dikeltdi.
24. Onuň gapdalynda Henadadyň ogly Binnuý Azarýanyň öýünden diwaryň öwrümine – burça çenli bolan diwar bölegini dikeltdi.
25. Uzaýyň ogly Palal diwar öwrüminiň garşysyny we garawulhana howlusynyň ýanyndaky ýokarky köşgüň diňini dikeltdi.
26. Onuň gapdalynda Paroşyň ogly Pedaýa bilen Ofelde ýaşaýan ybadathana hyzmatkärleri gündogarda Suw derwezesiniň gabadyna we garawul diňine çenli aralykdaky diwar bölegini dikeltdiler.
27. Onsoň tekowalylar beýik gorag diňiniň garşysyndaky Ofel diwaryna çenli bolan aralygy dikeltdiler.
28. Ruhanylar At derwezesinden başlap, demirgazyga tarap hersi, öz öýleriniň gabadyndaky diwary dikeltdiler.
29. Olaryň gapdalynda Immeriň ogly Sadok öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi. Onuň gapdalynda Gündogar derwezesini saklaýan Şekanýanyň ogly Şemagýa bir diwar bölegini dikeltdi.
30. Onuň gapdalyndaky diwar bölümini Şelemýanyň ogly Hananýa bilen Salapyň altynjy ogly Hanun dikeltdiler. Olaryň gapdalynda Berekýanyň ogly Meşullam öz öýüniň gabadyndaky diwar bölegini dikeltdi.
31. Onuň gapdalyndaky diwar bölümini zergärlerden bolan Malkyýa Gözden geçiriş derwezesiniň garşysynda bolan ybadathana hyzmatkärleriniň hem-de täjirleriň öýüne çenli bolan aralygy we burçdaky ýokarky otaga çenli bolan aralygy dikeltdi.
32. Burçda ýerleşen ýokarky otag bilen Goýun derwezesiniň aralygyndaky diwar bölegini zergärler bilen täjirler dikeltdiler.
About Nehemýa Chapter 3
Read Nehemýa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Nehemýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Nehemýa
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Nehemýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Nehemýa Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Nehemýa Chapter 3?
Nehemýa Chapter 3 is part of the Book of Nehemýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Nehemýa Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Eýýup Chapter 5
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from nehemya
- Nehemýa Chapter 13
- Nehemya Chapter 10
- Nehemya Chapter 4
- Nehemýa Chapter 8
- Nehemýa Chapter 4
- Nehemya Chapter 8
- Nehemya Chapter 3