Zebur Chapter 50

For English

Read Zebur Chapter 50 Online

Read Zebur Chapter 50 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 50

Bap 50

1. Asafyň mezmury. Nagma. Hudaý, Beýik Hudaý gürleýär, gündogardan günbatara çenli ýer ýüzüni çagyrýar.

2. Gözelligiň naýbaşy bolan Siýondan Hudaý parlaýar.

3. Hudaýymyz gelýär, ümsüm däldir Ol: Onuň öňünde ot bar ähli zady ýalmaýan, töwereginde – güýçli gaý-tupan.

4. Ol halkyna kazylyk etmeklik üçin Ýeri, Gögi şaýatlyga çagyrýar:

5. «Ýygnaň ýanyma sadyklarymy – gurbanlyk arkaly äht baglaşanlarymy».

6. Gök yglan edýär Onuň dogrulygyny, çünki kazylyk edýän – Hudaýyň Özi. Sela

7. «Men gepläýin, sen hem diňle, eý, halkym; Mendirin Hudaýyň, seniň Hudaýyň, eý, Ysraýyl, saňa garşy şaýatlyk Men edeýin.

8. Gurbanlaryň üçin Men seni ýazgarjak däl, ýakma gurbanlaryň dyngysyz Meniň öňümde.

9. Maňa ne öküz gerek seniň öýüňden, ne-de erkeç – seniň agyllaryňdan.

10. Çünki jeňňel jandarlarynyň ählisi – müňlerçe daglaryň haýwanlary Meniňki.

11. Men bilýärin dagyň ähli guşlaryny, meýdan jandarlarynyň bary Meniňki.

12. Eger ajyksam-da, saňa aýtmaryn, çünki dünýä hem ondaky ähli zatlar Meniňki.

13. Öküzleriň etini iýýärinmi Men? Erkeçleriň ganyny içýärinmi Men?

14. Sen şüküri gurbanlyk ber Hudaýa, Beýik Hudaý beren kasamlaryňy berjaý et.

15. Meni çagyr muşakgat günde, seni halas ederin, Maňa şöhrat aýdarsyň şonda».

16. Emma Hudaý erbet adama şeýle diýýär: «Parzlarymy agzamaga, ähtimi diliňe almaga näme hakyň bar?

17. Çünki Meniň terbiýämi ýigrenýärsiň sen, sözlerimi ýele sowurýarsyň sen.

18. Bir ogryny göreňde, oňa goşulýaň, zynahorlara şärikdeş bolýaň.

19. Ýamanlyga berdiň sen öz agzyňy, seniň diliň düzýär hile-pirimi.

20. Sen oturyp, doganyňa garşy gepleýäň, öz ejeňiň ogluna myjabaty ýöňkeýäň.

21. Sen bulary etdiň, Men gürlemedim, sen Maňa hem özüň ýalydyr öýtdüň. Emma saňa käýärin, göz alnyňda etmişleriňi goýaryn.

22. Eý, Hudaýy unudanlar, bu barada oýlanyň, ýogsa Men sizi parça-parça ederin, sizi halas eden tapylmaz.

23. Şükür sadakasyny berýän Meni sylaýar; Men öz ýoluny dogry tutany halas ederin».

About Zebur Chapter 50

Read Zebur Chapter 50 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 50
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 50 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 50?

Zebur Chapter 50 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 50 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 45
  2. Zebur Chapter 81
  3. Zebur Chapter 104
  4. Zebur Chapter 11
  5. Zebur Chapter 1
  6. Zebur Chapter 36
  7. Zebur Chapter 61

Related Chapters & Readings

  1. 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
  2. Resullaryň Işleri Chapter 9
  3. Zebur Chapter 140
  4. Ester Chapter 8
  5. Ýermeýa Chapter 52
  6. 1 patyşalar Chapter 5
  7. Mattanyň Hoş Habary Chapter 24
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *