Read Zebur Chapter 147 Online
Read Zebur Chapter 147 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Zebur 147
Bap 147
1. Rebbe şan-şöhrat bolsun! Çünki Hudaýymyzy nagma bilen öwmek ýagşydyr, lezzetlidir, Ol öwgülere laýykdyr.
2. Reb Iýerusalimi bina eýleýär, Ysraýylyň pytranlaryny jemleýär.
3. Göwni synyklara Ol şypa berýär, olaryň ýaralaryny daňýar.
4. Ýyldyzlaryň sanyny Ol hasaplaýar, olaryň ählisini Ol atlandyrýar.
5. Rebbimiz beýikdir, kuwwaty köpdür, paýhasynyň hiç çägi ýokdur.
6. Reb pespälleri galdyrýar, Ol erbetleri ýere pylçaýar.
7. Rebbe şükür nagmalaryny aýdyň, Hudaýymyza kinorda mukamlar çalyň!
8. Ol gökleri bulutlara büreýär, toprak üçin ýagyşlary taýynlap goýýar, baýyrlarda gök otlary gögerdýär.
9. Ol haýwanlara, jüýgüldeşýän garga çagalaryna olaryň ryskyny berýär.
10. Ol ne bedewiň güýjünden wagtyhoş bolýar, ne-de urşujynyň aýagyndan keýpi çag bolýar.
11. Reb Özünden gorkýanlardan, Onuň wepaly söýgüsine umyt baglaýanlardan, keýpi çag bolýar.
12. Eý, Iýerusalim, Rebbe öwgi aýt! Eý, Siýon, Hudaýyňa şan-şöhrat bolsun!
13. Çünki Ol derwezeleriňiň kiltlerini berkidýär, galadaky çagalaryňa ak pata berýär.
14. Çäkleriňde parahatlygy berkarar edýär, saýlama bugdaýdan seni doýurýar.
15. Ol buýruklaryny ýere gönderýär, Onuň sözi tizlik bilen ýaýraýar.
16. Gar ýagdyryp, ýeri ak ýorgana büreýär, kül kimin gyrawy Ol sepeleýär.
17. Buzlaryny parçalap, ýere taşlaýar, Rebbiň aýazyna döz geljek barmy?
18. Ol buýurýar, buzlar ereýär, ýel ösdürip, suwlar akdyrýar.
19. Ol Ýakup halkyna yglan edýär sözüni, Ysraýyla – parzlaryny we hökümlerini.
20. Reb başga hiç millete şeýle etmeýär, olar Onuň adalatly hökümlerini bilmeýär. Rebbe şan-şöhrat bolsun!
About Zebur Chapter 147
Read Zebur Chapter 147 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Zebur
Chapter: 147
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Zebur Chapter 147 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Zebur Chapter 147?
Zebur Chapter 147 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Zebur Chapter 147 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Zebur Chapter 49
- Zebur Chapter 9
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 74
Explore More from Zebur
- Zebur Chapter 7
- Zebur Chapter 120
- Zebur Chapter 59
- Zebur Chapter 30
- Zebur Chapter 124
- Zebur Chapter 111
- Zebur Chapter 132