Zebur Chapter 68

For English

Read Zebur Chapter 68 Online

Read Zebur Chapter 68 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Zebur and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Zebur 68

Bap 68

1. Hudaý galkar, duşmanlary dargadar, Ony ýigrenýänler öňünden gaçar.

2. Sen olary dagadarsyň tüssäniň dagaýşy kimin, mumuň otda ereýşi kimin. Hudaýyň öňünden erbetler ýok bolar.

3. Dogry adamlar bolsa şadyýan bolar, Hudaýyň öňünde şatlykdan joşup gygyrar, begençden ýaňa heşelle kakar.

4. Siz Hudaýa nagmalar aýdyň, Onuň adyna öwgüler aýdyň. Bulutlara atlanyp Barýany arşa çykaryň, Onuň ady – Reb. Onuň öňünde heşelle kakyň.

5. Mukaddes mesgeninde ýaşaýan Hudaý – ýetimleriň atasy, dul hatynlaryň hossary.

6. Hudaý ýalňyzlary öýli-işikli edýär, tussaglary azatlyga çykarýar; pitneçiler bolsa jöwzaly ýerde ýaşaýar.

7. Eý, Hudaý, Sen halkyňa öňbaşçylyk edeňde, çöl-beýewanda gadam uraňda,

8. Hudaýyň, Sinaýdakynyň öňünde – Ysraýyl Hudaýynyň öňünde zemin titräp, göklerden ýagyş guýuldy.

9. Eý, Hudaý, Sen bolelin ýagyş ýagdyrdyň, saýlan topragyň tapdan düşende, oňa güýç berdiň.

10. Seniň halkyň şol toprakda ýaşady. Eý, Hudaý, Öz ýagşylygyň sebäpli Sen ony mätäçlere taýynlap goýduň.

11. Taňry buýruk berýär; ony jar edýän aýallar – ägirt bir goşun.

12. Olar şeýle diýýär: «Goşunlaryň şalary gaçýar, ökje göterýär!» Öýde galan aýallar bolsa olja paýlaşýar.

13. Olar ganatlary kümşe, ýelekleri sap altyna gaplanan kepderä meňzär. Eý, erkekler, jeň-söweş güni näme üçin ýatyrsyňyz agylda?

14. Gudratygüýçli Salmon dagynda duşman şalary garly harasat kimin dargatdy.

15. Eý, Başan dagy, Hudaýyň dagy, çür başlary köp bolan, eý, Başan dagy!

16. Eý, çür başlary köp bolan daglar! Hudaýyň Öz mesgeni edip saýlan dagyna, ebedi mesgen tutjak dagyna neçün göriplik bilen seredýärsiňiz?

17. Hudaýyň uruş arabalary sanardan köpdür, olaryň sany müňlerçe müňler. Taňry olaryň arasyndadyr, Ol Sinaý dagyndan mukaddes öýüne geldi.

18. Sen ýokary belentlige çykanyňda, ýesirleri Öz yzyňa düşürdiň. Ynsanlardan, hatda bitabynlardan Sen, ýa Beýik Hudaý, paç-hyraç aldyň; Sen indi biziň aramyzda ýaşarsyň.

19. Taňra alkyş bolsun! Ol her günki ýükümizi göterýär. Hudaý bizi halas eýleýär. Sela

20. Hudaýymyz–halas eýleýän Hudaý, Hökmürowan Reb – ölümden gutaryp bilýär.

21. Emma Hudaý duşmanlarynyň kellelerini, günäden el çekmeýänleriň uzyn saçly başlaryny kül-owram eder.

22. Taňry şeýle diýdi: «Aýagyňy duşman ganyna batyrar ýaly, itleriň-de ondan öz paýyny ýalary ýaly,

23. olary Başandan yzyna dolap, deňiz çuňlugyndan alyp çykaryn».

24. Eý, Hudaý, Seniň ýörişiň – Hudaýym – Patyşamyň mukaddes öýüne gelşi görünýär:

25. öňden bagşylar, sazandalar–olaň yzyndan, deprek çalýan gyzlar aralarynda:

26. Olar şeýle diýýär: «Eý, siz, Ysraýylyň bilinden önenler! Uly jemagatda Rebbe alkyşlar aýdyň».

27. Öňden iň kiçileri bolan Benýamin barýar, mähellede Ýahudanyň şazadalary bar, Zebulun we Naftaly şazadalary bar,

28. Hudaý öňden belläpdi güýç-kuwwatyňy, eý, Hudaý, biziň üçin edenleriňi Sen berkit!

29. Iýerusalimdäki ybadathananyň hatyrasyna milletleriň şalary Saňa sowgat getirýär.

30. Bu duşman milletlere temmi ber, olar gamyşlykdaky ýekegapanlar ýaly, sygyrlara aralaşan öküzler ýaly. Boýun egdir milletleri, goý, olar bize salgyt tölesin; uruşdan lezzet tapýan halklary dargat!

31. Müsürden bürünçden ýasalan zatlar, goý, getirilsin, Hudaýa sowgat getirmek üçin Efiýop ýurdy, goý, alňasasyn.

32. Eý, ýer ýüzündäki şalyklar! Hudaýa nagmalar aýdyň, Taňra, ezelden bar bolan göge Münýäne, alkyşlar aýdyň.

33. Diňläň, ine, Ol sesi, gudratly sesi bilen seslenýär.

34. Ykrar ediň: Güýç Hudaýyňkydyr, Onuň belentligi Ysraýylyň üstündedir, Onuň gudraty gökler üstündedir!

35. Hudaý Öz mukaddes öýünde wehimlidir. Ysraýyl Hudaýy Öz halkyna güýç, kuwwat berýär. Alkyş bolsun, alkyş bolsun Hudaýa!

About Zebur Chapter 68

Read Zebur Chapter 68 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Zebur in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Zebur
Chapter: 68
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Zebur. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Zebur Chapter 68 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Zebur Chapter 68?

Zebur Chapter 68 is part of the Book of Zebur in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Zebur Chapter 68 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 7
  2. Zebur Chapter 4
  3. Zebur Chapter 8
  4. Zebur Chapter 6
  5. Zebur Chapter 26
  6. Zebur Chapter 3
  7. Zebur Chapter 28

Explore More from Zebur

  1. Zebur Chapter 103
  2. Zebur Chapter 11
  3. Zebur Chapter 58
  4. Zebur Chapter 31
  5. Zebur Chapter 146
  6. Zebur Chapter 140
  7. Zebur Chapter 14

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 146
  2. Eýýup Chapter 22
  3. Mattanyň Hoş Habary Chapter 2
  4. Kanun taglymaty Chapter 34
  5. Zebur Chapter 34
  6. 2 patyşalar Chapter 18
  7. Zebur Chapter 125
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *