2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 4

Bap 4

1. Süleýman uzynlygyny we inini ýigrimi tirsek, beýikligini on tirsek edip, bürünçden gurbanlyk sypasyny ýasatdy.

2. Soňra ol bir gyrasyndan beýleki gyrasyna çenli on tirsek, beýikligi bäş tirsek edip, bürünçden uly guýma taz ýasady. Oňa: «Deňiz» diýildi. Onuň töweregi otuz tirsekdi.

3. Deňziň erňeginiň aşagynda daşyna aýlanan, hersi on tirsek bolan iki hatar ökuz şekilli guýma nagyşlar bardy. Olar Deňiz bilen bile guýlup ýasalandy.

4. Deňiz on iki öküziň üstünde durdy. Öküzleriň üçüsi demirgazyga, üçüsi günbatara, üçüsi günorta, üçüsi hem gündogara bakyp durdy. Deňiz olaryň üstünde ýerleşdirilip, öküzleriň arkasy içe tarap bakyp durdy.

5. Deňziň galyňlygy dört barmak bolup, erňegi käsäniň erňegi ýaly açylan gülüň şekilindedi. Ol bir müň elli gorküýze tutýardy.

6. Şeýle hem ol zatlary ýuwar ýaly on sany bürünç legen ýasady. Olaryň bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini demirgazyk tarapda goýdy. Bu legenlerde ýakma gurbanlyk üçin ulanylan zatlar ýuwuldy. Deňiz ruhanylaryň ýuwunmagy üçindi.

7. Ol berlen nusga görä, sap altyndan on sany şemdany ýasap, olaryň bäşisini ybadathananyň günorta tarapynda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapynda goýdy.

8. Ol on sany hantagta ýasap, olary ybadathanada – bäşisini günorta tarapda, beýleki bäşisini-de demirgazyk tarapda goýdy. Ol ýüz sany altyn legen ýasady.

9. Ol ruhanylaryň howlusyny, uly howlyny we howlynyň gapylaryny ýasap, olary bürünje gaplady.

10. Deňzi öýüň sag tarapynda – günorta-gündogar burçunda ýerleşdirdi. 11–15 Huramabi şeýle hem, gazanlar, kül atarlar we legenler ýasady. Şeýdip, ol Hudaýyň öýünde Süleýman patyşa üçin etmeli işlerini, ýagny iki sütüni, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji, sütünleriň depesindäki iki jam şekilli täji bezäp duran iki sany örme zynjyry, sütünleriň depesindäki jam şekilli täjiň örtýän örme zynjyryna dakmak üçin iki hatarda dört ýüz sany nary, arabalary, arabalaryň üstündäki legenleri, bir sany tazy hem-de tazyň astyndaky on iki öküzi ýasap boldy.

16. Gazanlar, kül atarlar, çarşaklar we Huramabiniň Rebbiň öýi üçin Süleýman patyşa ýasap beren enjamlary ýalpyldawuk bürünçdendi.

17. Patyşa bulary Iordan düzlüginde, Sukot bilen Seredanyň arasyndaky toýun toprakly ýerde guýdurdy.

18. Süleýman ummasyz köp gap-gaçlary ýasatdy, şoňa görä sarp edilen bürünjiň agramy anyklanmady. 19–22 Şeýdip, Süleýman Hudaýyň öýündäki ähli enjamlary: altyndan edilen gurbanlyk sypasyny, Rebbe hödür çöregi goýulýan hantagtalary, düzgün boýunça iň mukaddes otagyň öňünde ýakmak üçin sap altyn çyradanlary çyralary bilen, sap altyn gülleri, çyralary, ätişgirleri, sap altyn müçenekleri, pelte gaýçysyny, legenleri, jamlary, maňňallary ýasatdy. Öýüň girelgesi–iň mukaddes otagyň hem-de öýüň mukaddes otagynyň gapylary altyndy.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 4
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 21
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 1
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 29

Explore More from Köne Äht

  1. Ýeşuwa Chapter 15
  2. Zebur Chapter 145
  3. Eýýup Chapter 6
  4. Zebur Chapter 36
  5. Zebur Chapter 128
  6. 1 Şamuwel Chapter 26
  7. Zebur Chapter 20

Related Chapters & Readings

  1. Ýermeýa Chapter 35
  2. Rut Chapter 2
  3. Markusyň Hoş Habary Chapter 12
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 25
  5. Ezekiýel Chapter 20
  6. 1 patyşalar Chapter 7
  7. Zakarýa Chapter 6
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *