Işaýa Chapter 9

For English

Read Işaýa Chapter 9 Online

Read Işaýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Işaýa 9

Bap 9

1. Muňa garamazdan, azap içindäkiler tükeniksiz tümlükde bolmaz. Geçmişde Ol Zebulun we Naftaly ýurduny peseltdi, emma geljekde Deňiz ýakasyndaky ýoly, Iordanyň aňyrsyny we milletleriň Jelilesini şöhratlandyrar.

2. Uly nur gördi, tümlükde barýan halk; tüm garaňkylykda ýaşaýanlaryň üstlerine nur saçyldy.

3. Milleti köpeltdiň Sen, artdyrdyň olaryň şatlygyn, hasylda şatlanyşlary deý, seniň öňüňde guwanýarlar, olja paýlaşýan deý galkynyşýarlar.

4. Olaryň agyr boýuntyrygyny, gerişlerindäki serdessesini, sütemkeşleriniň hasasyny döwdüň midýanlaryň başyna getiren günüň dek.

5. Söweşdäki esgerleriň ädikleri, ähli gana bulaşan eşikleri, oda taşlanyp ýakylar.

6. Biziň üçin bir çaga doguldy, bir ogul berildi bize, hökümdarlyk onuň gerşinde bolar; Onuň ady Ajaýyp Maslahatçy, Gudratly Hudaý, Ebedi Ata, Parahatlyk Şazadasy bolar.

7. Hökümdarlygy dynuwsyz öser, parahatçylygy tükeniksiz bolar. Dawudyň tagtyndan baky berkarar eder öz patyşalygyny. Patyşalygy adalatlylyk hem dogrulyk bilen goldar. Hökmürowan Rebbiň yhlasy bilen amala aşar bu.

8. Taňry Ýakubyň nesline garşy söz iberdi, ol Ysraýylda berjaý boldy.

9. Bütin halk, Efraýymyň, Samarýanyň ilatlary muny bilerler. Olar tekepbirlik, ýürek buýsanjy bilen şeýle diýýärler:

10. «Kerpiçler ýykyldy, ýöne ýonulan daşlardan gurarys biz, kerkaw agaçlary kesilip taşlandy, ýöne kedr agaçlaryny ekeris biz».

11. Muňa görä Reb Resiniň ýagylaryna onuň garşysyna çykmaga güýç berdi, duşmanlaryny aýaga galdyrdy olaryň,

12. gündogardan aramlylary, piliştlileri gunbatardan. Olar Ysraýyly ýuwdarlar, agyzlaryny açarlar-da. Ýöne Rebbiň gazaby sönmändi şonda-da, eli entek-de jeza bermäge taýyn.

13. Özüne jeza Berene tarap öwrülmedi halk, Hökmürowan Rebbi agtarmady.

14. Şonuň üçin Ysraýyldan başy-da, guýrugy-da, palma şahasyny-da, gamşy-da bir günde kesip taşlar Reb.

15. Ýaşulular hem at-abraýly adamlar-a başdyr, ýalan zady öwredýän pygamberler bolsa guýrukdyr.

16. Ýol görkezýänler bu halky azaşdyrýarlar, olara eýerenler bolsa betbagtçylyga uçraýarlar.

17. Munuň üçin Reb olaryň ýaşlaryna guwanmaz, rehim etmez atasyzyna, dul hatynyna, çünki her kes hudaýsyz hem pis, hemmäniň agzyndan akmak söz çykýar. Bulara garamazdan, Rebbiň gazaby sönmändi, eli şindi jeza bermäge taýyn.

18. Pislik ot kimin ýanýar, çalydyr tikenleri ýalmaýar ol, tokaýyň gür ýerlerini tutaşdyrýar, tüsse al-asmana galýar.

19. Hökmürowan Rebbiň gazabyndan ýurt ýanar, halky ot ýakyp-ýandyrar, hiç kim öz doganyna rehim etmez.

20. Halk onda-munda tapanyny iýer, ýöne şonda-da doýmaz, aç bolar, her kes öz garyndaşynyň etini iýýär.

21. Efraýymy bilen Manaşe biri-birini ýuwudarlar, bilelikde Ýahuda hüjüm edýärler, sönmändi Rebbiň gazaby barybir, entek hem jeza bermäge taýyn eli.

About Işaýa Chapter 9

Read Işaýa Chapter 9 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Işaýa
Chapter: 9
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Işaýa Chapter 9 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Işaýa Chapter 9?

Işaýa Chapter 9 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 9 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Isaya

  1. Isaya Chapter 27
  2. Isaya Chapter 13
  3. Isaya Chapter 14
  4. Isaya Chapter 34
  5. Isaya Chapter 28
  6. Isaya Chapter 26
  7. Isaya Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Işaýa Chapter 20
  2. Işaýa Chapter 55
  3. 1 patyşalar Chapter 2
  4. 2 Şamuwel Chapter 18
  5. Zebur Chapter 50
  6. Eýýup Chapter 33
  7. Işaýa Chapter 4

Related Chapters & Readings

  1. Ýewreýlere haty Chapter 13
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 36
  4. Işaýa Chapter 32
  5. Resullaryň Işleri Chapter 25
  6. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 6
  7. Eýýup Chapter 2
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *