2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17

For English

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 Online

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby 17

Bap 17

1. Asanyň ogly Ýehoşapat onuň ýerine patyşa boldy. Ol Ysraýyla garşy güýç toplady.

2. Ol Ýahudanyň esasy galalarynyň ählisinde goşun goýdy. Kakasy Asanyň basyp alan galalary bolan Efraýym galalarynda goşun ýerleşdirdi.

3. Reb Ýehoşapat bilendi, sebäbi ol kakasynyň owalky ýollaryndan ýöredi.

4. Ýehoşapat Bagaly agtarman kakasynyň Hudaýyny agtaryp, Onuň tabşyryklaryna gulak goýdy, Ysraýylyň ýoluna eýermedi.

5. Şonuň üçin hem Reb onuň patyşalygyny berkitdi. Ähli ýahuda halky Ýehoşapata salgyt töledi. Ol gaty baý hem at-abraýlydy.

6. Ýehoşapat Rebbiň ýolundan ýöremeklige ýüregi bilen berlendi. Ol Ýahudadaky sežde edilýän ýerleri we Aşera butlaryny ýok etdi.

7. Patyşalygynyň üçünji ýylynda Ýehoşapat Ýahudanyň şäherlerinde halka tälim bersinler diýip emeldarlaryndan Benhaýyly, Zakarýany, Nataniýeli we Mikaýany iberdi.

8. Lewilerden Şemaýa, Netanyýa, Zebadýa, Asahel, Şemiramot, Ýonatan, Adonyýa, Tobyýa, Tobadonyýa hem-de ruhanylar Elişama, Ýoram olar bilen gitdiler.

9. Olar Ýahudada tälim berdiler. Ýanlaryna Rebbiň kanun kitabyny alyp, Ýahudanyň ähli şäherlerine aýlanyp, halka tälim berdiler.

10. Ýahudanyň töweregindäki ähli ýurtlaryň patyşalyklaryna Rebbiň gorkusy aralaşdy. Olar Ýehoşapata garşy uruş etmediler.

11. Piliştlileriň käbirleri Ýehoşapata sowgatlar, salgyt üçin kümüş getirdiler; araplar hem ýedi müň ýedi ýüz goç we ýedi müň ýedi ýüz erkeç getirdiler.

12. Ýehoşapat gitdigisaýy güýçlenýärdi. Ol Ýahudada galalar we ammar şäherlerini gurdy.

13. Ol Ýahuda şäherlerinde beýik işleri etdi. Onuň Iýerusalimde söweşijileri we batyr ýigitleri bardy.

14. Uruglaryna görä olaryň sany şulardy: Ýahudanyň müňbaşylary: serkerde Adna üç ýüz müň batyr ýigit bilen,

15. ondan soň serkerde Ýehohanan iki ýüz segsen müň esger bilen,

16. ondan soň Zikriniň ogly Amasýa, Rebbiň meýletin hyzmatkäri iki ýüz müň batyr ýigit bilen.

17. Benýaminlerden: batyr ýigit Elýada iki ýüz müň ýaýdyr galkan bilen ýaraglanan esger bilen,

18. ondan soň Ýehozabat urşa taýýar ýüz segsen müň esger bilen.

19. Bular patyşanyň bütin Ýahudadaky berkidilen galalarynda ýerleşdiren esgerlerinden daşary patyşa hyzmat edýän esgerlerdi.

About 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17

Read 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby
Chapter: 17
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17?

2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 is part of the Book of 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2 ýyl ýazgylarynyň kitaby

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 2
  2. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 4
  4. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 36
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 32
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 27
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Müsürden çykyş Chapter 19
  2. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  3. Ýeşuwa Chapter 14
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
  5. Ýermeýa Chapter 2
  6. Ezekiýel Chapter 43
  7. Ezekiýel Chapter 7

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 120
  2. Çölde Chapter 9
  3. Zebur Chapter 96
  4. 1 Şamuwel Chapter 17
  5. Rut Chapter 4
  6. Mika Chapter 1
  7. Çölde Chapter 21
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *