Süleýmanyň pähimleri Chapter 24

For English

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 Online

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Süleýmanyň pähimleri 24

Bap 24

1. Ýamanlara gözüň gitmesin, olar bilen bile bolmak isleme.

2. Çünki olaryň göwni zorluk barada pikir edýändir, dilleri içigaraçylygy gepleýändir.

3. Öý danalyk bilen gurulýandyr, düşünje bilenem berkarar edilýändir.

4. Bilim bilen öýüň içi gymmatly hem ýakymly baýlykdan dolýandyr.

5. Parasatly adam güýçlülerden güýçlüdir, bilimli adam öz güýjüni artdyrar.

6. Çünki sen urşuňy sagdyn maslahat bilen alyp barýarsyň, maslahatçynyň köp ýerinde ýeňiş bardyr.

7. Akmak üçin danalyk örän belentdedir, mejlisde ol agzyny açyp bilmeýär.

8. Niýetini ýamana dikýäne pitneçi diýilýändir.

9. Akmaklygy niýetlemek günädir, masgaralaýjy bolsa adamlara ýigrenjidir.

10. Agyr günde tapdan düşseň, seniň güýjüň azdyr.

11. Ölüme alnyp barylýanlary halas et, büdräp barýanlary yzyna çek.

12. Eger sen: «Biz bilmedik» diýseň, ýürekleri synaýan muny bilmezmi? Seniň janyňy goraýan ony aňmazmy? Ol her kime işine laýyk gaýtarmazmy?

13. Oglum, bal iý, çünki ol ýakymlydyr, bal damagyňa datlydyr.

14. Danalyk hem seniň janyňa bal ýalydyr, ony tapsaň, geljegiňi taparsyň. Umydyň üzülmez.

15. Ýaramaz adam ýaly dogruçylyň mesgenine garşy bukuda ýatma, onuň ýurduny ýykma.

16. Çünki dogruçyl adam ýedi gezek ýykylsa-da, ýerden galýandyr, ýaramazy betbagtlyk ýykýandyr.

17. Duşmanyň ýykylanda şatlanma, büdrese ýüregiň begenmesin.

18. Ýogsa ony Reb görüp, Ol senden närazy bolar, gaharyny duşmanyňdan sowar.

19. Ýamanlyk edýänler üçin gaharyňy getirme, ýaramazlara gözüň gitmesin.

20. Çünki olaryň geljegi bolmaz, ýaramazlaryň çyrasy öçer.

21. Oglum, Rebden hem patyşadan gork. Olara garşy pitneçiler bilen gatnaşyk etme.

22. Çünki olaryň betbagtlygy duýdansyz geler, Reb hem patyşadan ýetjek weýrançylygy kim biler?

23. Şular hem akyldarlaryň sözleridir: Hökümde tarapgöýlük etmek ýagşy däldir.

24. Ýaramaza: «Sen dogrusyň» diýeni halklar näletlär, ony milletler ýigrener.

25. Karar çykarýanlaryň şähdi şat bolar, olara ýagşy alkyşlar geler.

26. Dogry jogap dodagyňdan ogşalýan ýalydyr.

27. Daşardaky işleriňi bitir, ekin meýdanyňy tertibe sal, soňra öýüňi gur.

28. Ýakynyňa sebäpsiz ýere şaýatlyk etme, diliň bilen aldama.

29. «Maňa näme eden bolsa, menem şony ederin, etmişine görä gaýtararyn» diýme.

30. Men ýalta adamyň meýdanyndan, kemakylyň üzüm bagynyň gapdalyndan geçdim.

31. Ine, bar ýeri haşal ot basan eken, üstüni bürmek örten eken, daşyndaky diwary ýykylan eken.

32. Nazar saldym hem oýa batdym, görenimden sapak aldym.

33. Birazajyk uklamak, biraz irkilmek üçin, gyşaryp gol gowşuranyňda, garyplyk galtaman ýaly, mätäçlik ýaragly adam mysaly başyňdan iner. ‎

About Süleýmanyň pähimleri Chapter 24

Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 24
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 24?

Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Zebur Chapter 9
  6. Eýýup Chapter 5
  7. Zebur Chapter 54

Explore More from süleýmanyň-pähimleri

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 25
  2. Süleýmanyň pähimleri Chapter 28
  3. Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
  4. Süleýmanyň pähimleri Chapter 4
  5. Süleýmanyň pähimleri Chapter 16
  6. Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
  7. Süleýmanyň pähimleri Chapter 15

Related Chapters & Readings

  1. Danyýel Chapter 2
  2. Nehemýa Chapter 12
  3. Zebur Chapter 24
  4. 1 Şamuwel Chapter 23
  5. Gelip çykyş Chapter 28
  6. 1 Timoteosa haty Chapter 6
  7. Hoşeýa Chapter 13
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *