Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 Online
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 3
Bap 3
1. Süleýman Iýerusalimde kakasy Dawuda Rebbiň görnen Moryýa dagyndaky, Dawudyň taýýarlan ýeri – ýabusly Ornanyň harmanynda Rebbiň öýüniň gurluşygyna başlady.
2. Süleýman patyşalygynyň dördünji ýylynyň ikinji aýynyň ikisi güni öýüň gurluşygyna başlady.
3. Süleýman patyşanyň Hudaý üçin guran öýüniň uzynlygy öňki ölçeg boýunça altmyş tirsek, ini ýigrimi tirsekdi.
4. Öýüň öňündäki eýwanyň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsekdi; onuň beýikligi bir ýüz ýigrimi tirsekdi. Süleýman onuň iç tarapyny sap altyna gaplady.
5. Ol uly otagy serwi agajy bilen örtüp, ony sap altyna gaplady we onuň üstüne palma agajynyň hem-de zynjyryň nagşyny saldy.
6. Süleýman öýi owadan, gymmatbaha daşlar bilen bezedi. Altyn Parwaýymdan getirilipdi.
7. Şeýdip, ol öýe, onuň pürslerine, gapy bosagalaryna, diwarlaryna altyn çaýdy. Ol diwarlara oýup, keruplaryň şekilini çekdi.
8. Süleýman iň mukaddes otagy-da gurdy; onuň boýy öýüň inine görä ýigrimi tirsek, ini hem ýigrimi tirsekdi; ol mukaddes otagy dokuz ýüz batman sap altyna gaplady.
9. Altyn çüýleriň agramy bir ýarym gadak töweregidi. Süleýman ýokarky otaglary-da altyna gaplady.
10. Süleýman iň mukaddes otagda iki kerubyň heýkelini ýasap, olary altyna gaplady.
11. Keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy ýigrimi tirsekdi. Bir kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol beýleki kerubyň ganatyna degýärdi.
12. Ikinji kerubyň bir ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol öýüň beýleki diwaryna degýärdi, beýleki ganatynyň uzynlygy bäş tirsek bolup, ol birinji kerubyň ganatyna degýärdi.
13. Bu keruplaryň ganatlarynyň uzynlygy jemi ýigrimi tirsekdi. Keruplar uly otaga tarap seredip, aýaklarynyň üstünde durdular.
14. Süleýman tutyny gök, goýy gyrmyzy we al ýüpeklerden we nepis matadan etdi, ýüzüne keruplaryň nagşyny saldy.
15. Ol öýüň öňünde beýikligi otuz bäş tirsek bolan iki sany sütün ýasady. Her sütüniň ýokarsynda bäş tirsek bolan täç bardy.
16. Tor şekilli örme zynjyrlar ýasalyp, her sütüniň depesi olar bilen bezelendi. Süleýman ýüz sany nar ýasap, olary zynjyrlaryň üstünde goýdy.
17. Ol sütünleri öýüň öňünde dikdi. Ol günortada sütün dikip, ony Ýakyn diýip atlandyrdy. Beýlekisini demirgazykda dikip, ony Bowaz diýip atlandyrdy.
About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3?
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
Explore More from Köne Äht
- 1 Şamuwel Chapter 10
- Hoşeýa Chapter 12
- Işaýa Chapter 60
- Zebur Chapter 67
- Çölde Chapter 31
- Işaýa Chapter 14
- Ýermeýa Chapter 12