2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 11

Bap 11

1. Rehabgam Iýerusalime geldi. Demirgazyk ysraýyl tirelerine garşy urşup, patyşalygy Rehabgama gaýtaryp bermek üçin, ýahuda hem-de benýamin tirelerinden ýüz segsen müň saýlama goşun toplady.

2. Emma Hudaýyň adamy Şemagýa Rebbiň şu sözi geldi:

3. «Süleýmanyň ogly, Ýahudanyň patyşasy Rehabgama, Ýahudadaky we Benýamindäki bütin ysraýyl halkyna

4. Reb şeýle diýýär diý: „Siz doganlaryňyzyň garşysyna uruşmaň. Her kes öz öýüne gaýtsyn, çünki bu bolan waka Mendendir“». Olar Rebbiň sözüne gulak asyp, Ýarobgamyň garşysyna çykman, öýlerine gaýtdylar.

5. Rehabgam Iýerusalimde mesgen tutup, Ýahudany goramak üçin galalar gurdy.

6. Ol Beýtullahamy, Eýtamy, Tekowany,

7. Beýtsury, Sokony, Adullamy,

8. Gaty, Mareşany, Zipi,

9. Adoraýymy, Lakyşy, Azekany,

10. Zorany, Aýalony we Hebrony gurdy. Rehabgam Ýahudadaky we Benýamindäki galalary berkitdi.

11. Rehabgam galalary berkidip, olara serkerdeler belledi. Galalaryň hersini azyk, ýag we şerap bilen üpjün etdi.

12. Ol şeýle hem, ähli galalarda uly galkanlary we naýzalary goýup, olary has berkitdi. Ýahuda bilen Benýamin Rehabgamyňkydy.

13. Ruhanylar we lewiler Ysraýylyň dürli çäklerinden Rehabgamyň ýanyna geldiler.

14. Lewiler öz öri meýdanlaryny we mülklerini taşlap, Ýahuda, Iýerusalime geldiler, çünki Ýarobgam we onuň ogullary olary ruhanylyk etmekden aýrypdylar.

15. Ýarobgam sežde edilýän ýerlere, öz ýasan but erkeçlerine we gölelerine ruhanylaryny belledi.

16. Ysraýylyň ähli tirelerinden Ysraýyl Hudaýy Rebbi agtarmagy ýüregine düwenler atalarynyň Hudaýyna gurbanlyk bermek üçin lewileriň yzyndan Iýerusalime geldiler.

17. Olar Ýahuda patyşalygyny kuwwatlandyrdylar. Olar üç ýyllap Süleýmanyň ogly Rehabgama goldaw berdiler, çünki olar üç ýyllap Dawudyň, Süleýmanyň ýolundan ýöräpdiler.

18. Rehabgam Mahalata öýlendi. Mahalat Dawudyň ogly Ýerimot bilen Abyhaýylyň gyzydy. Abyhaýyl Ýyşaýyň ogly Eliýabyň gyzydy.

19. Mahalat Rehabgama: Ýeguş, Şemarýa we Zaham atly ogullary dogrup berdi.

20. Mahalatdan soň Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magaka öýlendi. Magaka oňa: Abyýa, Ataý, Ziza we Şelomyt atly ogullary dogrup berdi.

21. Rehabgam Abyşalomyň gyzy Magakany beýleki hemme aýallaryndan we gyrnaklaryndan eý görýärdi. Rehabgamyň on sekiz aýaly we altmyş gyrnagy bardy; ol ýigrimi sekiz ogluň we altmyş gyzyň atasydy.

22. Rehabgam Magakanyň ogly Abyýany geljekde patyşa etmek niýeti bilen inilerine baştutan belledi.

23. Rehabgam parasatlyk bilen ogullaryny tutuş Ýahuda we Benýamin welaýatlaryna, ähli galalara iberip, olara ummasyz azyk berdi, olara köp aýallar alyp berdi.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 11
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 11 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 16

Explore More from Köne Äht

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 33
  2. Gelip çykyş Chapter 3
  3. Kanun taglymaty Chapter 6
  4. 1 patyşalar Chapter 10
  5. Zebur Chapter 108
  6. Çölde Chapter 32
  7. 2 patyşalar Chapter 25

Related Chapters & Readings

  1. Zakarýa Chapter 1
  2. Kanun taglymaty Chapter 13
  3. Çölde Chapter 20
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 29
  5. Zebur Chapter 73
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 10
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *