Ýowel Chapter 3

For English

Read Ýowel Chapter 3 Online

Read Ýowel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýowel in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýowel and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Ýowel 3

Bap 3

1. Ynha şonda, Ýahuda bilen Iýerusalimiň öňki abadançylygyny dikelden günlerimde,

2. Men ähli milletleri ýygnap, olary Ýehoşapat jülgesine getirerin, saýlan ysraýyl halkymy milletler arasynda pytradandygy üçin, Men şol ýerde olara höküm çykararyn. Olar Meniň topragymy böldüler,

3. Meniň halkym üçin bije atdylar, oglany loly üçin, gyzy şerap içmek üçin satdylar.

4. Eý, Sur, Sidon we ähli Pilişt welaýatlary, siz kimsiňiz Meniň üçin? Siz Maňa gaýtawul berýärsiňizmi? Eger gaýtawul berýän bolsaňyz, Men siziň edenleriňizi okgunlylyk bilen tizara başyňyza salaryn.

5. Çünki siz Meniň altyn-kümşümi, saýlama hazynamy buthanalaryňyza äkitdiňiz.

6. Siz Ýahuda we Iýerusalim halklaryny öz çäklerinden uzaklaşdyryp, olary grek halkyna satdyňyz.

7. Indi bolsa olary şol ýerden aýaga galdyryp, edenleriňizi öz başyňyza salýan Mendirin.

8. Men siziň oguldyr gyzlaryňyzy Ýahuda halkyna sataryn, ol hem siziň çagalaryňyzy uzakdaky sabalylara satarlar, çünki muny Reb aýtdy.

9. Muny halklar arasynda jar ediň: söweş üçin taýýarlyk görüň, batyrlary aýaga galdyryň, goý, esgerleriň bary jemlensin.

10. Azallaryňyzdan gylyçlar, oraklaryňyzdan naýzalar ýasaň; ejiz «men güýçli» diýsin.

11. Töwerekdäki halklaryň bary, howlugyň, üýşüp ýygnanyň; ýa Reb, aşak indir Öz batyrlaryňy.

12. Goý, milletler galkynsyn, Ýehoşapat jülgesine insin, çünki çar tarapdan gelen milletlere höküm çykarmak üçin, Men şol ýerde oturjak.

13. Oraklaryňyzy işlediň, çünki hasyl ýetişdi; üzüm sokulary doly, Çelekler dolup daşýança basgylaň. Çünki hetden aşdy pislikleri milletleň.

14. Höküm jülgesinde Birgiden mähelle, ägirt mähelle! Çünki Rebbiň güni höküm jülgesine golaýdyr.

15. Günüň, Aýyň ýüzi garalýar, ýyldyzlar hem şöhlesini saçmaýar.

16. Reb gümmürdeýär Siýondan hem seslenýär Iýerusalimden. Asman bilen ýer lerzana gelýär, ýöne Reb Öz halkyna penadyr, hem ysraýyl halky üçin galadyr.

17. Şonda Men Beýik Hudaýyňyzyň mukaddes dagym Siýonda mesgen tutandygymy bilersiňiz. Iýerusalim hem mukaddes bolar, kesekiler ony basyp almaz hiç haçan.

18. Şol gün şeýle bolar: Daglardan täze şerap damar, Baýyrlardan süýt akar, Ýahuda jarlarynyň ählisi Suwdan dolar. Rebbiň öýünden gözbaş ýarylyp, Şitim jülgesiniň gury jarlaryny gandyrar.

19. Weýran bolar Müsür, Döner çöllüge Edom, çünki olar ýahuda halkyna etdiler sütem. Boýadylar topraklaryny bigünä gana.

20. Ýöne baky mesgen bolar Ýahuda, Iýerusalim-de bolar nesilden-nesle.

21. Men alaryn ganlarynyň hununy, hem-de aklamaryn günäni, çünki Reb Siýonda mesgen tutýandyr.

About Ýowel Chapter 3

Read Ýowel Chapter 3 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýowel in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Ýowel
Chapter: 3
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýowel. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Ýowel Chapter 3 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Ýowel Chapter 3?

Ýowel Chapter 3 is part of the Book of Ýowel in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Ýowel Chapter 3 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Eýýup Chapter 5
  5. Zebur Chapter 49
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from ýowel

  1. Ýowel Chapter 1
  2. Ýowel Chapter 2

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 56
  2. Ýermeýa Chapter 44
  3. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 18
  4. Lewiler kitaby Chapter 18
  5. Zebur Chapter 12
  6. Lewiler kitaby Chapter 11
  7. Zebur Chapter 118
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *