Read Ýeşuwa Chapter 3 Online
Read Ýeşuwa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýeşuwa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýeşuwa 3
Bap 3
1. Ýeşuwa we ähli ysraýyllar ir bilen turup, Şitimden çykyp ugradylar. Iordan derýasyndan geçmezden öňürti, olar gijäni geçirmek üçin onuň kenarynda düşlediler.
2. Üç günden soň ýolbaşçylar düşelgäniň içinden geçip,
3. halka şeýle buýruk berdiler: «Hudaýyňyz Rebbiň Äht sandygyny göterýän lewi ruhanylaryny gören badyňyza, öz düşelgäňiziň daşyna çykyp, olaryň yzyna düşüň.
4. Çünki siz öň bu ýoldan ýöräp görmändiňiz, olar size nirä gitmelidigini görkezerler. Olaryň yzy bilen ýöräň, emma gaty golaý barmaň, olar bilen araňyz iki müň tirsek bolsun».
5. Ýeşuwa halka ýüzlenip: «Iniňizizi tämizläň, sebäbi ertir Reb siziň araňyzda gudrat görkezip başlar» diýdi.
6. Soňra Ýeşuwa ruhanylara Äht sandygyny eginlerine göterip, halkyň öňünden ýöremegi buýurdy. Olar aýdylyşy ýaly etdiler.
7. Reb Ýeşuwa: «Şu gün Men seni ähli ysraýyllaryň gözüniň alnynda beýik adam etjek, goý, olar Meniň Musa bilen bile bolşum ýaly, seniň bilen hem bile boljakdygymy bilsinler.
8. Äht sandygyny göterýän ruhanylar Iordan derýasyna çala girip, aýaklary suwa degen badyna, sen olara durmaklygy buýur» diýdi.
9. Ýeşuwa ysraýyllara ýüzlenip: «Bäri geliň-de, öz Hudaýyňyz Rebbiň sözlerine gulak salyň» diýip, olary çagyrdy.
10. Ýeşuwa ýene-de şeýle diýdi: «Hudaýyňyz siziň öňüňizden şu halklary: kenganlary, hetleri, hiwileri, perizleri, girgaşlary, amorlary we ýabuslary kowup çykarjakdyr. Onuň şu etjek işlerinden siz diri Hudaýyň öz araňyzdadygyny bilersiňiz.
11. Ine, bütin ýer ýüzüniň Taňrysynyň Äht sandygy siziň öňüňizden Iordan derýasyndan geçer.
12. Şunlukda, siz Ysraýylyň on iki tiresiniň hersinden bir adamy saýlaň.
13. Bütin ýer ýüzüniň Taňrysy Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylaryň aýaklary Iordan derýasynyň suwuna degen badyna, ýokardan akýan suwlar kesilip, edil diwar ýaly bolup durar».
14. Şeýlelikde, adamlar çadyrlaryny ýygnap, Iordan derýasyndan geçmek üçin ugradylar, Äht sandygyny göterýän ruhanylar olaryň öňlerine düşdüler.
15. Şol wagty bugdaý oragy döwri bolansoň Iordan derýasynyň suwy joşup, ähli kenarlary bilen dolup daşýardy. Muňa garamazdan, Äht sandygyny göterýän ruhanylar derýanyň gyrasyna gelip, aýaklaryny suwa degren badyna,
16. derýanyň akymy togtady. Onsoň suwlar olardan uzakdaky Saretanyň golaýynda ýerleşýän Adama galasynyň deňinde ýygnanyp, bir üýşmek bolup durdy. Şeýle hem, Araba deňzine, ýagny Duz deňzine gelip guýýan suwlaryň akmasy bütinleý kesildi. Adamlar derýadan Ýeriho tarap geçdiler.
17. Rebbiň Äht sandygyny göterýän ruhanylar bolsa, tä ysraýyllaryň hemmesi gury ýerden geçip gutarýançalar, derýanyň hanasynyň ortasynda durdular. Şeýdip, ähli ysraýyl halky derýadan gury ýerden geçdi.
About Ýeşuwa Chapter 3
Read Ýeşuwa Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýeşuwa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýeşuwa
Chapter: 3
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýeşuwa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýeşuwa Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýeşuwa Chapter 3?
Ýeşuwa Chapter 3 is part of the Book of Ýeşuwa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýeşuwa Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from ýeşuwa
- Ýeşuwa Chapter 7
- Ýeşuwa Chapter 17
- Ýeşuwa Chapter 2
- Ýeşuwa Chapter 4
- Ýeşuwa Chapter 22
- Ýeşuwa Chapter 16
- Ýeşuwa Chapter 1