Read Işaýa Chapter 26 Online
Read Işaýa Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 26
Bap 26
1. Şol gün Ýahuda ýurdunda şu aýdym ýaňlanar: «Bizde güýçli şäher bar, Hudaýyň halas edişi diwarlardyr seňňerler ýalydyr.
2. Derwezeleri açyň, sadyk, dogry millet içeri girsin.
3. Pikiri Özüňe ýönelenleri doly rahatlykda saklaýarsyň, çünki olar Saňa bil baglaýarlar.
4. Rebbe ebedilik bil bagla, çünki Reb Hudaý ebedi Gaýadyr.
5. Tekepbirleri kiçeldýär, beýik şäheri ýykyp, ýer bilen ýegsan edýär ony.
6. Ol şäher ejizleriň aýaklary, mätäçleriň dabanlary bilen basgylanar».
7. Dogrularyň ýoly düzdür. Eý, Adyl Bolan, dogrularyň ýodasyny tekizleýärsiň.
8. Ýa Reb, Hökümleriňiň ýodasynda, biz Saňa intizar, Seniň adyň we ýatlanmagyň ýüregimiziň islegidir.
9. Gije kalbym Seni küýseýär, janym Seni çynlakaý yzlaýar, hökümleriň ýer ýüzündekä, dünýäniň bütin ilaty dogrulygy öwrener.
10. Pisler merhemet gazansalar-da, dogrulygy öwrenmezler, adalatsyzlyk ederler, dogrularyň ýurdunda. Rebbiň şan-şöhratyny görmezler.
11. Ýa Reb, el galdyrdyň, emma ony görmediler. Halkyňa bolan yhlasyňy görüp, utansynlar olar. Duşmanlaryňa niýetlenen ot goý, olary ýuwutsyn.
12. Ýa Reb, rahatlyk berjek Sensiň, ähli eden işlerimizi berjaý eden Sensiň.
13. Ýa Reb, Hudaýymyz, Senden başga hökümdarlar bize agalyk etdiler, emma biz diňe Seniň adyňa hormat goýýarys.
14. Ol hökümdarlar öldi, olar indi ýok, Sen olary jezalandyryp, heläk etdiň, olary hiç kim ýatlamaz asla.
15. Ýa Reb, Sen milleti köpeltdiň! Milleti köpeldip, Özüňe şöhrat gazandyň; ýurduň ähli çäklerini giňeltdiň.
16. Ýa Reb, hasrat içinde seni agtardylar, Senden temmi alanlarynda, pyşyrdap zordan dileg etdiler.
17. Dogurmak pursaty ýakynlaşanda, burgudan ejir çekip, gygyrýan aýal nähili bolsa, biz-de, ýa Reb, Seniň Öňüňde şeýle bolduk.
18. Biz göwreli bolduk, ejir çekdik, emma ýelden başga zat dogurmadyk, ýer ýüzüne ýeňiş getirmedik, dünýäniň ilaty ýykylmady.
19. Emma ölüleriň ýaşar, jesetler direler. Eý, toprak astynda ýatanlar, oýanyň, şatlykdan aýdym aýdyň! Çygyň ertiriň çygy kimindir, ýer ölüleri ýaşaýşa ýetirer.
20. Geliň, eý, halkym, otaglaryňyza giriň-de, içinden ýapyň gapylary! Gazap geçýänçä, az salym gizleniň.
21. Ine, Reb dünýäniň ähli ilatyna etmişleri üçin jeza bermäge Öz mekanyndan çykyp gelýär; ýer üstüne dökülen gany äşgär eder, öldürilenlerini ýaşyrmaz indi.
About Işaýa Chapter 26
Read Işaýa Chapter 26 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 26
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 26 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 26?
Işaýa Chapter 26 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 26 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 27
- Isaya Chapter 13
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 34
- Isaya Chapter 28
- Isaya Chapter 26
- Isaya Chapter 16
Explore More from Köne Äht
- Çölde Chapter 25
- Çölde Chapter 9
- Ýermeýa Chapter 30
- Ýeşuwa Chapter 20
- 1 patyşalar Chapter 10
- 1 patyşalar Chapter 19
- 1 patyşalar Chapter 18