2 patyşalar Chapter 22

For English

Read 2 patyşalar Chapter 22 Online

Read 2 patyşalar Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Browse every verse with easy chapter navigation, continue to the next chapter, or explore the complete Book of 2 patyşalar and the Holy Bible online.

Choose a Chapter

2 patyşalar 22

Bap 22

1. Ýoşyýa patyşa bolan wagty sekiz ýaşyndady. Ol Iýerusalimde otuz bir ýyl patyşalyk etdi. Onuň ejesi Ýedida boskatly Adaýanyň gyzydy.

2. Ýoşyýa Rebbiň nazarynda dogry işleri etdi. Ol saga-sola sowulman, atasy Dawudyň ýollaryndan ýöredi.

3. Ýoşyýanyň patyşalygynyň on sekizinji ýylynda patyşa Asalýanyň ogly, Meşullamyň agtygy Şapan kätibini şeýle tabşyryk bilen Rebbiň öýüne iberdi:

4. «Baş ruhany Hilkiýanyň ýanyna bar-da, oňa gapy sakçylarynyň halkdan ýygnap, Rebbiň öýüne getiren kümşüniň baryny sana diý.

5. Goý, ol kümüş Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline berilsin.

6. Baştutanlar hem bu kümşi Rebbiň öýüni bejerýän işçilere, agaç ussalaryna we daş örüjilere hem-de beýleki gurluşykçylara bersin. Goý, olar bu kümşi Rebbiň öýüni bejerer ýaly agaç we ýonulan daş satyn almak üçin ulansynlar.

7. Emma olaryň eline berlen kümşüň hetdi-hasaby soralmasyn, çünki olar sadyklyk bilen işleýärler».

8. Baş ruhany Hilkiýa Şapan mürzä: «Men Rebbiň öýünden Töwrat kitabyny tapdym» diýdi. Hilkiýa kitaby oňa berdi, ol hem bu kitaby okady.

9. Onsoň Şapan kätip patyşanyň ýanyna gelip: «Seniň gullaryň Rebbiň öýündäki bar kümşi boşadyp, Rebbiň öýüniň işine bellenen baştutanlaryň eline beripdirler» diýip, bar zady oňa habar berdi.

10. Şapan kätip patyşa ýene: «Hilkiýa ruhany maňa bir kitap berdi» diýdi. Onsoň ol kitaby alyp, patyşa sesli okap berdi.

11. Patyşa Töwrat kitabynyň sözlerini eşidip, ýakasyny ýyrtdy.

12. Onsoň patyşa Hilkiýa ruhana, Şapanyň ogly Ahykama, Mikaýanyň ogly Akbora, Şapan mürzä we öz hyzmatkäri Asaýa şeýle tabşyryk berdi:

13. «Bar-da, tapylan bu kitapdaky aýdylýan sözlere görä meniň üçin, meniň halkym bolan bütin ýahuda halky üçin Rebden soraň, çünki Rebbiň bize garşy lowlaýan gazaby gaty güýçlüdir. Biziň atalarymyz bu kitabyň biziň üçin ýazylan sözlerini berjaý etmediler».

14. Şeýdip, Hilkiýa ruhany, Ahykam, Akbor, Şapan we Asaýa Hulda pygamber aýalyň ýanyna gitdiler. Hulda egin-eşik sakçysy Harhasyň agtygy, Tikwanyň ogly Şallumyň aýalydy. Ol aýal Iýerusalimiň ikinji bölüminde ýaşaýardy.

15. Hulda olara Ysraýyl Hudaýy Reb şeýle diýýär diýdi: «Sizi meniň ýanyma iberen adama

16. Reb şeýle diýýär diýiň: „Men Ýahuda patyşasynyň bu kitapda okan zatlaryna görä hökman bu ýere we bu ýerde ýaşaýanlaryň başyna bir betbagtçylyk indererin.

17. Olaryň Meni terk edip, başga hudaýlara ýakymly ysly tütetgi ýakyp, öz pis işleri bilen Meniň gaharymy getirendikleri üçin Meniň bulara bolan gaharym has tutaşdy, ol indi hiç haçan sönmez“.

18. Emma Rebden soramak üçin sizi şu ýere ýollan Ýahuda patyşasyna Ysraýyl Hudaýy Rebbiň eşidilen sözler barada şeýle diýýändigini aýdyň:

19. „Meniň bu ýurdy weýran edip, onuň ýaşaýjylaryny näletlemek baradaky sözlerimi eşideniňde, seniň ýüregiň ýumşaşdy. Özüňi Rebbiň öňünde kiçeltdiň, ýakaňy ýyrtyp, öňümde dady-perýat etdiň. Şonuň üçin Men seniň dilegiňi eşitdim.

20. Indi Men seni atalaryňyň ýanyna ýygnaryn, sen asudalyk bilen öz gabryňa girersiň. Meniň bu ýere getirjek betbagtçylygymy sen görmersiň“». Olar bu habary patyşa ýetirdiler.

About 2 patyşalar Chapter 22

Read 2 patyşalar Chapter 22 online from the Holy Bible. This chapter is part of the Book of 2 patyşalar in the Old Testament. Continue reading with the chapter navigation above or explore the complete book.

Book Information

Book: 2 patyşalar
Chapter: 22
Testament: Old Testament

How to Read this Chapter

Use the Previous and Next Chapter buttons to continue reading 2 patyşalar. You can also adjust the font size for comfortable reading and browse other books of the Bible using the navigation links.

https://www.youtube.com/watch?v=rzsT_Q3KLzE

More Resources

Continue Reading the Bible

Continue reading 2 patyşalar Chapter 22 and explore every book, chapter and verse of the Holy Bible. Use the navigation links above and below to move through the Scriptures with ease.

Frequently Asked Questions

What is 2 patyşalar Chapter 22?

2 patyşalar Chapter 22 is part of the Book of 2 patyşalar in the Holy Bible.

Can I read this chapter online?

Yes. You can read the complete 2 patyşalar Chapter 22 online for free with easy chapter navigation.

More Chapters from 2-patyşalar

  1. 2 patyşalar Chapter 1
  2. 2 patyşalar Chapter 13
  3. 2 patyşalar Chapter 8
  4. 2 patyşalar Chapter 4
  5. 2 patyşalar Chapter 3
  6. 2 patyşalar Chapter 2
  7. 2 patyşalar Chapter 14

Explore More from Köne Äht

  1. Ýermeýa Chapter 6
  2. Zebur Chapter 43
  3. Zebur Chapter 51
  4. Işaýa Chapter 41
  5. Ezekiýel Chapter 23
  6. Işaýa Chapter 39
  7. Ysraýyl serdarlary Chapter 16

Related Chapters & Readings

  1. Süleýmanyň pähimleri Chapter 22
  2. Zebur Chapter 51
  3. Wagyz kitaby Chapter 10
  4. Efeslilere haty Chapter 3
  5. Ester Chapter 8
  6. Zakarýa Chapter 12
  7. Ýermeýa Chapter 14
Share Your Love

Leave a Reply

Your email address will not be published. Required fields are marked *