Read Işaýa Chapter 60 Online
Read Işaýa Chapter 60 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 60
Bap 60
1. Tur, parla, nuruň geldi, üstüňde Rebbiň şöhraty dogdy.
2. Ine, ýer ýüzüni garaňkylyk, halklary tüm garaňkylyk bürär; seniň üstüňde bolsa Reb peýda bolar, üstüňde bolar Onuň şöhraty.
3. Milletler yşygyňa gelerler, şalar daňyňyň ýagtysyna.
4. Töwerege ser sal, galdyr başyňy, ählisi üýşüşip, saňa gelýärler. Ogullaryň uzakdan gelerler, gujakda göteriler gyzjagazlaryň.
5. Şonda olary görüp, ýüzüň ýagtylar, şatlykdan tirpildär ýüregiň, çünki baýlyk deňiz üsti bilen saňa getiriler, milletleriň baýlygy saňa geler.
6. Sen düýe sürülerinden, Midýan, Eýpa köşeklerinden dolarsyň; bütin Şeba halky geler. Olar altyndyr ýakymly ysly tütetgi getirip, Rebbe alkyş aýdarlar.
7. Kedaryň ähli sürüleri ýanyňa toplanar, Nebaýotuň goçlary saňa hyzmat ederler, olar gurbanlyk sypamda gurbanlyk hökmünde kabul ediler, şöhratly öýümi şöhratlandyraryn Men.
8. Kimdir bu bulut kimin süýşýänler, höwürtgelerine gögerçin dek uçýanlar?
9. Adalar Maňa umyt baglaýarlar elbetde; Hudaýyň Rebbiň, Ysraýylyň Mukaddesiniň adynyň hatyrasyna Tarşiş gämileri öňürti gelýärler, ogullaryň kümüşdir altynyny özleri bilen getirýärler. Reb seni şöhratlandyrdy.
10. Kesekiler diwarlaryňy dikerler, olaryň şalary saňa hyzmat ederler; gazabymda seni jezalandyrdym, ýöne mährimde rehim etdim saňa.
11. Derwezeleriň açyk bolar mydam, milletleriň öz patyşalarynyň baştutanlygynda baýlyklaryny saňa getirerleri ýaly, gije-gündiz ýapylmaz.
12. Saňa hyzmat etmedik millet we patyşalyk ýok bolar; şol milletler bütinleý weýran ediler.
13. Mukaddes öýümi bezemek üçin Liwanyň baýlygy geler saňa, Aýak basýan ýerimi şöhratlandyrmak üçin serwi, çynar we arça agaçlary saňa getiriler.
14. Saňa ezýet berenleriň nesilleri gelip, tagzym ederler saňa, seni kemsidenleriň ählisi aýagyňa ýykylarlar; saňa Rebbiň şäheri, Ysraylyň Mukaddesiniň Siýony diýer olar.
15. Terk edilip, ýigrenilip, üstüňden hiç kim geçmedi. Indi bolsa Men seni baky beýik, nesilden-nesle şatlyk ederin.
16. Milletleriň süýdüni emersiň, Sorarsyň şalaryň göwsün. Şonda sen Men Rebbiň Halasgäriňdigimi, Penakäriňdigimi, Ýakubyň Gudratlysydygymy bilersiň.
17. Bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin Men; agaç ýerine bürünç, demir bererin daş ýerine. Parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin.
18. Ýurduňda mundan beýläk zorluk, serhetleriň içinde weýrançylyk, gyrgynçylyk bolmaz; Hudaý halas edýär, alkyş bolsun Hudaýa.
19. Mundan beýläk gündüzine Gün yşygyň bolmaz, gijesine Aý saňa yşyk bermez; çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, şöhratyň öz Hudaýyň bolar.
20. Mundan beýläk Günüň batmaz, Aýyň ýaşmaz, çünki Reb seniň ebedi nuruň bolar, ýasly günleriň tamam bolar.
21. Bütin halkyň dogruçyl bolar, olar ýurdy baky eýelärler, Özümiň şöhratlanmagym üçin, eken nahalym, ellerimiň işidir olar.
22. Olaryň iň azy urug bolar, güýçli millet bolar iň ejizi; Men—Reb muny öz wagtynda tiz amal ederin.
About Işaýa Chapter 60
Read Işaýa Chapter 60 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 60
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 60 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 60?
Işaýa Chapter 60 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 60 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 1
- Isaya Chapter 2
- Isaya Chapter 6
- Isaya Chapter 3
- Isaya Chapter 7
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 8
Explore More from Köne Äht
- 2 Şamuwel Chapter 22
- 1 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 6
- 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 34
- Zakarýa Chapter 11
- Ýeşuwa Chapter 4
- 1 patyşalar Chapter 19
- Zebur Chapter 95