Ýunus Chapter 1

For English

Read Ýunus Chapter 1 Online

Read Ýunus Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýunus in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýunus and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýunus 1

Bap 1

1. Amytaý ogly Ýunusa Rebbiň sözi geldi:

2. «Hany bol, Ninewä – ol beýik şähere git-de, onuň halkynyň günäkärdigini jar et, çünki olaryň betpälligi Maňa aýan boldy».

3. Ýöne Ýunus Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin ýola düşdi. Ol Ýopa şäherine gelip, Tarşyşa gidýän bir gämi tapdy. Gäminiň ýol kireýini töledi we Rebbiň nazaryndan gaçyp, Tarşyşa gitmek üçin, ol gämiçiler bilen bile gämä mündi.

4. Emma Reb deňze güýçli ýel iberdi; deňizde elhenç gaý turdy we gämi çagşara geldi.

5. Gämiçileri gorky gaplap aldy; olaryň hersi öz hudaýyny çagyrmaga başlady. Gämini ýeňletmek üçin, olar ýüklerini deňze taşladylar. Ýunus bolsa aşakda, gäminiň içki ammarynda süýji uka gidipdi.

6. Gäminiň başlygy onuň ýanyna gelip: «Heý! Sen näme ýatyrsyň? Tur, öz hudaýyňy çagyr. Belki, onuň rehmi inip, bizi halas eder» diýdi.

7. Şol wagt gämiçiler biri-birlerine: «Geliň, bije atalyň-da, haýsymyz sebäpli bu bela duçar bolandygymyzy bileliň» diýişdiler. Şeýlelikde, olar gurra taşladylar. Gurra Ýunusa düşdi.

8. Onsoň: «Sen bize aýt, näme sebäpli bu bela sataşdyk? Bu ýerde näme işläp ýörsüň? Nireden gelýärsiň? Sen nireli? Haýsy halkdan bolarsyň?» diýip, olar ondan soradylar.

9. Ýunus bulara: «Deňzi we gury ýeri ýaradan Gökdäki Hudaý Rebbe sygynýaryn. Men ýewreýdirin» diýip jogap berdi.

10. Soňra gämiçiler juda gorkdular we Ýunusa: «Näme üçin beýtdiň?» diýdiler. (Sebäbi Ýunus olara özüniň Rebbiň nazaryndan gaçyp barýandygyny aýdypdy.)

11. Deňiz gitdigisaýy gazaba münýärdi. Gämiçiler Ýunusa: «Deňiz köşeşer ýaly, biz seni näme edeli?» diýdiler.

12. Ýunus olara: «Bu gaýa duçar bolmagyňyza özümiň sebäpkärdigimi men bilýärin. Meni göteriň-de, suwa taşlaň, şonda deňiz köşeşer» diýdi.

13. Olar ýetişibildiklerine kürekläp, kenara çykmaga dyrjaşýardylar, ýöne bu olara başartmaýardy, çünki deňiz gitdigisaýy güýçli çyrpynyp, olara garşylyk görkezýärdi.

14. Şondan soň olar Rebbi çagyrmaga durdular: «Ýa Reb, bu adamyň jany üçin bizi heläk etme, bularyň hemmesi Seniň islegiň bilen boldy. Şoňa görä, bizi nähak gana galdyrma».

15. Soňra bolsa Ýunusy göterdiler-de, deňziň düýbüne goýberdiler. Deňiz dessine köşeşdi.

16. Gämiçiler Rebden gaty gorkdular; Oňa gurbanlyk berdiler we Oňa gulluk etmäge kasam içdiler. ‎

About Ýunus Chapter 1

Read Ýunus Chapter 1 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýunus in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýunus
Chapter: 1
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýunus. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýunus Chapter 1 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýunus Chapter 1?

Ýunus Chapter 1 is part of the Book of Ýunus in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýunus Chapter 1 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Zebur Chapter 9
  7. Gelip çykyş Chapter 18

Explore More from yunus

  1. Yunus Chapter 3
  2. Yunus Chapter 2
  3. Yunus Chapter 1
  4. Yunus Chapter 3
  5. Yunus Chapter 1
  6. Yunus Chapter 2
  7. Yunus Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 112
  2. Ezekiýel Chapter 39
  3. 2 Korintoslylara haty Chapter 13
  4. 2 Şamuwel Chapter 12
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 9
  6. Resullaryň Işleri Chapter 11
  7. Ýermeýanyň agysy Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *