Lewiler kitaby Chapter 17

For English

Read Lewiler kitaby Chapter 17 Online

Read Lewiler kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of Lewiler kitaby and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

Lewiler kitaby 17

Bap 17

1. Reb Musa şeýle diýdi:

2. «Haruna, onuň ogullaryna we bütin ysraýyl halkyna aýt, Meniň olara tabşyrygym şeýledir:

3. „Eger ysraýyllardan biri öküzçäni, guzyny ýa-da geçini Rebbe gurbanlyk hökmünde hödürlemek üçin, ýüz tutulýan çadyrynyň agzyna getirmän, onuň özi gurbanlyk malynyň damagyny düşelgäniň içinde ýa-da daşynda çalsa, ol kanuny bozandyr. Çünki ol gurbanlyk malynyň ganyny haram ýere dökdi we şonuň üçin-de ol halkdan çetleşdirilsin.

5. Bu tabşyryk ysraýyl halkynyň açyk meýdanda gurbanlyklar bermegini togtadar. Bu ysraýyl halkynyň öz gurbanlyklaryny Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky ruhana getirip bermegi üçindir. Ruhany ol gurbanlyklary Rebbe salamatlyk gurbanlyklary hökmünde hödür eder.

6. Ruhany gany Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyndaky Rebbiň gurbanlyk sypasyna serpsin we ýagy Rebbe ýakymly ys çykarmak üçin ýaksyn.

7. Ysraýyl halky mundan beýläk Rebbe ikilik edip, gurbanlyklaryny but erkeçlerine hödür etmesinler. Bu olara nesilden-nesle ebedilik parz bolsun“».

8. Mundan başga-da olara şuny tabşyr: «Ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri ýakma gurbanlyk ýa-da islendik başga gurbanlyk berip, ony Rebbe hödür etmek üçin, Rebbe ýüz tutulýan çadyryň agzyna getirmese, ol adam öz halkyndan çetleşdirilsin.

10. Eger ysraýyl halkyndan ýa-da olaryň arasynda ýaşaýan gelmişeklerden biri gan iýse, Men ondan ýüz öwrerin we ony öz halkyndan çetleşdirerin.

11. Çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Şoňa görä-de Men gany size gurbanlyk sypasynda janlaryňyzy günäleriňizden saplamagyňyz üçin berdim, çünki sizi günäleriňizden saplaýan gandyr».

12. Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Siziň hiç biriňiz ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden hiç biri gan iýmesin.

13. Ysraýyl halkyndan ýa-da araňyzda ýaşaýan gelmişeklerden biri iýilýän haýwany ýa-da guşy awlasa, ol onuň ganyny akdyryp, üstüni toprak bilen basyrsyn.

14. Çünki her bir jandaryň jany – ganyndadyr». Şonuň üçin Men ysraýyl halkyna şeýle diýdim: «Hiç bir jandaryň ganyny agzyňyza almaň, çünki her bir jandaryň jany – onuň ganyndadyr. Ony iýen Meniň halkymdan çetleşdirilsin.

15. Ähli kişiler – ýerli halkdygyna ýa-da gelmişekdigine garamazdan, haram ölen ýa-da ýyrtyjylaryň parçalan haýwanynyň etini iýenler geýimlerini ýuwsunlar, suwa düşünsinler. Olar agşama çenli haramdyrlar we soňra tämiz bolarlar.

16. Eger olar geýimlerini ýuwmasalar ýa-da suwa düşmeseler, onda ol öz jezasyny çekmeli». ‎

About Lewiler kitaby Chapter 17

Read Lewiler kitaby Chapter 17 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of Lewiler kitaby in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: Lewiler kitaby
Chapter: 17
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading Lewiler kitaby. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading Lewiler kitaby Chapter 17 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is Lewiler kitaby Chapter 17?

Lewiler kitaby Chapter 17 is part of the Book of Lewiler kitaby in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete Lewiler kitaby Chapter 17 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from Köne Äht

  1. Zebur Chapter 130
  2. Hoşeýa Chapter 1
  3. Zebur Chapter 51
  4. Zebur Chapter 49
  5. Eýýup Chapter 5
  6. Gelip çykyş Chapter 18
  7. Zebur Chapter 44

Explore More from lewiler-kitaby

  1. Lewiler kitaby Chapter 7
  2. Lewiler kitaby Chapter 14
  3. Lewiler kitaby Chapter 9
  4. Lewiler kitaby Chapter 6
  5. Lewiler kitaby Chapter 18
  6. Lewiler kitaby Chapter 21
  7. Lewiler kitaby Chapter 26

Related Chapters & Readings

  1. Lukanyň Hoş Habary Chapter 21
  2. Ýermeýa Chapter 16
  3. 1 Selaniklilere haty Chapter 3
  4. Ezekiýel Chapter 3
  5. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 31
  6. Zakarýa Chapter 10
  7. 1 Selaniklilere haty Chapter 4
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *