Işaýa Chapter 38

For English

Read Işaýa Chapter 38 Online

Read Işaýa Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

A+ A A-

Işaýa 38

Bap 38

1. Şol döwürlerde Hizkiýa keselläp, ölüm ýassygynda ýatyrdy. Amozyň ogly Işaýa pygamber onuň ýanyna gelip: «Reb şeýle diýýär: „Öýüňdäkilere wesýet et, çünki sen ölersiň, sen bu keselden gutulmarsyň"» diýdi.

2. Onsoň Hizkiýa ýüzüni diwara tarap öwrüp, Rebbe dileg edip:

3. «Saňa ýalbarýaryn, ýa Reb, meniň Saňa bütin kalbym bilen wepaly bolanymy hem-de Seniň nazaryňda dogry işleri edenimi ýatla» diýdi. Hizkiýa sojap-sojap aglady.

4. Şondan soň Işaýa pygambere Rebbiň şu sözi geldi:

5. «Git-de, Hizkiýa şeýle diý: „Ataň Dawudyň Hudaýy Reb: Seniň dilegiňi eşitdim, gözýaşlaryňy gördüm. Men seniň ömrüňi on bäş ýyl uzaldaryn.

6. Men seni we bu şäheri Aşur patyşasynyň elinden halas ederin. Men Iýerusalimi goraryn diýýär diý"».

7. Reb beren wadasyny ýerine ýetirer. Rebden saňa alamat şudur:

8. «Ine, Men Ahazyň bellän gün sagadynyň üstüne düşen kölegäni on ädim yza süýşürerin». Şeýdip, gün düşmeli ýerinden on ädim yza çekildi.

9. Ýahuda patyşasy Hizkiýa keselinden gutulandan soň şulary ýazdy:

10. «Ömrümiň iň ýagşy çagynda, Men gitmeli; ölüler dünýäsiniň derwezelerinden girip, galan ýyllarymdan mahrum edildim» diýdim.

11. «Diriler ýurdunda Rebbi görmerin. Bu dünýäde ýaşaýanlar kimin ynsana gözüm düşmez mundan artyk» diýdim.

12. Öýüm çopanyň çadyry kimin sogrulyp, elimden alyndy. Ömrümi dokmaçy kimin kesdim, Reb meni erişden kesdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.

13. Ertire çenli sabyrsyzlyk bilen garaşdym; ol arslan kimin bar süňklerimi döwdi; bir günüň içinde soňuma çykdyň.

14. Garlawaç, durna kimin gygyrdym, gumry kimin iňledim, gözlerim göge bakmakdan ýadady. Ýa Reb, men zulum içinde, dadyma ýetiş!

15. Näme diýeýin? Meniň bilen gepleşen, muny eden Rebdir, kalbymyň hasratlydygy zerarly ömürboýy pespäl gezerin.

16. Ýa Reb, ynsanlary ýaşadýan Sensiň, meni-de Sen ýaşadýarsyň, meni sagalt, meni ýaşat!

17. Çeken ejirim-ezýetim öz haýryma boldy; meni söýendigiň üçin janymy heläkçilik çukuryndan sakladyň, ähli günälerimi arkaňa atdyň.

18. Ölüler dünýäsi Saňa şükürler aýtmaz, ölüm Saňa öwgüler aýtmaz, Seniň wepalylygyňa umyt baglap bilmezler gabra inýänler.

19. Bu gün meniň edişim ýaly, diriler, diňe diriler Saňa şükür edýärler, atalar perzentlerine Seniň wepalylygyňy bildirýärler.

20. Reb meni halas eder, bütin ömrümiz boýy Rebbiň öýünde kirişli saz gurallary bilen nagmalar aýdarys.

21. Işaýa pygamber Hizkiýanyň hyzmatkärlerine: «Ýenjilen injir getiriň-de, ony patyşanyň çybanynyň üstüne ýapyň. Şondan soň ol sagalar» diýipdi.

22. Hizkiýa Işaýa pygamberden: «Üçünji güni meniň Rebbiň öýüne barjakdygyma näme alamat bolar?» diýip sorapdy.

About Işaýa Chapter 38

Read Işaýa Chapter 38 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 38
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 38 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 38?

Işaýa Chapter 38 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 38 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 34
  4. Isaya Chapter 28
  5. Isaya Chapter 26
  6. Isaya Chapter 16
  7. Isaya Chapter 7

Explore More from Köne Äht

  1. Hoşeýa Chapter 3
  2. Gelip çykyş Chapter 19
  3. 1 patyşalar Chapter 18
  4. Eýýup Chapter 37
  5. 2 patyşalar Chapter 4
  6. Eýýup Chapter 39
  7. Zebur Chapter 141

Related Chapters & Readings

  1. Mattanyň Hoş Habary Chapter 5
  2. Ezekiýel Chapter 38
  3. Gelip çykyş Chapter 10
  4. 1 Selaniklilere haty Chapter 1
  5. Resullaryň Işleri Chapter 1
  6. 1 patyşalar Chapter 7
  7. 1 patyşalar Chapter 9
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *