2 patyşalar Chapter 21

For English

Read 2 patyşalar Chapter 21 Online

Read 2 patyşalar Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 patyşalar 21

Bap 21

1. Manaşe patyşa bolanda on iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde elli bäş ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesiniň ady Hepsibady.

2. Rebbiň ysraýyllaryň arasyndan kowup çykaran milletleriniň eden nejis işleri ýaly Manaşe hem Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi

3. Manaşe kakasy Hizkiýanyň ýok eden sežde edilýän ýerlerini täzeden dikeltdi. Ol Ysraýyl patyşasy Ahabyň edişi ýaly, Bagal but üçin gurbanlyk sypalaryny gurup, Aşera butlaryny dikdi. Ol ähli asman jisimlerine sežde edip, şolara gulluk etdi.

4. Ol Rebbiň: «Iýerusalimde maňa ybadat ediler» diýen Rebbiň öýünde butlar üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

5. Manaşe Rebbiň öýüniň iki howlusynda ähli asman jisimleri üçin gurbanlyk sypalaryny bina etdi.

6. Manaşe ogluny otdan geçirdi, gözbagçylyk we täleýe garamaklyk bilen meşgullandy. Ol palçylyk, jadygöýlik bilen iş salyşdy. Ol Rebbiň gaharyny getirip, Onuň nazarynda köp ýigrenji işleri etdi.

7. Manaşe ýasan oýma Aşera butuny Rebbiň öýünde goýdy. Bu öý Rebbiň Dawuda we onuň ogly Süleýmana: «Maňa şu öýde we bütin Ysraýyl tirelerinden seçip alan şäherim Iýerusalimde ybadat ediler.

8. Eger olar meniň ähli tabşyryklarymy we gulum Musanyň olara tabşyran kanunyny berjaý etseler, Men mundan beýläk ysraýyl halkyny atalaryna beren ýurdumdan daşary çykartmaryn» diýen öýüdi.

9. Emma olar muňa gulak asmadylar. Manaşe halky şeýle bir azdyrdy welin, olar Rebbiň ysraýyl halkynyň öňünden kowup çykaran milletlerinden hem köp pis işleri etdiler.

10. Reb Öz gullary pygamberler arkaly şeýle diýdi:

11. «Ýahuda patyşasy Manaşe nejis işleri bilen özünden ozalky amorlaryň eden işlerinden-de has beter pis işleri etdi we öz butlary bilen Ýahuda günä etdirdi.

12. Şonuň üçin-de Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär: „Ine, Men Iýerusalimiň we Ýahudanyň başyna şeýle bir betbagtçylyk getirerin welin, ol barada eşiden her kişiniň ýüregi ýarylar.

13. Men Samarýanyň we Ahabyň nesilleriniň başyna nähili günleri salan bolsam, Iýerusalimiň başyna-da şol günleri salaryn. Bir kişiniň gap-çanagy süpürip, arassalap, düňderip goýşy ýaly, Men-de Iýerusalimi syryp-süpürip ýok ederin.

14. Mirasymdan – ysraýyllardan aman galanlary taşlaryn-da, olary duşmanlarynyň eline bererin. Olar ähli duşmanlaryna talaň we olja bolarlar.

15. Çünki olar Meniň ýigrenýän işlerimi edip, atalarynyň Müsürden çykan gününden, tä şu güne çenli Meni gazaplandyryp geldiler.“»

16. Manaşe ýahudalara günä etdirip, olar Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdiler. Munuň üstesine-de, Manaşe Iýerusalimi boýdan-başa bigünä gandan doldurdy.

17. Manaşeniň galan işleri we ähli eden işleri, günäleri barada ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

18. Manaşe ata-babalaryna gowuşdy. Ol öz köşgüniň bagy bolan Uza bagynda jaýlandy. Ogly Amon onuň ýerine patyşa boldy.

19. Amon patyşa bolan wagty ýigrimi iki ýaşyndady. Ol Iýerusalimde iki ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Meşullemet ýotbaly Harusyň gyzydy.

20. Amon kakasy Manaşe ýaly Rebbiň nazarynda ýigrenji işleri etdi.

21. Ol kakasynyň ýörän ýollaryndan ýöräp, onuň sežde eden butlaryna sežde edip, şolara gulluk etdi.

22. Amon atalarynyň Hudaýy Rebbi terk edip, Onuň yzyna eýermedi.

23. Amonyň nökerleri oňa garşy dildüwşük gurap, ony öz köşgünde öldürdiler.

24. Emma ýurduň ilaty Amon patyşa garşy dildüwşük guranlaryň baryny öldürip, onuň ýerine ogly Ýoşyýany patyşa etdi.

25. Amonyň beýleki işleri ýahuda patyşalarynyň ýyl ýazgylarynda ýazylandyr.

26. Ol Uza bagynda, öz guburynda jaýlandy. Onsoň ogly Ýoşyýa onuň ýerine patyşa boldy.

About 2 patyşalar Chapter 21

Read 2 patyşalar Chapter 21 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 patyşalar
Chapter: 21
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 patyşalar Chapter 21 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 patyşalar Chapter 21?

2 patyşalar Chapter 21 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 21 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-patyşalar

  1. 2 patyşalar Chapter 1
  2. 2 patyşalar Chapter 13
  3. 2 patyşalar Chapter 14
  4. 2 patyşalar Chapter 11
  5. 2 patyşalar Chapter 8
  6. 2 patyşalar Chapter 4
  7. 2 patyşalar Chapter 22

Explore More from Köne Äht

  1. Ýermeýa Chapter 47
  2. Kanun taglymaty Chapter 3
  3. Ýowel Chapter 3
  4. Çölde Chapter 15
  5. Ezekiýel Chapter 20
  6. Lewiler kitaby Chapter 13
  7. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 13

Related Chapters & Readings

  1. Zebur Chapter 54
  2. Müsürden çykyş Chapter 17
  3. Sepanýa Chapter 1
  4. Ýahýanyň Hoş Habary Chapter 14
  5. Zebur Chapter 147
  6. 2 Ýyl ýazgylarynyň kitaby Chapter 20
  7. Ezekiýel Chapter 7
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *