Read Ýermeýa Chapter 43 Online
Read Ýermeýa Chapter 43 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Ýermeýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Ýermeýa 43
Bap 43
1. Ýermeýa tutuş halka özleriniň Hudaýy Rebbiň sözlerini, olaryň Hudaýy Rebbiň öz üsti bilen iberen sözleriniň baryny doly ýetirende,
2. Hoşaýanyň ogly Azarýa, Kareýanyň ogly Ýohanan we tekepbir adamlar Ýermeýa şeýle diýdiler: «Sen ýalan sözleýärsiň! Hudaýymyz Reb seni bize: „Mesgen tutmaga Müsüre gitmäň“ diýmek üçin ýollanok.
3. Babyllylar bizi öldürsinler ýa-da Babyla ýesir edip äkitsinler diýip, bizi olaryň eline tabşyrmak üçin Neriýanyň ogly Baruk seni biziň üstümize küşgürýär».
4. Şeýdip, Kareýanyň ogly Ýohanan, goşun serkerdeleriniň hemmesi we tutuş halk Ýahuda ýurdunda ýaşamak babatda Rebbe gulak asmadylar.
5. Kareýanyň ogly Ýohanan we goşun serkerdeleri Ýahuda ýurdunda mesgen tutjak bolup, dargadylan milletlerden gaýdyp gelen Ýahudanyň hemme aman galanlaryny alyp gitdiler.
6. Olaryň arasynda janpenalaryň baştutany Nebuzaradonyň Şapanyň agtygy Ahykamyň ogly Gedalýanyň ýanynda galdyran erkekleri, aýallary, çagalary, patyşanyň gyzlary – ähli adamlary, Ýermeýa pygamber we Neriýanyň ogly Baruk dagy hem bardy.
7. Olar Rebbe gulak asman, Müsür ýurduna gitdiler we Tahpanhese geldiler.
8. Onsoň Tahpanhesde Ýermeýa Rebbiň sözi geldi:
9. «Eliňe uly daşlar al-da, Tahpanhesde fyrownyň köşgüniň girelgesindäki meýdançanyň kerpiçleriniň arasynda göm. Muny ýahudalaryň gözleriniň alnynda et.
10. Onsoň olara Ysraýyl Hudaýy Hökmürowan Reb şeýle diýýär diý: „Ine, Men Babylyň patyşasy bendäm Nebukadnesary bu ýere getirip, tagtyny bu gömen daşlarymyň üstünde guraryn. Nebukadnesar öz şa çadyryny bu daşlaryň üstünde diker.
11. Ol gelip, Müsür ýurduny weýran eder. Ölüme höküm edilen ölüme, sürgüne höküm edilen sürgüne, gylyja höküm edilen hem gylyja berler.
12. Men Müsür hudaýlarynyň buthanalaryny oda ýakaryn. Babyl patyşasy butlaryň käbirini ýandyrar, käbirini-de ýany bilen äkider. Bir çopan öz ýapynjasyny bürelerden nähili tämizleýän bolsa, Müsür ýurduny hem şeýle tämizlär. Soňra Babyl patyşasy ýerden sag-aman çykar.
13. Ol Müsürdäki Gün hudaýynyň buthanasynyň dikme daşlaryny ýykar we Müsür hudaýlarynyň ähli buthanalaryny oda berer“».
About Ýermeýa Chapter 43
Read Ýermeýa Chapter 43 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Ýermeýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Ýermeýa
Chapter: 43
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Ýermeýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Ýermeýa Chapter 43 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Ýermeýa Chapter 43?
Ýermeýa Chapter 43 is part of the Book of Ýermeýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Ýermeýa Chapter 43 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Köne Äht
- Zebur Chapter 130
- Hoşeýa Chapter 1
- Zebur Chapter 51
- Eýýup Chapter 5
- Zebur Chapter 49
- Gelip çykyş Chapter 18
- Zebur Chapter 44
Explore More from ýermeýa
- Ýermeýa Chapter 20
- Ýermeýa Chapter 45
- Ýermeýa Chapter 18
- Ýermeýa Chapter 22
- Ýermeýa Chapter 34
- Ýermeýa Chapter 39
- Ýermeýa Chapter 49