Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 Online
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 23
Bap 23
1. Ýedinji ýylda Ýehoýada gaýrata galyp, ýüzbaşylar Ýerohamyň ogly Azarýa, Ýehohananyň ogly Ysmaýyl, Obediniň ogly Azarýa, Adaýanyň ogly Magaseýa we Zikriniň ogly Elişapat bilen äht edişdi.
2. Ýüzbaşylar Ýahuda aýlanyp, Ýahudanyň ähli şäherlerinden lewileri we ysraýylyň tirebaşylaryny toplap, Iýerusalime geldiler.
3. Onsoň bütin jemagat Hudaýyň öýünde patyşanyň ogly bilen äht edişdi. Ýehoýada olara şeýle diýdi: «Ine, bu patyşanyň ogludyr. Rebbiň Dawudyň ogullary barada beren wadasyna görä patyşalyk eder.
4. Siziň etmeli işiňiz şudur: Sabat güni hyzmata gelýän ruhanylaryň we lewileriň üçden biri derwezeban bolsun.
5. Üçden biriňiz patyşanyň köşgünde, üçden biriňiz Bina derwezesinde, tutuş halk hem Rebbiň öýüniň howlusynda bolsun.
6. Rebbiň öýüne ruhanylardan we hyzmat edýän lewilerden başga hiç kim girmesin. Ruhanylar bilen lewiler girip bilerler, çünki olar mukaddesdirler. Ýöne bütin halk Rebbiň görkezmelerini berjaý etsin.
7. Lewileriň ählisiniň eli ýaragly bolup, olar patyşanyň daşyny gurşasyn. Öýe ýakynlaşan adam öldürilsin. Patyşa girende-çykanda onuň ýanynda boluň».
8. Lewiler we bütin ýahuda halky Ýehoýada ruhanynyň tabşyran zatlaryny aýdyşy ýaly ýerine ýetirdiler. Olaryň hersi öz adamlaryny Sabat güni nobatçylyk edenleri-de, etmedikleri-de alyp geldiler, Ýehoýada ruhany toparlaryň hiç birini goýbermedi.
9. Ýehoýada ruhany Dawut patyşanyň Hudaýyň öýündäki naýzalaryny, uly we kiçi galkanlaryny serkerdelere berdi.
10. Ýehoýada bütin halky patyşany goramak üçin öýüň daş-töwereginde, gurbanlyk sypasynyň we öýüň töwereginde garawul hökmünde goýdy, olaryň hersiniň elleri ýaraglydy.
11. Onsoň Ýehoýada patyşanyň ogly Ýowaşy daşary çykaryp, başyna täç geýdirip, oňa patyşalyk ähtini berdi. Ýehoýada bilen onuň ogullary Ýowaşyň başyna ýag çalyp, ony patyşalyga bellediler. Ony patyşa diýip yglan edip: «Ýaşasyn patyşa!» diýip gygyryşdylar.
12. Atalýa halkyň ylgaşyp, patyşany alkyşlaýanyny eşidende, halkyň ýanyna, Rebbiň öýüne geldi.
13. Görse, ine, patyşa girelgede öz sütüniniň ýanynda durdy. Serkerdelerdir surnaýçylar-da patyşanyň ýanyndadylar. Ýurduň bütin halky şatlanyp, surnaý çalýardy, nagmaçylar hem öz saz gurallary bilen alkyş aýdýardylar. Atalýa ýakasyny ýyrtyp: «Haýynlyk! Haýynlyk!» diýip gygyrdy.
14. Onsoň Ýehoýada ruhany goşun ýüzbaşylaryna: «Atalýany bu ýerden çykaryň. Onuň yzyna eýereni gylyçdan geçiriň» diýip buýruk berdi. Çünki ruhany: «Goý, ol Rebbiň öýünde öldürilmesin» diýipdi.
15. Şeýdip, olar Atalýany tutdular. Ony At derwezesinden patyşanyň köşgüne getirip, şol ýerde öldürdiler.
16. Halk Rebbiň halky bolar ýaly, Ýehoýada özüniň, bütin halkyň we patyşanyň arasynda äht etdi.
17. Onsoň bütin halk Bagalyň buthanasyna baryp, ony ýykdy. Ondaky gurbanlyk sypalaryny, butlary döwüp, bölek-bölek edip taşladylar. Olar Bagalyň ruhanysy Matany gurbanlyk sypalarynyň öňünde öldürdiler.
18. Ruhany Rebbiň öýüne gözegçilik etmek işine ruhanylary we lewileri belledi. Dawut olary Rebbiň öýüne gözegçilik etmäge belläpdi. Olar Musanyň kanunynda ýazylyşy ýaly, Dawudyň tabşyrygy boýunça şadyhorramlyk we aýdym-saz bilen Rebbe ýakma gurbanlyklar hödürlemelidiler.
19. Ýehoýada Rebbiň öýüne hiç bir haram adam girmez ýaly, onuň derwezesinde garawullar goýdy.
20. Ýehoýada ruhany ýüzbaşylary, han-begleri, halkyň häkimlerini, ýurduň bütin halkyny özi bilen alyp gitdi. Olar patyşany Rebbiň öýünden alyp, ýokarky derwezäniň üsti bilen köşge getirdiler. Ýowaşy şa tagtynda oturtdylar.
21. Şeýdip, ýurduň bütin ilaty şat boldy. Atalýa gylyçdan geçirilenden soň, şäherde ümsümlik boldy.
About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23
Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 23
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23?
2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
Explore More from Köne Äht
- Ysraýyl serdarlary Chapter 17
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- Işaýa Chapter 42
- Müsürden çykyş Chapter 21
- Ysraýyl serdarlary Chapter 14
- Gelip çykyş Chapter 3
- Ýermeýa Chapter 19