Zebur Chapter 107

For English

Read Zebur Chapter 107 Online

Read Zebur Chapter 107 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 107

Bap 107

1. «Rebbe şükür ediň, çünki Ol ýagşy, Onuň söýgüsi baky!» –

2. diýip, Rebbiň azat edenleri, goý, aýtsyn. Ol olary duşman elinden halas eýledi,

3. olary ýat ýurtlardan ýygnap jemledi: gündogardan hem günbatardan demirgazykdan hem günortadan.

4. Olar çöl-beýewanda sergezdan boldy, ilatly şähere eltýän ýoly tapyp bilmedi.

5. Açlygyň, teşneligiň derdinden ýaňa, olarda ysgyn-mydar galmady.

6. Olar görgi içinde Rebbe dat-perýat etdi, Ol hem muşakgatlaryndan halas eýledi.

7. Olar mesgen tutar ýaly şähere baryp ýetýänçä, Ol olary göni ýoldan ýöretdi.

8. Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

9. Çünki Ol teşne jany gandyrýar, ajygany näz-nygmatdan doýurýar.

10. Olar garaňkylykda we tümlükde ýaşady, zynjyrlara, jebir-jepa baglandy.

11. Çünki olar Hudaý sözüne tabyn bolmandy, Beýik Hudaýyň öwüdine äsgermezlik edipdi.

12. Reb agyr zähmet arkaly olary boýun egdirdi: ýykyldylar, asla ýardam beren bolmady.

13. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

14. Olary garaňkylykdan we tümlükden çykardy, olaryň zynjyrlaryny gyryp taşlady.

15. Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

16. Çünki Ol bürünç derwezeleri çym-pytrak etdi, demir söýeleri ikä bölüp taşlady.

17. Öz günäli ýollary we etmişleri zerarly, akylsyzlar jebir-jepalar çekdi.

18. Olar iýmitiň islendigini ýigrendi, ölüm derwezeleriniň agzyna bardy.

19. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

20. Ol sözüni iberdi we şypa berdi, olary gabra inmekden halas eýledi.

21. Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin,

22. şükür gurbanlaryny, goý, hödürlesin, Onuň işlerini şatlyk nagmasynda beýan eýlesin.

23. Deňizdäki gämilerde ýüzýänler, haýbatly suwlarda söwda edýänler

24. Rebbiň işlerini, çuňluklardaky ajaýyp işlerini gördüler:

25. Ol buýurdy-da, tupanly gaý turuzdy, ol hem deňziň tolkunlaryny galkdyrdy.

26. Gämiçiler göge galdy, çuňluga indi, gorkudan ýaňa janlary çykara geldi.

27. Serhoş kimin yranyp entirekledi, akyl-huşlary başyndan uçdy.

28. Olar muşakgatlarynda Rebbi çagyrdy, Ol hem görgülerinden halas eýledi.

29. Ol tupany asudalyga öwürdi, deňiz tolkunlary hem köşeşdi.

30. Şatlandylar, çünki ümsümlik boldy, Ol olaryň islän gämi duralgasyna ýetirdi.

31. Rebbiň wepaly söýgüsi üçin, adamzada edýän ajaýyp işleri üçin, goý, olar Oňa şükürler etsin.

32. Olar halk jemagatynda Ony beýgeltsin, ýaşulular mejlisinde Ony şöhratlandyrsyn.

33. Reb ýurt ilatynyň erbetlikleri zerarly, derýalary öwürýär çölüstanlyga,

34. suwuň gözbaşlaryny – teşne topraga, bereketli topragy – şorluk ýerlere.

35. Ol çöli öwürýär kak köllerine, gurak topragy – suw gözbaşyna.

36. Ol şol ýerde aç-suwsuzlary ýaşadýar, olar hem ýaşamak üçin şäher gurunýar.

37. Olar meýdanlara ekin ekýär, üzüm baglaryny oturdýar hem-de boldan – bol hasyly alýar.

38. Hudaý berekedi arkaly olar köpelýär, Ol mal-garalaryny hiç azaltmaýar.

39. Emma mätäçler ezýet, muşakgat, hasrat zerarly, azalyp, boýun egdirilende,

40. Ol şazadalaryň üstüne betnamlyk guýýar, olary ýol-ýodasyz çölde sergezdan edýär.

41. Mätäji bolsa görgülerinden dyndyrýar, onuň maşgalasyny süri kimin köpeldýär.

42. Ýüregi dogrular muny görüp şatlanýar, erbetler bolsa agzyny ýumýar.

43. Paýhasy bolan muňa üns bersin, Rebbiň wepaly söýgüsini aňlasyn.

About Zebur Chapter 107

Read Zebur Chapter 107 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 107
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 107 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 107?

Zebur Chapter 107 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 107 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 129
  2. Zebur Chapter 65
  3. Zebur Chapter 96
  4. Zebur Chapter 52
  5. Zebur Chapter 110
  6. Zebur Chapter 21
  7. Zebur Chapter 97

Related Chapters & Readings

  1. Işaýa Chapter 66
  2. Zebur Chapter 134
  3. Çölde Chapter 26
  4. Mattanyň Hoş Habary Chapter 13
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 26
  6. Çölde Chapter 27
  7. 2 Şamuwel Chapter 17
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *