Zebur Chapter 109

For English

Read Zebur Chapter 109 Online

Read Zebur Chapter 109 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 109

Bap 109

1. Aýdymçylar toparynyň ýolbaşçysyna. Dawudyň mezmury. Dymma, eý, senamyň Hudaýy!

2. Çünki erbetler, hilegärler maňa garşy agzyny açyp, ýalançy dilleri bilen garşyma olar gepleýär.

3. Olar ýigrenç sözleri bilen meni gurşaýar, sebäpsiz ýere meniň bilen uruşýar.

4. Men olar üçin doga-dileg edýärin, olar bolsa söýgime derek meni ýazgarýar.

5. Olar ýagşylygyma ýamanlyk edýär, söýgime derek meni ýigrenýär.

6. Olar şeýle diýýär: «Goý, onuň garşysyna erbet adam çyksyn, garalawjy onuň sagynda dursun.

7. Işine garalanda, aýyply çyksyn, onuň doga-dilegi günä saýylsyn.

8. Onuň günleri sanlyja bolsun, başga onuň ornuny alsyn.

9. Onuň çagalary, goý, ýetim bolsun, aýaly hem dul bolup galsyn.

10. Çagalary entäp, goý, gedaý gezsin, harabalyklaryndan çykarylyp, çörek dilesin.

11. Süýthor onuň bar zadyny garbasyn, agyr zähmetiniň rähnetini keseki görsün.

12. Hiç kim oňa, goý, merhemet etmesin, ýetimlerine hiç kimiň haýpy gelmesin.

13. Goý, onuň nesli kesilsin, geljekgi nesilden onuň ady, goý, öçürilsin.

14. Atalarynyň günäsi elmydama Rebbiň öňünde, goý, ýatlanylsyn, ejesiniň ýazygy öçürilmesin!

15. Goý, günäleri elmydama Rebbiň öňünde bolsun, ýer ýüzünde ýatlanmaz ýaly, goý, Ol ony kesip taşlasyn.

16. Çünki ol merhemet etmegi ýada salmady, gaýtam garyby, mätäji, ýüregi gamlyny öldürjek bolup, olary yzarlap gezdi.

17. Ol gargyşy söýdi; goý, gargyşy öz başyndan insin, ol hiç kime ýagşylygy arzuwlamady, goý, oňa-da hiç kim ýagşlygy arzuw etmesin!

18. Ol gargyşy don edip geýdi: goý, ol suw kimin siňsin onuň tenine, ýag kimin – onuň süýeklerine.

19. Şoňa görä, goý, ol eşik kimin ony dolasyn, günde guşanýan guşagy bolsun.

20. Goý, Rebbe meni ýamanlaýanlaryň, janyma garşy söz aýdýanlaryň aljak almyty şular deý bolsun».

21. Emma Sen, eý, Hökmürowan Reb, meniň bähbidimi ara Öz adyň hatyrasyna Wepaly söýgiňiň ýagşydygy sebäpli, meni halas et.

22. Çünki men garyp we mätäçdirin, ezýet çekýär meniň ýüregim.

23. Agşam kölegesi dek ýitip gidýärin, olar meni çekirtge deý kakýarlar.

24. Agyz beklemeden ýaňa dyzymyň kuwwaty gaçdy, göwräm ýagsyzlykdan ýaňa horlanyp galdy.

25. Meni ýamanlaýanlara boldum bir gülki, meni görenlerinde ýaýkaýar olar başyny.

26. Ýa Reb, Hudaýym, maňa kömek et, Öz wepaly söýgiň hatyrasyna meni halas et.

27. Bilsinler bu işde Seniň eliň bardygyny, ýa Reb, muny Seniň edendigiňi.

28. Goý, olar gargabersin, emma Sen ak pata berersiň! Olar baş galdyrýar, emma masgara bolar, Seniň bendäň bolsa şadyýan bolar.

29. Meni ýazgarýanlar betnamlyga bürensin, goý, olar ryswalygyny don edip geýsin.

30. Men Rebbe agzym bilen köp şükür etjek, uly jemagatda Ony şöhratlandyrjak.

31. Çünki Ol mätäjiň sagynda durýar, ony ölüme höküm edýänleriň elinden halas eýleýär.

About Zebur Chapter 109

Read Zebur Chapter 109 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 109
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 109 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 109?

Zebur Chapter 109 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 109 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 100
  2. Zebur Chapter 12
  3. Zebur Chapter 47
  4. Zebur Chapter 23
  5. Zebur Chapter 129
  6. Zebur Chapter 62
  7. Zebur Chapter 117

Related Chapters & Readings

  1. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 19
  2. Zebur Chapter 118
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 7
  4. Hoşeýa Chapter 3
  5. Danyýel Chapter 12
  6. Ýahýa gelen ylham Chapter 2
  7. Ýewreýlere haty Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *