Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 Online
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Süleýmanyň pähimleri and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Süleýmanyň pähimleri 23
Bap 23
1. Hökümdar bilen nahar iýmäge oturanyňda, öňüňde goýlana syn et.
2. Horan bolsaň, bogazyňa pyçak goý.
3. Onuň näz-nygmatyna höwes etme, çünki ol hileli çörekdir.
4. Baýajak bolup agyr zähmet çekme, pähimli bol, bu pikiriňden el çek.
5. Seniň gözüň baýlyga kaklyşanda, şol baýlyk gidýändir, çünki ol birden ganat çykaryp, bürgüt ýaly asmana uçýandyr.
6. Gysganç adamyň çöregini iýme, onuň lezzetli näzi-nygmatlaryna höwes etme.
7. Çünki ol içinden peýdasyny hasaplaýan ýalydyr, «Iý, iç!» diýýändir, ýöne ýüregi seniň bilen däldir.
8. Iýen lukmaňy gusarsyň, süýji sözleriňi ýele sowrarsyň.
9. Akmaga söz aýtma, çünki ol aýdan danalygyňy ýigrener.
10. Gadymy araçäk daşyny süýşürme, ýetimleriň ekin ýerinden alma.
11. Çünki olaryň Hossary güýçli, olaryň dawasyny seniň bilen Ol tutar.
12. Kalbyňy öwüt-nesihata, gulaklaryňy-da bilimli sözlere ber.
13. Terbiýäni çagalaryňdan gaýgyrma; terbiýe taýagy olary öldürmez.
14. Eger sen olary taýak bilen ursaň, janlaryny ölüler dünýäsinden halas edersiň.
15. Oglum, seniň ýüregiň akylly bolsa, meniň ýüregim hem şatlanar.
16. Sen dogry sözläniňde, meniň göwnüm şatlanar.
17. Günäkärlere gözüň gitmesin, mydam Rebden gorkup gez.
18. Çünki seniň geljegiň bolar ahyryn, umydyň üzülmez.
19. Oglum, diňle, sen akylly bol, ýüregiňi dogry ýola sal.
20. Şerap içegenleriň ýa-da et iýegenleriň arasynda bolma.
21. Çünki içegen we iýegen har düşer, ukuçyllyk bolsa adama ýyrtyk jul geýdirýändir.
22. Ataňy diňle, ol seni dünýä inderdi, eneňi ýigrenme garran wagtynda.
23. Hakykaty satyn al, ony satma. Danalygy, öwüdi, paýhasy hem satyn al.
24. Dogruçylyň atasy köp begener, parasatly perzendi dünýä inderen, oňa guwanar.
25. Ataň-eneň guwansyn, seni dogran begensin.
26. Oglum, ýüregiňi maňa bagla, gözleriňi meniň ýollaryma dik.
27. Çünki loly düýpsüz gorpdur, kemçin-de dar guýudyr.
28. Ol garakçy kimin ýolda peýläp durup, wepasyzlaryň sanyny artdyrýar.
29. Ah çekýän kim? Wah çekýän kim? Jenjel kimiňki? Nala kimiňki? Sebäpsiz ýaralanan kim? Gözleri gyzaran kim?
30. Şerabyň başynda uzak oturýanlaryňky, garyşyk içgini içip görýänleriňki.
31. Şerabyň alyna, pyýalada öwşün atyşyna, aňsatlyk bilen aşak sarkýanyna bakma.
32. Soňunda ýylan kimin çakýandyr, alahöwren bolup sokýandyr.
33. Gözleriň geň-taň zatlary görer, seniň aňyň egri sözler aýdar.
34. Sen kä deňiz ortasynda ýatan ýaly, kä gäminiň bogaldagynda oturan ýaly bolarsyň.
35. «Meni urdular, agyry duýmadym; meni ýençdiler, ony bilmedim. Ýaňadan içmek üçin, haçan turaryn?» diýersiň.
About Süleýmanyň pähimleri Chapter 23
Read Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Süleýmanyň pähimleri
Chapter: 23
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Süleýmanyň pähimleri. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Süleýmanyň pähimleri Chapter 23?
Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 is part of the Book of Süleýmanyň pähimleri in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Süleýmanyň pähimleri Chapter 23 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Zebur Chapter 2
- Zebur Chapter 9
- Zebur Chapter 6
- Zebur Chapter 24
- Zebur Chapter 20
- Zebur Chapter 4
Explore More from suleymanin-pahemleri
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 1
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 18
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 3
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 10
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 11
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 22