Read Işaýa Chapter 14 Online
Read Işaýa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Işaýa and the Holy Bible online.
Choose a Chapter
Işaýa 14
Bap 14
1. Emma Reb Ýakubyň nesline rehim eder, Ysraýyly ýene saýlar we olary öz ýurdunda ornaşdyrar. Kesekiler olara goşulyp, ysraýyl halkyna birleşerler.
2. Halklar ysraýyllary öz ýerlerine alyp gelerler. Ysraýyl halky Rebbiň beren ýurdunda başga halklary özlerine gulgyrnak ederler; özlerini ýesir edenleri ýesir edip, özlerine zulum edenleriň üstünden agalyk sürerler.
3. Reb sizi yzaňyzdan, gaýgyňyzdan we çeken agyr işiňizden azat edende,
4. Babyl patyşasyna şu tymsaly aýdarsyňyz: «Ine, zulumkeşiň soňy geldi! Onuň tekepbirligi tamam boldy!
5. Reb pisleriň taýagyny, hökümdarlaryň hasasyny döwdi.
6. Ol halklara gazaply, üznüksiz zarbalar urdy, milletleri gazap bilen, dynuwsyz zulum bilen dolandyrdy.
7. Bütin dünýä dynçlykda, rahatlykda; olar aýdyma başlaýarlar.
8. Serwiler we Liwanyň kedr agaçlary üstünden şatlanyp, şeýle diýýärler: „Aýak astyna düşeliň bäri, hiç kim bizi çapmaga gelmeýär"».
9. Sen gelýärkäň ölüler dünýäsi garşylamaga howlugýar; ol seniň üçin ölüleri, ýer ýüzüniň ähli başlyklaryny oýarýar; milletleriň ähli şalaryny tagtlaryndan turuzýar.
10. Olaryň hemmesi saňa: «Sen-de biz ýaly ejizlediň, bize meňzediň!» diýerler.
11. Şan-şöhratyň, arfalaryň sesi ölüler dünýäsine inderildi; astyňa gurtlar düşeldi, üstüň gurçuklara büreldi.
12. Eý, parlak ýyldyz, daň ogly, gökden nähili gaçdyň! Eý, milletleri ýeňen sen, indi özüň ýere ýykyldyň!
13. Sen ýüregiňde diýdiň: «Göklere çykaryn, tagtymy Hudaýyň ýyldyzlaryndan ýokarda goýaryn. Jemagatyň toplanan dagynda, Zafon dagynda oturaryn.
14. Bulutlaryň depesine çykaryn, Allatagala ýaly ederin özümi».
15. Emma sen ölüler dünýäsine, gabryň düýbüne inderilersiň.
16. Görenler çiňerlip serederler saňa, sen hakda oýlanyp, şeýle diýerler: «Ýeri sarsdyran, patyşalyklary titreden,
17. dünýäni çöle dönderen, şäherleri ýer bilen ýegsan eden, ýesirleri öýlerine goýbermedik şumy?»
18. Milletleriň patyşalarynyň ählisi, Hersi öz gabrynda, şöhrat içinde ýatyr.
19. Emma terk edilen çaga kimin gabryňdan daşary atyldyň; gylyçdan geçirilen, gabryň daşly düýbüne atylan jesetler bilen örtülýärsiň. Aýak astynda depelenen maslyk deý,
20. beýleki şalar ýaly jaýlanmarsyň; çünki sen öz ýurduňy weýran etdiň, öz halkyňy gyrdyň. Pislik edýänleriň nesli asla ýatlanmasyn!
21. Atalarynyň etmişleri zerarly, ogullaryny öldürmäge taýynlaň, olar galyp, dünýäni eýelemesinler, ýer ýüzüni şäherlerden doldurmasynlar.
22. Hökmürowan Reb yglan edýär: «Men olara garşy galaryn, Babylyň adyny, aman galanlaryny, ogullaryny we nesillerini ýok ederin. Muny Reb diýýär».
23. Hökmürowan Reb: «Ony baýguşhana, batgalyga öwrerin, heläkçilik sübsesi bilen süpürerin» diýýär.
24. Hökmürowan Reb ant içip, şeýle diýýär: «Nähili niýet eden bolsam, şeýle-de bolar, näme karara gelen bolsam, şol-da amala aşar.
25. Aşurlylary Öz ýurdumda syndyraryn, daglarymda olary aýak astyna alaryn; olaryň boýuntyrygy halkymdan aýrylar, ýükleri halkymyň gerdeninden düşüriler».
26. Bütin dünýä hakda edilen karar budur, ähli milletlere tarap uzan el budur.
27. Hökmürowan Reb karar etdi, kim Oňa päsgel berip biler? Ol elini uzatdy, kim ony yzyna öwrüp biler? Piliştlilere garşy pygamberlik
28. Ahaz patyşanyň ölen ýyly şu pygamberlik geldi:
29. «Özüňizi uran taýak döwüldi diýip şatlanmaň, eý, piliştliler! Ýylan tohumyndan kepjebaş dörär, onuň miwesi-de uçýan mähnet ýylan bolar.
30. Garyplaryň garyby doýar, mätäçler howpsuzlykda ýatarlar, emma seniň köküňi açlykdan ýaňa gyraryn, aman galanlaryňyz-da ölersiňiz.
31. Perýat et, eý, derweze! Nala çek, eý, şäher! Eý, piliştliler, gorkudan eräň! Demirgazykdan tüsse çykýar, goşun hatar-hatar bolup gelýär».
32. Milletiň çaparlaryna näme jogap berler? Reb Siýony bina etdi, Halkynyň mätäçleri onda pena taparlar.
About Işaýa Chapter 14
Read Işaýa Chapter 14 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Işaýa in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.
Book Information
Book: Işaýa
Chapter: 14
Testament: Old Testament
How to Read this Chapter
Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Işaýa. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.
More Resources
Continue Reading the Bible
Continue reading Işaýa Chapter 14 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.
Frequently Asked Questions
What is Işaýa Chapter 14?
Işaýa Chapter 14 is part of the Book of Işaýa in the Holy Bible.
Can I read this chapter online?
Yes. You can read the complete Işaýa Chapter 14 online for free with easy chapter navigation.
More Chapters from Isaya
- Isaya Chapter 1
- Isaya Chapter 2
- Isaya Chapter 6
- Isaya Chapter 3
- Isaya Chapter 7
- Isaya Chapter 14
- Isaya Chapter 5
Explore More from Köne Äht
- Gelip çykyş Chapter 42
- Zebur Chapter 20
- Süleýmanyň pähimleri Chapter 5
- Müsürden çykyş Chapter 14
- Gelip çykyş Chapter 12
- Işaýa Chapter 15
- Zebur Chapter 70