Işaýa Chapter 24

For English

Read Işaýa Chapter 24 Online

Read Işaýa Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 24

Bap 24

1. Ine, Reb ýer ýüzüni weýran edip çolardar, ýeriň ýüzüni tanar ýaly etmez Ol, ilatyny dargadar.

2. Halkyň-da, ruhanyň-da, guluň-da, hojaýynyň-da, gyrnagyň-da, bikäniň-de, satyn alýanyň-da, satýanyň-da, bergidaryň-da, algydaryň-da, karzdaryň-da, karz bereniň-de takdyry birdir.

3. Ýer ýüzi bütinleý weýran edilip talanar, muny Reb aýdýandyr.

4. Ýer ýüzi solýar, guraýar heläk bolup, ýitip gider dünýä; dünýäniň halklarynyň güýçlüleri heläk bolarlar.

5. Ilatlar harama çykardy dünýäni, olar kanunlardan çykdylar, parzlary saklamadylar, ebedi ähti bozdular.

6. Muňa görä dünýä lagnat ýagýar, ilaty ýazyklarynyň jezasyny çekýär, şonuň üçin ýer ýüzüniň ilaty ýanyp, gaty az adam galýar.

7. Täze şerap gutarýar, solýar üzüm agajy, ah çekýär şadyýanlar.

8. Depreklerem şat owazyny kesdi, şadyýan sesler eşidilmedi, barbat sem boldy.

9. Indi aýdym aýdyp, şerap içmezler, agyzlara ajy deger içgi.

10. Weýran bolan şäher harabalykdyr, hiç kim girmez ýaly, ähli öý ýapyldy.

11. Köçelerde şerap üçin nalaşýarlar, şatlykdan nam-nyşan galmady, begenç dünýäni terk etdi.

12. Şäher harabalyk, bölek-bölekdir derwezeler.

13. Zeýtun agajy kakylanda, hasyl ýygylandan soň, artyp galan üzümler bilen näme edilýän bolsa, dünýädäki milletler bilen-de şeýle bolar.

14. Olar seslerini gataldyp, begenjine heşelle kakarlar, Rebbiň beýikligi üçin günbatardan gygyryşarlar.

15. Şonuň üçin gündogarda Rebbi öwüň, Ysraýylyň Hudaýy Rebbiň adyny söhratlandyryň deňiz adalarynda.

16. Öwgi aýdymlary ýaňlanýar ýeriň aňry ujunda: «Dogry Bolana şöhrat!» Emma men: «Gara maňlaý, gara maňlaý! Dat günüme! Dönükler dönüklik edýärler, dönükligi çäksiz olaryň» diýdim.

17. Eý, ýer ýüzüniň ilaty, gorky, çukur we duzak başyňyzda!

18. Gorky sesinden gaçan çukura gapgarlar, çukurdan çykan duzaga düşer, gögüň penjireleri açylar, ýeriň binalary titrär.

19. Jaýryk-jaýryk bolar ýer ýüzi, bölek-bölek bolar ol, ýer ýüzi güýçli sarsar.

20. Serhoş kimin yraň atar ol, sakçy jaýy kimin çaýkanar, ýazyklary oňa agyr ýük bolar, ýykylar-da, soň galmaz ol.

21. Şol gün Reb gökde gök goşunlaryny, ýerde dünýäniň şalaryny jezalandyrar.

22. Ýerzemine tussag kimin toplanarlar, zyndana gabalarlar, birnäçe günden soň jezalandyrylarlar.

23. Aýyň ýüzi gyzarar, gün utanar; Hökmürowan Reb Siýon dagynda, Iýerusalimde höküm sürer, Ýaşulularynyň öňünde Öz şöhratyny görkezer.

About Işaýa Chapter 24

Read Işaýa Chapter 24 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 24
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 24 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 24?

Işaýa Chapter 24 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 24 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 14
  4. Isaya Chapter 34
  5. Isaya Chapter 28
  6. Isaya Chapter 26
  7. Isaya Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Çölde Chapter 18
  2. Kanun taglymaty Chapter 25
  3. Eýýup Chapter 9
  4. 1 Şamuwel Chapter 17
  5. Kanun taglymaty Chapter 13
  6. Danyýel Chapter 2
  7. Lewiler kitaby Chapter 17

Related Chapters & Readings

  1. Markusyň Hoş Habary Chapter 8
  2. Kanun taglymaty Chapter 13
  3. Petrusyň ikinji haty Chapter 1
  4. Ýahýa gelen ylham Chapter 6
  5. Kanun taglymaty Chapter 22
  6. 1 Şamuwel Chapter 10
  7. Işaýa Chapter 27
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *